diktr
07.12.2023 18:28
Inguşetiýadan on ýaşly Abdul-Rahman Getagazow oturyp-turmak maşky boýunça ilkinji dünýä rekordyny goýdy. Ol dört sagadyň dowamynda 7743 gezek oturyp-turdy.
«Abdul-Rahman Getagazow 10 ýaşynda. Ol çagalygyndan sport bilen meşgullanýar, erkin göreşe gatnaýar. Olýedi ýaşyndaka oturyp-turmak maşky bilen gyzyklanyp başlady we bu maşky wagt tutup ýerine ýetirýärdi. Ol üç ýylyň dowamynda tehnikasynyň we çydamlylygynyň üstünde işläp, dünýä rekordyna taýýarlanyp başlady. Oglanjyk üç sagadyň dowamynda 5900 gezek oturyp-oturmak bilen, resmi däl ýagdaýda rekordyň eýesi boldy. Ýerli restoranyň we stomatologiýa merkeziniň goldaw bermeginde Abdul-Rahman resmi taýdan rekord goýdy. Hünärmenler we bilermenler bu maksat bilen Respublika geldiler we täze dünýä rekordyny hasaba aldylar – oglanjyk dört sagatda 7743 gezek oturyp-turdy» diýlip,  Inguşetiýanyň hökümetiniň «Telegram» kanalynda bellenilýär.

Bütindünýä rekordlar klubynyň prezidenti Stanislaw Konenko munuň oturyp-turmak maşky boýunça ilkinji dünýä rekordydygyny aýtdy. «Häzirki wagtda beýle rekord ýok, ol ilkinji gezek goýulýar. Bu adam bedeniniň aşa ýokary mümkinçilikleridir»  diýip, belledi.
Çäräni gurnaýjylar ýaş türgene awtoulag sowgat berdiler, ol bolsa sowgady kakasyna berdi. «Abdul-Rahman bu üstünliginde saklanmak islemeýär we indi press maşky boýunça rekord goýmagy maksat edinýär» diýip, Inguşetiýanyň hökümetiniň habarynda aýdylýar.
20
57
diktr
05.12.2023 22:05
2023-nji ýylyň dekabr aýynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň estrada ýyldyzlarynyň şowhunly baýramçylyk dynç-alyş konserti geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi konsertleriň tertibi barada habar berdi.
14-nji dekabrda
Balkan welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasynda.
Sagat 14:00 — 17:00
AÝDYMÇYLAR: Begmyrat Annamyradow, Gülşat Gurdowa, Durdy Durdyýew, Arslan Gulmämmedow
15-nji dekabrda
Daşoguz welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasynda.
Sagat 14:00 — 17:00
AÝDYMÇYLAR: Ahmet Atajanow, Çynar Jumaýewa, Söhbet Kasymow, Jahan Tagyýewa, Begenç Çaryýew.
16-njy dekabrda
Ahal welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasynda.
Sagat 14:00 — 17:00
AÝDYMÇYLAR: Sahydursun Hojakowa, Annaguly Myratdurdyýew, Nurýagdy Rejepow, Baýram Nobatow.
16-njy dekabrda
Lebap welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasynda.
Sagat 14:00 — 17:00
AÝDYMÇYLAR: Parahat Pürjäýew, Zülfiýa Jumabaýewa, Guwanç Ýazmämmedow, Rüstem Hallyýew.
17-nji dekabrda
Mary welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasynda.
Sagat 14:00 — 17:00
AÝDYMÇYLAR: Zylyha Kakaýewa, Serdar Çaryýew, Gurbangeldi Ataýew, Gülşirin Öwezmämmedowa, Azat Oramadow, Dilber Rahmanowa.
17-nji dekabrda
Aşgabat şäherinde Mukamlar köşgünde.
Sagat 14:00 — 17:00
AÝDYMÇYLAR: Mähri Pirgulyýewa, Söhbet Kasymow, Bahar Annaýewa, Durdy Durdyýew, Leýli Mämmedowa, Rahman Hudaýberdiýew.
13
33
diktr
04.12.2023 00:43
Goal portalynyň pikiriçe, 2024-nji ýylda Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary bolan topar Madridiň “Realy” hasaplanýar.
Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň 1/8 finalynda möhletinden ir orun alan Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygyndaky topar reýtingde ikinji orunda ýerleşen, ýaryşyň häzirki ýeňijisi “Mançester Sitiden” öňe geçip, birinji orny eýeledi.
Reýtingde üçünji orny Londonyň “Arsenaly” eýeleýär, onuň yzyndan Mýunheniň “Bawariýasy” we Milanyň “Interi” gelýär. Ilkinji onluga Dortmundyň “Borussiýasy”, “Barselona”, Madridiň “Atletikosy”, “Real Sosýedad” we “RB Leýpsig” hem girdi.
Geçen möwsümde “Real” Ispaniýanyň çempionatynda ikinji boldy. Ol ýeňiş gazanan “Barselonadan” 10 utuk yza galdy. Baýrakçylaryň üçlügini “Atletiko” jemledi, Madridden iki toparyň aratapawudy bary-ýogy bir utuk boldy.
Häzirki möwsümde “Real” Ispaniýanyň çempionatynda birinji orny eýeleýär, ol goşmaça görkezijiler boýunça “Žironadan” öňe geçýär.
18
64
diktr
02.12.2023 20:11
«Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand Çempionlar ligasynyň iki rekordyny täzeledi.
Holand Çempionlar ligasynda iň çalt 40 pökgi geçiren oýunçy boldy. Munuň üçin oňa 35 duşuşyk gerek boldy.
Şeýle hem «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Çempionlar ligasynda 40 pökgi geçiren iň ýaş oýunçy bolup, bu görkeziji boýunça «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Kilian Mbappeniň rekordyny täzeledi. Holand bu netijäni 23 ýaş 130 günde gazandy.
21
76
diktr
30.11.2023 08:55

Madridiň “Realynyň” oýunçysy Winisius Žunior 2023-nji ýylyň iň gowy braziliýaly futbolçysy hökmünde “Samba Gold” (“Altyn samba”) baýragyny aldy. Bu barada championat.com habar berýär.

Ses berişlikde ikinji orny “Al-Hilýal” saud klubunyň hüjümçisi Neýmar eýeledi, üçünji orunda “Pari Sen-Žermeniň” goragçysy Markinos ýerleşdi.

Bu baýrak 2008-nji ýylda esaslandyryldy we onuň ilkinji eýesi Kaka bolupdy. 2021-nji ýyla çenli “Altyn samba” Ýewropada çykyş edýän iň gowy braziliýaly oýunça berildi. 2021-nji ýyldan bäri baýraga dünýäniň ähli ýerinden braziliýalylar dalaşgär görkezilýär.

Ýatlap geçsek, Winisius 2018-nji ýylda 35 mln ýewro “Flamengodan” “Reala” geçdi. Onuň klub bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär. Transfermarkt portaly oýunçynyň bazar bahasyny 150 mln ýewro bilen bahalandyrýar. Häzirki möwsümde braziliýaly oýunçy ähli ýaryşlarda 13 oýna gatnaşyp, alty gol we dört netijeli geçirim bilen tapawutlandy.

17
23
diktr
29.11.2023 20:35
“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi “FourFourTwo” neşiri tarapyndan XXI asyryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi bu at ugrundaky göreşde “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi. Liderleriň üçlügini 2010-njy ýylyň dünýä çempiony we iki gezek Ýewro ýeňijisi (2008, 2012) ispaniýaly Andres Inýesta jemledi diýip, news.sportbox.ru habar berýär.
Sanawyň ilkinji onlugyna ispaniýaly Hawi, braziliýaly Ronaldino, fransiýalylar Zinedin Zidan we Týerri Anri, germaniýaly Manuel Noýer, braziliýaly Kaka we urugwaýly Luis Suares hem girdi.
Messi 36 ýaşynda, 2003-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda “Barselonada” çykyş edip, 10 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, dört gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň altyn medalyna eýe boldy.
38 ýaşly Ronaldu “Altyn topa” bäş gezek eýe boldy. 2009-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda Madridiň “Realynda” çykyş edip, onuň düzüminde dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.
30
93
diktr
28.11.2023 00:41
«Al-Nasryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň şanyna muzeý döredildi. Muzeý Er-Riýad şäherinde ýerleşýär. Serginiň özi oýunçynyň karýerasyndaky iň möhüm pursatlar barada gürrüň berýär.
özi oýunçynyň karýerasyndaky iň möhüm pursatlar barada gürrüň berýär.
Portugaliýa futbolçy muzeýe baryp gördi. Bu ýerde onuň mumdan ýasalan heýkeli hem ýerleşdirilipdir.
Bu barada Ronaldu sosial ulgamdaky sahypasynda: «Bu meniň taryhym. Madeýradan başlap, Saud Arabystanyna çenli» diýen ýazgyny paýlaşdy.
28
74
diktr
25.11.2023 07:18
Lionel Messi ýene-de Kriştianu Ronaldu bilen duşuşar! Bu duşuşyk 2024-nji ýylyň fewral aýynyň birinji hepdesinde Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde täze ýaryşyň çäklerinde geçiriler. Ony Saud Arabystanynyň Güýmenjeler boýunça baş edarasynyň başlygy Turki Al Aş-Şeýh gurar.

Al Aş-Şeýh öz sosial sahypalarynda: «Inter Maýami» «Al-Nasr» bilen Er-Riýad Kubogynda oýnar» – diýip ýazdy.
Bu ýaryşa «Inter Maýami» we Saud Arabystanynyň çempionatynyň lideri «Al-Nasrdan» başga-da, Neýmaryň çykyş edýän «Al-Hilal» topary hem gatnaşar. Neýmar agyr şikesi sebäpli meýdança çykmaz.
Üç toparyň üçüsi hem liganyň formatynda oýnar, ýagny biri-birine garşy - ýeňijini gazanylan iň köp bal boýunça kesgitlärler.
Soňky gezek Messi bilen Ronaldu şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşypdylar. “Al-Nasr” bilen “PSŽ”-niň arasyndaky şol ýoldaşlyk oýny 4:5 hasap bilen fransuz klubunyň peýdasyna tamamlandy.
Şu wagta çenli Messi bilen Kriştianunyň 37 şahsy duşuşygy bar, argentinaly oýunçy görnükli artykmaçlyga eýe: 17 ýeňiş, dokuz deňlik we 11 ýeňliş. Ýöne gollar nukdaýnazaryndan oýunçylaryň deňligi bar - hersinde 23.
23
61
diktr
18.11.2023 23:32

Transfermarkt internet portaly Telegram kanalynda milli toparlaryň arasynda iň gymmat düzümleriň reýtingini ýerleşdirdi. Ilkinji onlukda birinji orny Angliýanyň milli ýygyndysy eýeledi – onuň düzüminiň bahasy 1,29 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar diýip, championat.com belleýär.

Ikinji orny Fransiýanyň milli topary eýeledi – onuň düzümi 1,14 mlrd ýewro barabar. Liderleriň üçlügini Braziliýanyň milli topary jemledi – onuň düzüminiň bahasy 1,04 mlrd ýewro.

Milli toparlaryň arasynda iň gymmat düzümleriň ilkinji onlugy:


Angliýanyň milli ýygyndysy (1,29 mlrd ýewro);


Fransiýanyň milli ýygyndysy (1,14 mlrd ýewro);


Braziliýanyň milli ýygyndysy (1,04 mlrd ýewro);


Portugaliýanyň milli ýygyndysy (932 mln ýewro);


Ispaniýanyň milli ýygyndysy (814 mln ýewro);


Argentinanyň milli ýygyndysy (789 mln ýewro);


Germaniýanyň milli ýygyndysy (700 mln ýewro);


Italiýanyň milli ýygyndysy (611 mln ýewro);


Niderlandlaryň milli ýygyndysy (575 mln ýewro);


Belgiýanyň milli ýygyndysy (494 mln ýewro).

20
34
diktr
17.11.2023 07:54

UFC promouşeni 16-njy dekabrdan 17-nji dekabra geçilýän gije Las-Wegasda (ABŞ) geçiriljek UFC 296 ýaryşynyň esasy sanawyny yglan etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Ýatlap geçsek, esasy söweşde guramanyň ýarym orta agramda (77 kg çenli) çempiony britaniýaly Leon Edwards amerikaly Kolbi Kowington bilen söweşer.

Esasy söweşleriň ýene birinde iň ýeňil agramda (57 kg çenli) titulyň eýesi braziliýaly Aleşandre Pantoža amerikaly Brendon Roýwala garşy titul goragyny geçirer.

UFC 296.

Esasy sanaw:


Leon Edwards (Beýik Britaniýa) – Kolbi Kowington (ABŞ);


Aleşandre Pantoža (Braziliýa) – Brendon Roýwal (ABŞ);


Şawkat Rahmonow (Gazagystan) – Stiwen Tompson (ABŞ);


Toni Fergýuson (ABŞ) – Peddi Pimblett (Beýik Britaniýa);


Wisente Luke (Braziliýa) – Ian Garri (Irlandiýa).

14
39