dowletmyrat1990
12.10.2023 09:16

Ýüregi bilen ynanýan zadyny ýerine ýetirmäge hemme kişide-de güýç bardyr.

W.Gýote.

Hasrat çekip, gaýga batyp oturma, kitapdan, gözelden, gülzardan geçme.

Omar Haýýam.

Bir ýoly aç, ýa bir ýoly tap, ýa-da ýoldan çekil.

Konfuziý.

Adam sowgadyny ýüregi bilen bermese, onuň näme gymmaty bar.

Çarles Tsçop.

Dostluk hemişe kölege berýän agaçdyr.

Kolwin Kolenje.





Öz halal zähmetiň bilen gazanan zadyňa husytlyk etme.

Alyşir Nowaýy.


Öý adamynyň zyndany däl-de köşgi bolmalydyr.

Elsiýe Rabikson.

Mekdep durmuşa taýýarlyk däl, durmuşyň özüdir.

Çatelain.

Ýaltalyk – ähli erbet zatlaryň enesidir.

Monomah.

Işlemek bizi üç zatdan – tukatlykdan, ýaltalykdan we mätäçlikden halas eder.

Wolter.

Okamak iň oňat taglymatdyr.

A.Puşkin.

Jomartlyk göz gamaşdyrjy sowgatlar däl-de, wagtynda gutlamakdyr.

Ra Bruýera.

Jomart ynsan - nesihat bermek bilen çäklenmän kömek eder.

Jomartlyk bu diňe berilýän zatlar bilen däl, edilýän hereketler bilen ölçenilýär.

M.Donald.

24
45
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.