diktr
25.11.2023 07:18
Lionel Messi ýene-de Kriştianu Ronaldu bilen duşuşar! Bu duşuşyk 2024-nji ýylyň fewral aýynyň birinji hepdesinde Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde täze ýaryşyň çäklerinde geçiriler. Ony Saud Arabystanynyň Güýmenjeler boýunça baş edarasynyň başlygy Turki Al Aş-Şeýh gurar.

Al Aş-Şeýh öz sosial sahypalarynda: «Inter Maýami» «Al-Nasr» bilen Er-Riýad Kubogynda oýnar» – diýip ýazdy.
Bu ýaryşa «Inter Maýami» we Saud Arabystanynyň çempionatynyň lideri «Al-Nasrdan» başga-da, Neýmaryň çykyş edýän «Al-Hilal» topary hem gatnaşar. Neýmar agyr şikesi sebäpli meýdança çykmaz.
Üç toparyň üçüsi hem liganyň formatynda oýnar, ýagny biri-birine garşy - ýeňijini gazanylan iň köp bal boýunça kesgitlärler.
Soňky gezek Messi bilen Ronaldu şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşypdylar. “Al-Nasr” bilen “PSŽ”-niň arasyndaky şol ýoldaşlyk oýny 4:5 hasap bilen fransuz klubunyň peýdasyna tamamlandy.
Şu wagta çenli Messi bilen Kriştianunyň 37 şahsy duşuşygy bar, argentinaly oýunçy görnükli artykmaçlyga eýe: 17 ýeňiş, dokuz deňlik we 11 ýeňliş. Ýöne gollar nukdaýnazaryndan oýunçylaryň deňligi bar - hersinde 23.
23
61
yasyl
29 Noýabr 2023
Messi ýener shony
zeripov01
29 Noýabr 2023
Ronaldo
4982
28 Noýabr 2023
Kim haýsyna balet etýä. Messimi ýada Ronaldo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.