diktr
21.06.2024 17:31
Solt-Leýk-Sitide (Ýuta ştaty, ABŞ) geçiriljek PFL ýaryşynyň esasy söweşleri 22-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen 05:00-da) başlar. Bu ýaryşyň çäklerinde Türkmenistanda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň muşdaklary üçin köp garaşylýan söweş Döwletjan Ýagşymyradow bilen kamerunly Simon Biýongyň arasyndaky tutluşykdyr.
Ýagşymyradow yzygider dört ýeňişden ybarat tapgyrda barýar. Ol aprel aýynda Las-Wegasdaky (Newada ştaty) PFL 2 ýaryşynda bolan soňky söweşinde sloweniýaly Jeýkob Nedony birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Onuň professional rekordy: 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik.
Türkmen söweşijisiniň indiki garşydaşy Simon Biýong 2017-nji ýyldan bäri garyşyk başa-baş söweşlerde professional derejede çykyş edýär. Ol 2021-nji ýylda Bellator-da ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň hasabynda 9 ýeňiş (7-si nokaut bilen) we 4 ýeňliş bar. Aprel aýynda bolan soňky söweşinde Antonio Karlos Žuniordan birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňildi.
Ýarym agyr agramda (93 kg çenli) Ýagşymyradow bilen Biýongyň arasyndaky söweşiň 05:30 töweregi başlamagyna garaşylýar. Türkmenistanda söweş Älem TV-de elýeterli bolan Setanta Sports kanalynda ýaýlyma berler.
18
50
diktr
02.06.2024 11:41
Madridiň "Realy" final duşuşygynda Dortmundyň "Borussiýasyny" utup, taryhynda 15-nji gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ondan öň, "Real" bu abraýly baýragy 1956, 1957, 1958, 1959, 1960, 1966, 1998, 2000, 2002, 2014, 2016, 2017, 2018 we 2022-nji ýyllarda eýeläpdi.
Dortmundyň "Borussiýasy" bilen Madridiň "Realynyň" arasynda Londonyň "Uembli" stadionynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Duşuşyga Slawko Winçeçiň (Sloweniýa) ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi. Duşuşyk "Realyň" 2:0 ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykda gollary 74-nji minutda madridlileriň goragçysy Daniel Karwahal, 83-nji minutda bolsa Winisius Junior geçirdi.
15
53
diktr
01.06.2024 15:27
Şu gije Londondanky "Uembli" stadionynda UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçiriler. Ýewropa futbolynyň iň esasy baýragy üçin Dortmundyň "Borussiýasy" bilen Madridiň "Realy" bäsleşer.
"Borussiýanyň" finala çenli geçen ýoly ýeňil bolmady. Çaklamalara garamazdan, nemes kluby diňe bir toparlaýyn tapgyrda iň bir agyr hasaplanýan topardan çykmak bilen çäklenmän, birinji ýer bilen çykdy. Onuň garşydaşlary - "PSŽ", "Milan" we "Nýukasl" bolupdyr. Pleý-off tapgyrynda dortmundlylar Eýndhowenden "PSW-ni" we Madridiň "Atletikosyny" ýaryşdan çykardylar. Ýarym finalda bolsa iki gezek "PSŽ-den" üstün çykdylar 
Şeýle-de bolsa, final duşuşygynda "Real" bilen deňeşdirilende "Borussiýanyň" ýeňşe bolan mümkinçilikleri az görnüp bilner. Belläp geçsek, "Real" Çempionlar ligasynyň final tapgyrynda 18 gezek çykyp, 14 gezek ýeňiş gazandy. Toparlaýyn tapgyrda "Real" "Napoliden", "Bragadan" we "Union Berlinden" ybarat toparda üstün çykdy. Pleý-off-da bolsa "Leýpsigden", ýaryşyň häzirki çempionlary "Mançester Sitiden" we "Bawariýadan" üstün çykdylar.
"Borussiýa" nobatdaky gezek ýeňşe bolan erkini görkezip, Madridiň klubunyň agalygyna rüstem gelip bilermi?
Muny biz 1-inden 2-nji iýuna geçilýän gije bileris. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar. Oýny «Матч ТВ» teleýaýlymy görkezer.
15
58
diktr
02.05.2024 09:09
Çempionlar ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda Dortmunyň "Borussiýasy" (Germaniýa) öz meýdançasynda "Pari Sen-Žermeni" (Fransiýa) ýeňdi. Duşuşyk 1:0 hasabp bilen tamamlandy.
Ýeke-täk goly 36-njy minutda Niklas Fýullkrug geçirdi.
Jogap duşuşygy 8-nji maýa geçilýän gije Parižde geçiriler. Iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiji klub "Bawariýa" - "Real" jübüdiniň ýeňijisi bilen 1-nji iýunda Londonda "Uembli" stadionynda finalda duşuşar.
13
44
diktr
30.04.2024 23:06
Şu gün ýarygije Ashgabat wagty bn 00:00 da baslaya kim utar teswire ýazyñ UEFA çempionlar ligasynyň ilkinji ýarym final duşuşyklary başlanýar. Birinji oýunda Mýunheniň \"Bawariýasy\" bilen Madridiň \"Realy\" duşuşar.

Klublaryň ikisi hem çärýek finalda iňlis klublaryny ýaryşdan çykardylar. Nemes kluby \"Arsenaly\", madridliler bolsa \"Mançester Sitini\" geçdiler.
Şu günki duşuşyk \"Alýans Arenada\" geçiriler we 1-nji maýa geçilýän gije 00:00-da (Aşgabat wagty bilen) başlanar.
2-nji maýa geçilýän gije Dortmundyň \"Borussiýasy\" \"Pari Sen-Žermeni\" kabul eder.
Jogap duşuşyklary 8-9-njy maýa  geçilýän gijelere (Aşg. wagty bilen) meýilleşdirildi.
Çempionlar ligasynyň 2023/2024 möwsüminiň finaly Londonda \"Uembli\" stadionynda 1-nji iýunda geçiriler.
13
42
diktr
30.04.2024 16:40
Garyşyk söweş stiliniň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow indiki tutluşygyny 22-nji iýuna geçilýän gije Solt-Leýk-Sitide (Ýuta ştaty, ABŞ) PFL 5 ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy kamerunly Simon Biýong bolar.
Soňky tutluşygynda Döwletjan 13-nji aprelde PFL 2 ýaryşynda Sloweniýanyň wekili Jeýkob Nedony tehniki nokaut bilen birinji raundda ýeňmegi başardy. 
Professional karýerasynda Döwletjan Ýagşymyradow 22 ýeňiş gazandy, 7 gezek ýeňildi we bir söweş deňme-deňlikde tamamlandy.
Biýong soňky söweşinde PFL 2 ýaryşynda Antonio Karlos Juniordan ýeňildi. Kamerunly türgeniň hasabynda 9 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.
16
87
diktr
20.04.2024 02:51
Ýaponiýaly Kenta Adaçi 24 sagadyň dowamynda 8 940 gezek turnikde çekip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasyna salgylanýan RG.ru-nyň ýazmagyna görä, bu öňki rekord eýesi awstraliýaly Geri Lloýdyň başaranyndan 300 esse köpdür.
Kenta diňe bir günüň dowamynda iň köp gezek özüňi çekmek rekordyny täzelemek bilen çäklenmän, eýsem 2022-nji ýylda goýan 651 gezek gaýtalama - üznüksiz özüňi çekmegiň rekordynyň hem eýesidir.
Ol 2007-nji ýylda Ýaponiýanyň kenarýaka goragçylarynyň sport synagyndan geçmäninden soň, turnikden çekmek bilen çynlakaý meşgullanyp başlady. Şondan bäri Kenta yhlas bilen türgenleşip geldi we bu täsirli üstünlik onuň eden yhlasynyň sylagy boldy.
Rekord goýjak bolanda egninde agyry duýmak, ukusynyň tutmagy we aşgazan rahatsyzlygy ýaly kynçylyklara duçar boldy, ýöne aýalynyň we beýlekileriň goldawy bilen ol maksadyna ýetmegi başardy.
15
36
diktr
18.04.2024 10:53
“Bawariýa” we “Real” klublary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýunlarynda ýeňiş gazanyp, ýaryşyň ýarym finalyna çykdylar. 
Mýunhende “Bawariýa” “Arsenaly” 1:0 hasabynda utdy. Oýunda ýeke-täk goly 63-nji minutda Ýozua Kimmih geçirdi.
Toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun 2:2 hasabynda tamamlanypdy, şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesinde “Bawariýa” ýarym finala çykýar.
Beýleki bir oýunda Madridiň “Realy” häzirki çempion “Mançester Sitini” ýaryşdan çykardy. Angliýanyň “Etihad” stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy (iki oýnuň jemi boýunça 4:4).
Oýunda hasaby 12-nji minutda “Realyň” hüjümçisi Rodrigo açdy. “Siti” 76-njy minutda Kewin De Brýoýneniň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. Goşmaça wagtda gol girizilmedi we ýeňiji oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi. Bu ýerde Madridiň toparynyň oýunçylary has takyk boldy (4:3).
Ýarym finalda “Real” Mýunheniň “Bawariýasy” bilen oýnar. 
Ýatlap geçsek, ikinji ýarym final jübütinde 1/4 finalda “Barselonany” utan “Pari Sen-Žermen” we dörtden bir finalda Madridiň “Atletikosyny” utan Dortmundyň “Borussiýasy” duşuşar.
Ilkinji ýarym final oýunlary 30-njy aprelde we 1-nji maýda, jogap oýunlary 7-nji we 8-nji maýda geçiriler. Final 1-nji iýunda Londonda bolar.
18
93
diktr
17.04.2024 23:36
2023/24 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ilkinji gatnaşyjylar belli boldy. Dortmundyň “Borussiýasy” “PSŽ” topary bilen duşuşar.

1/4 finalyň jogap oýnunda “PSŽ” “Barselonany” utdy.
Parižde geçirilen ilkinji oýunda kataloniýalylar 3:2 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Jogap oýnunyň başynda hem artykmaçlyk “Barselonanyň” tarapyndady. Topar eýýäm 12-nji minutda Rafinýanyň goly bilen öňe çykmagy başardy. Oňa topy Çempionlar ligasynyň pleý-off taryhynda iň ýaş assistent bolan 16 ýaşly Lamin Ýamal geçirdi.
Ýöne 29-njy minutda “Barselonanyň” goragçysy Ronald Arauho oýnuň düzgünini bozandygy sebäpli gyzyl duýduryş alandan soň ähli zat üýtgedi. 56-njy minutda artykmaç emosionallygy sebäpli “Barselonanyň” baş tälimçisi Hawi hem oýundan aýryldy.
Şeýlelikde, “Barselona” dört jogapsyz goly sypdyrdy. Parižlileriň düzüminde Usman Dembele (40), Witinýa (54), Kilian Mbappe (61 – pen., 89) tapawutlandy. Ahyrky netije “PSŽ-niň” peýdasyna 1:4 boldy.
Dortmundyň “Borussiýasy” bilen Madridiň “Atletikosynyň” arasyndaky oýun diýseň netijeli boldy.
“Borussiýa” oýnuň birinji ýarymynda Ýulian Brandtyň (34) we Ýan Matseniň (39) kömegi bilen iki gol geçirdi. Ikinji ýarymy myhman oýunçylar işjeň başlady. 49-njy minutda “Borussiýanyň” goragçysy Mats Hummels topy öz derwezesine geçirdi, 64-nji minutda bolsa “Atletikonyň” hüjümçisi Anhel Korrea hasaby deňledi.
Şondan soň Dortmundyň kluby ýene iki gol geçirdi – 71-nji minutda hüjümçi Niklas Fýullkrug, 74-nji minutda Marsel Zabitser tapawutlandy.
Şeýlelik bilen, iki oýnuň jemi boýunça (2:3, 4:2) “Borussiýa” Çempionlar ligasynyň 1/2 finalyna çykdy. Bu ýerde topar “PSŽ” bilen oýnar.
18-nji aprele geçilýän gije “Mançester Siti” – Madridiň “Realy” we “Bawariýa” – “Arsenal” oýunlary geçiriler.
Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlary 30-njy aprelde we 1-nji maýda, jogap oýunlary 7-nji we 8-nji maýda bolar.
17
34
diktr
17.04.2024 09:14
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt promouşeniň geljekki iki möhüm wakasyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada FightTime.ru habar berýär.
1-nji iýunda Nýuark şäherinde geçiriljek UFC 302 ýaryşynda Islam Mahaçew amerikaly Dastin Porýe garşy söweşde ýeňil agramda çempion titulyny gorar. Şol gün agşamyň ýene bir esasy wakasynda Şon Striklend bilen Paulo Kosta duşuşar.
29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriljek UFC 303 ýaryşynda iki agram derejesinde promouşeniň eks-çempiony Konor Makgregor oktagona gaýdyp geler. Irlandiýaly ýarym orta agramda Maýkl Çendlere garşy söweş geçirer.
Promouşeniň ýolbaşçysy bu söweşler barada Paradaýs şäherinde (Newada ştaty, ABŞ) geçirilen UFC 300 ýubileý ýaryşyndan soň metbugat maslahatynda mälim etdi.
24
32