dowletmyrat1990
22.12.2023 22:33

Söhbetdeşlikde süýji dillilikden, akyllylyk has gowydyr.

29
34
dowletmyrat1990
12.10.2023 09:16

Ýüregi bilen ynanýan zadyny ýerine ýetirmäge hemme kişide-de güýç bardyr.

W.Gýote.

Hasrat çekip, gaýga batyp oturma, kitapdan, gözelden, gülzardan geçme.

Omar Haýýam.

Bir ýoly aç, ýa bir ýoly tap, ýa-da ýoldan çekil.

Konfuziý.

Adam sowgadyny ýüregi bilen bermese, onuň näme gymmaty bar.

Çarles Tsçop.

Dostluk hemişe kölege berýän agaçdyr.

Kolwin Kolenje.





Öz halal zähmetiň bilen gazanan zadyňa husytlyk etme.

Alyşir Nowaýy.


Öý adamynyň zyndany däl-de köşgi bolmalydyr.

Elsiýe Rabikson.

Mekdep durmuşa taýýarlyk däl, durmuşyň özüdir.

Çatelain.

Ýaltalyk – ähli erbet zatlaryň enesidir.

Monomah.

Işlemek bizi üç zatdan – tukatlykdan, ýaltalykdan we mätäçlikden halas eder.

Wolter.

Okamak iň oňat taglymatdyr.

A.Puşkin.

Jomartlyk göz gamaşdyrjy sowgatlar däl-de, wagtynda gutlamakdyr.

Ra Bruýera.

Jomart ynsan - nesihat bermek bilen çäklenmän kömek eder.

Jomartlyk bu diňe berilýän zatlar bilen däl, edilýän hereketler bilen ölçenilýär.

M.Donald.

24
45
dowletmyrat1990
10.10.2023 22:23

Kümüş altyndan arzandyr, altyn bolsa , ahlak mertebesindendir.

Gorasiý.

Durmuşyň ezýetini , gadyryny bilmegi diňe tejiribe öwredýändir.

Gýote.

Wagt ähli zatdan paýhaslydyr, çünki ol hemme zadyň üstüni açýar.

Fales.

Taryhyň bize beren iň gowy zady, onuň joşgunlylygydyr.

Gýote.

Esasy zat akylly bolmak däl-de, akyly ýerinde ulanyp bilmekdir.

Dekard.

Gowy dost çäksiz hazynadyr. Dostlugyň bar ýerinde adamlar bagtlydyr.

Keý Kowus.

Heýkeli onuň daş keşbi, adamyny onuň içi bezeýändir.

Pifagor.

Ähli işde üç zada eýermeli:hakykylyga, halalyga hem-de peýdalyga.

Mariontel.

Aň - bilim galdygyça has belende,

Hiç zat bilmeýänime düşündim şonda.

K.Binaýy.

25
67
dowletmyrat1990
28.09.2023 08:00

Gadyr bilmez adama ýagşylyk etmek nädogrydyr.

Hiç wagt hiç zat adamyny uzak wagtlap fiziki hereketsizlik ýaly weýran edýän däldir.

Kowusnamadan.

22
89
dowletmyrat1990
16.09.2023 22:25

Altyn ýeriň aşagyndan gazylyp alynýar,bilim kitapdan.

Ýeňiş mydama bilimli kişiniň tarapyndadyr.

Iýmit açlykdan çykarýar, bilimlilik – sowatsyzlykdan.

Bilmezlik utanç däl, okamazlyk utanç.

25
113
dowletmyrat1990
15.09.2023 20:24

Öýleneniňden soň gowy gyzlar gabat gelýän ýaly, ýöne zat dahylly bolup bile ýaşap, kynçylygy bile çekip görmeseň hemmesi hem gowy ýalydyr.

17
64
dowletmyrat1990
14.09.2023 08:22

Parasatly sözleri döredenler parasatly däldirler. Durmuşda parasatly hereket edip, ýaşaýanlar parasatlydyrlar.

24
73
dowletmyrat1990
12.09.2023 00:13

OBA AGŞAMY ASUDA



Oba agşamy asuda,


Aý buluda girdi üşäp.


Kenardaky giň agylda


Düýeler otyr gäwüşäp.



Sorýar suw şapagyň nurun,


Çykýar bug onuň howry deý.


Men saňa garaşyp durun,


Bukulyp küdä ogry deý.



Bakardym gözlere göni,


Hem golaýdym göwünlere.


Il-günümden gizläp meni


Saldyň, söýgim, ne günlere?!


Atajan Annaberdiýew

13
27
dowletmyrat1990
11.09.2023 12:14

Durmuşda kösenmedik adamlar ajaýyp eserler ýazmazlar, ajaýyp söz hem aýtmazlar.

24
57
dowletmyrat1990
10.09.2023 23:21

Geçen durmuşynda haýsy hem bolsa bir eden ýalňyşyna ökünme- ýän bir adam tapmarsyňyz.

30
195