dream_
11.04.2024 15:50
Bir adam ýekşenbe güni bir hepdäniň ýadawlygyny çykarmak üçin, ir säher bilen gazedini eline alyp, uzakly gün hiç zat etmän öýde oturmagy meýilleşdiripdir.
Şol pursat ogly ylgap gelip, kino haçan gitjekdiklerini sorapdyr. Kakasy ogluna söz beren eken. Emma kakasy daşary çykmagy islemändir. Gazediň arkasyndaky dünýä kartasyna gözi düşüpdir. Öňürti kartany bölek-büçek edipdir we ogluna: "Eger bu kartany düzetseň, seni kino alyp giderin" diýipdir. 10 minutdan soňra ogly kakasynyň ýanyna ylgap gelipdir we:
–Kaka kartany düzetdim, indi kino giders.
Kakasy ilki bada ynanmandyr. Seretse karta büs-bütin. "Nähili başardyň?" diýip sorapdyr. Oglunuň beren jogaby täsindi:
– Kartanyň arkasynda bir adam bar eken. ADAMY DÜZETDİM, DÜNÝÄ ÖZ-ÖZÜNDEN DÜZELDİ.
28
114
ideallider
11 Aprel 2024
Başgaça pikirlenmegi öwrenmeli👍
ayymsha
11 Aprel 2024
Nähili manyly söz 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.