diktr
21.06.2024 17:31
Solt-Leýk-Sitide (Ýuta ştaty, ABŞ) geçiriljek PFL ýaryşynyň esasy söweşleri 22-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen 05:00-da) başlar. Bu ýaryşyň çäklerinde Türkmenistanda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň muşdaklary üçin köp garaşylýan söweş Döwletjan Ýagşymyradow bilen kamerunly Simon Biýongyň arasyndaky tutluşykdyr.
Ýagşymyradow yzygider dört ýeňişden ybarat tapgyrda barýar. Ol aprel aýynda Las-Wegasdaky (Newada ştaty) PFL 2 ýaryşynda bolan soňky söweşinde sloweniýaly Jeýkob Nedony birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Onuň professional rekordy: 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňme-deňlik.
Türkmen söweşijisiniň indiki garşydaşy Simon Biýong 2017-nji ýyldan bäri garyşyk başa-baş söweşlerde professional derejede çykyş edýär. Ol 2021-nji ýylda Bellator-da ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň hasabynda 9 ýeňiş (7-si nokaut bilen) we 4 ýeňliş bar. Aprel aýynda bolan soňky söweşinde Antonio Karlos Žuniordan birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňildi.
Ýarym agyr agramda (93 kg çenli) Ýagşymyradow bilen Biýongyň arasyndaky söweşiň 05:30 töweregi başlamagyna garaşylýar. Türkmenistanda söweş Älem TV-de elýeterli bolan Setanta Sports kanalynda ýaýlyma berler.
18
50
myrataly_
21 Iýun 2024
Ildesimize üstunlik arzuw etyan
diktr
21 Iýun 2024
05 : 30 boy baslaya 05 : 30 son boyy baslaya
tmyigit76
21 Iýun 2024
01:30; 05:00; 05:30. Dört dürli wagt. Haýsysynda başlaýaka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.