dream_
11.04.2024 15:50
Bir adam ýekşenbe güni bir hepdäniň ýadawlygyny çykarmak üçin, ir säher bilen gazedini eline alyp, uzakly gün hiç zat etmän öýde oturmagy meýilleşdiripdir.
Şol pursat ogly ylgap gelip, kino haçan gitjekdiklerini sorapdyr. Kakasy ogluna söz beren eken. Emma kakasy daşary çykmagy islemändir. Gazediň arkasyndaky dünýä kartasyna gözi düşüpdir. Öňürti kartany bölek-büçek edipdir we ogluna: "Eger bu kartany düzetseň, seni kino alyp giderin" diýipdir. 10 minutdan soňra ogly kakasynyň ýanyna ylgap gelipdir we:
–Kaka kartany düzetdim, indi kino giders.
Kakasy ilki bada ynanmandyr. Seretse karta büs-bütin. "Nähili başardyň?" diýip sorapdyr. Oglunuň beren jogaby täsindi:
– Kartanyň arkasynda bir adam bar eken. ADAMY DÜZETDİM, DÜNÝÄ ÖZ-ÖZÜNDEN DÜZELDİ.
28
114
dream_
07.02.2024 08:31
Wagt näçe ýakymly geçirilse çalt gutarýar we näçe agyr sarp edilse, şonça-da uzak dowam edýär. Edil şonuñ ýaly-da, hezil eden wagtymyz däl-de içgysgynç wagtymyz habarly bolýarys. Durmuşyñ in bagtly pursady, barlygymyzy iñ az bilýän pursadymyzdyz...
28
103
dream_
31.01.2024 23:16
Puşmanlyk sebäpli dälde,
şowsuz umytlar sebäpli ölýäris.



Honorè De Balzac
26
57
dream_
25.01.2024 21:20
Dil we edebiýat islendik halkyň, milletiň taryhyny açyp görkezýär. Çeper söz bilen islendik ýaşdaky adamy maýyl edip bolýar. Döredijilik dünýäsiniň gapysyny açmadyk adam ýokdur. Söz baýlygy, dil baýlygy ynsany kämillige atarýar. Men hem etnologiýa ylmyna (Halklaryň gelip çykyşy) degişli kitaby okap ugranymda dünýäde 2022-nji ýylyň hasabyna görä 7151 diliň barlygyny, 142 sany dil maşgalalarynyň barlygyny öwrendim. Ýer ýüzüniň 3/2 bölegi bary ýogy şonuň 40 dilinde gepleşýärler.

BMG-nyň resmi dilleri diýlip hasaba alnan bary ýogy 6 sany dil bar. Olar: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleri. Dünýä dilleriniň owadanlygy barada aýdanymyzda bolsa filologlaryň pikirine görä iň owadan diller: türk, arap, portugal, koreý, hytaý, ukrain dilleri hasaplanýar. Iňlis dili takyk, anyk, rus dili bolsa talaba laýyk dil hasaplanýar. Käbir alymlaryň pikirine görä hindi, pars, gruzin dilleri owadan diller hasaplanýar. Söz baýlygy ýa-da ulanylýan sözleriniň köplügi boýunça grek dili 5 mln-dan gowrak sözi bilen dünýäniň iň baý dili hasaplansa, iňlis dilinde bary-ýogy 500 müň söz ulanylýar. Dünýäde iň köp ulanylýan we öwrenmesi aňsat dil hem iňlis dilidir. Edil şonuň ýaly dili öwreniji alymlar tarapyndan öwrenilmesi iň aňsat dilleriň sanawy degişlilikde: iňlis, ispan, italýan, fransuz, portugal, pol, grek dilleridir. Bu bolsa Ýewropa sebitiniň käbir sözleriniň meňzeşligi umumy ulanylýan sözlerdigi bilen düşündirilýär.

Ýer ýüzüniň ilatynyň:

1.1,452 mlrd adamy – iňlis dilinde,
2.1,2 mlrd adamy – hytaý dilinde,
3.602 mln adamy – hindi dilinde
4.534 mln adamy – ispan dilinde
5.372 mln adamy – arap dilinde gürleşýärler.

Hoşowaz BAÝHANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

ashgabat.in
28
68
dream_
24.01.2024 11:05
🔸Dünýäde iň meşhur miwe pomidor bolup durýar.


🔸Greýfrut şiresi bilen derman içseňiz, ölüm howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz!


🔸Bal gün görmese zaýalanmaýan iýmitdir.


🔸Kawaý diýlip atlandyrylýan hoz, kawaý miwesiniň baldagydyr. Başgaça aýdylanda, miwäniň özi däl-de onuň sapaklary iýmit hökmünde sarp edilýär.


🔸Peýnir we gara şokolad dişiň çüýremeginiň öňüni alýan iki gudratdyr.


🔸Peýniri kadaly sarp etmek maslahat berilýär. Aşa köp iýmek peýnir iýmek endigini döredýär.


🔸Garpyzy gowrup ýa-da gril ýaly edip iýip bolýar.


🔸Tagam duýgusy esasan reňkler bilen baglanyşyklydyr.


🔸Ýertudananyň sapagyny aýryp ony has aňsat iýip bilersiňiz.


🔸Ukudan oýananyňyzda kofäniň ýerine alma iýseňiz, has çalt oýanyp bilersiňiz.


Güljahan ANNADURDYÝEWA


Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby


ashgabat.in
37
220
dream_
19.01.2024 22:27
Gözüňizi özüňize öwüriň we özüňizi tanamaga synanyşyň.
Bu almasy iň kyn maglumatdyr.

| Mark Twain
23
47
dream_
dream_
06.05.2023 15:10
Ilkinji ýalñyşlygymyz...
dream_
dream_
05.05.2023 12:50
Görmedik baglaryñ gözel ýalydyr Görmedik ýurtlaryñ täsin ýalydyr Geñ-tañ işler bolup geçýär dünýäde, Gözler mydam görmediginiñ zarydyr. G. Ezizow
dream_
04.05.2023 16:09
Ýamanlyklar adamyñ ýüzünde görünsedi, aýnalar satylmazdy!

Peter Ustinow
35
115
dream_
dream_
10.04.2023 09:34
Insanlar da kitaplar gibidir. Kapağına bakıp aldanmayın, gerçek değerini okumaya başlayınca anlarsınız. ~Mevlana Adamlar hem kitaplar ýalydyr. Daşyndan seredip aldanmañ, onuñ hakyky gymmatyny okap