diamond
02.05.2024 22:36
Özüme öwüt:
1. Bedeniňi keselden, başyňy beladan gora.
2. Özüňi daşyňdan görmäne synanyş;
3. Gözel görküňi soldurma;
4. Ýigrenme-de, ýigrendirme-de;
5. Ar alyjy bolma;
6. Beý diýsem çmo-da bolma);
7. Bahylçylyk etme-de, etdirme-de;
8. Hiç garrama (ruhy taýdan);
9. Söýülmäne mynasyp bol;
10. Gaýduwsyz bol.
28
208
diamond
22.03.2024 22:51
Arasynda ylham gelende ankam aşýar)
31
160
diamond
15.11.2023 22:22

"Arylar indi süýt daşaýarmy?" 😂

Bu waka bolanda men 20 ýaşymdadym. Kime aýdyp bersem gyrylyp gülýär😂

Bir gün bazaryñ içi bilen ýöräp barýarkam, ýoluň ugrunda oturan Maryly daýzalaryň biri "Aryň süýdüni satýan, aryň süýdi" diýip gygyrdy. Gulagyma eşdilýändir öýtdim. Täzeden diňleýän, ýene "Aryň süýdi" diýip eşitdim... Içimden "Marylylar bela ýaly bolup aryň süýdüni nirden tapdylar-ka? O görgüli aryjyklary indi sagybam başladylarmy? A näme, aryň memmejikleri barmy? Ýa süýdi gaýnadyp, arylary mynjyradyp, süýdiň içine atýarlarmy-ka? Aý ýok. Ýa öňler arylar bal daşaýan bolsa, indi Marylylar olara süýdem daşadyp başladylarmy-ka? Ço-to logika ýok...


Öýe gelip, Google-dan orsça "Arydan nädip süýt alynýar" diýip soradym. Google pahyr soragyma-da düşünmedi. Marylylar Google-yň hem akly çatmajak zadynam tapyp bilýäler eken...

Suraty doly açyp görüň.

#Diamond

54
820