dowletmyrat1990
23.07.2023 00:11

BAGT



Bir gün gelip senden gideýin diýdi


Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.


Men özgäni bagtly edeýin diýdi,


Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.



Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,


Ötegçi şemaly saklanok baglar.


Gujagyndan güwläp gaýdan derýany


Goýbermän saklajak bolanok daglar.


Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,


Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!


Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,


Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

24
142
gunesh_
23 Iýul 2023
Atamyrat Atabaýewden gaty gowy goşgy 🙂👍
dowletmyrat1990
23 Iýul 2023
dawit
23 Iýul 2023
👍👍👍
garik
23 Iýul 2023
Maladys agam
ress
23 Iýul 2023
@owadanym, sağ bol sende arma
ress
23 Iýul 2023
@owadanym,, salam govy ozunem govumyn
dowletmyrat1990
23 Iýul 2023
@janad, Hawa, sps sözüňe !
ress
23 Iýul 2023
@roseee, sağ bol janym
janad
23 Iýul 2023
Egleme bir pursat bagtynam bolsa👍
ress
23 Iýul 2023
@roseee, salam govy ozunem govumyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.