dowletmyrat1990
01.08.2023 23:28

Durmuş uly bir sahna ýaly zat, onda her kim öz düşünjesi ýaly ylym-bilimine, dünýä garaýşyna görä rol berilýär. Ol roly sen nähili ýerine ýetirýändigiňi Alla synlap otyr, ynsaply hereket edýändigiňi barlaýar. Ýöne durmuş sahnasynyň teatr sahnasyndan tapawutly tarapy bar.Durmuş sahnasynda teatryň sahnasy ýaly repetisiýa diýen zat ýok, ol diňe bir gezek oýnalýar.


W.Şekspir.

20
71
dowletmyrat1990
25.07.2023 00:41

Durmuş güýçlileriň aýak üstüne galyp bilýändiklerini subut etmek maksady bile olary dyza çökerýär. Gowşaklara bolsa degmeýärler çünki olar bary bir dyza çökük halyndadyrlar.

26
97
dowletmyrat1990
24.07.2023 00:08

Özüniň bilýändigini bilýäniň yzyna düşüň, özüniň bilýändigini bilmeýäne duýduryň, özüniň bilmeýändigini bilýäne öwrediň, özüniň bilmeýäninden gaçyň.

20
81
dowletmyrat1990
23.07.2023 00:11

BAGT



Bir gün gelip senden gideýin diýdi


Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.


Men özgäni bagtly edeýin diýdi,


Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.



Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,


Ötegçi şemaly saklanok baglar.


Gujagyndan güwläp gaýdan derýany


Goýbermän saklajak bolanok daglar.


Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,


Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!


Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,


Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

24
142
dowletmyrat1990
22.07.2023 01:34

Terbiýe we bilim aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim bermezden terbiýelemek mümkin däl, ýöne islendik bilim terbiýe bilen bagly berlende kämildir.

L.Tolstoý.

27
79
dowletmyrat1990
21.07.2023 00:04

Gutaran söýgüniň yzyndan başlan täze bir söýgi yşk däl-de, duýgularyny köşeşdirmek üçin gazanylýan galp ylalaşykdyr.

25
315
dowletmyrat1990
20.07.2023 00:06

Ýerinde goýulmadyk söz başga mana eýe bolýar, ýerinde goýulmadyk pikir başga hili täsir döredýär.

Roskal Blýoz.

17
46
dowletmyrat1990
18.07.2023 17:56

Ýaşamagyň maksady şundan ybarat: ýaşap ýörkäň dünýäde hemişelik yz

goýmagyň gamyny iýmekdir.

21
71
dowletmyrat1990
17.07.2023 01:18

" Шафер " sözüniň gelip çykyşy näme ?

(Sürüji däl, sürüji "Вадитэл" bolýar.)

15
228
dowletmyrat1990
16.07.2023 00:26

Durmuşda, aýdyň pikir ýöretmän, islän zadyny gürleýän adamlar, islemeýän sözlerini eştmeli bolýarlar.


Döwletýar

18
70