diamond
15.11.2023 22:22

"Arylar indi süýt daşaýarmy?" 😂

Bu waka bolanda men 20 ýaşymdadym. Kime aýdyp bersem gyrylyp gülýär😂

Bir gün bazaryñ içi bilen ýöräp barýarkam, ýoluň ugrunda oturan Maryly daýzalaryň biri "Aryň süýdüni satýan, aryň süýdi" diýip gygyrdy. Gulagyma eşdilýändir öýtdim. Täzeden diňleýän, ýene "Aryň süýdi" diýip eşitdim... Içimden "Marylylar bela ýaly bolup aryň süýdüni nirden tapdylar-ka? O görgüli aryjyklary indi sagybam başladylarmy? A näme, aryň memmejikleri barmy? Ýa süýdi gaýnadyp, arylary mynjyradyp, süýdiň içine atýarlarmy-ka? Aý ýok. Ýa öňler arylar bal daşaýan bolsa, indi Marylylar olara süýdem daşadyp başladylarmy-ka? Ço-to logika ýok...


Öýe gelip, Google-dan orsça "Arydan nädip süýt alynýar" diýip soradym. Google pahyr soragyma-da düşünmedi. Marylylar Google-yň hem akly çatmajak zadynam tapyp bilýäler eken...

Suraty doly açyp görüň.

#Diamond

54
820
eyle
16 Mart 2024
😆
diamond
13 Fewral 2024
@nabat_, Hawa, ýoga Google-da))
enegyz
29 Dekabr 2023
😅😅😅😅
nabat_
3 Dekabr 2023
@Imissyou, 🤣🤦‍♀️
nabat_
3 Dekabr 2023
@diamond, google de cyndanam yok eken😂
diamond
3 Dekabr 2023
@nabat_, Menem şoňa haýran)
nabat_
3 Dekabr 2023
Aryñ name suydi bolyamy😂🙄
nabat_
3 Dekabr 2023
🤣🤣🤣🤣
diamond
3 Dekabr 2023
@myrataly_, Hawa, düşünýän. Ýöne özüm barada edilýän pikirleriň bir böleginden habar aldym. Spasibo)
myrataly_
3 Dekabr 2023
@diamond, Yatdan cykypdyr shon ucin reskije pozdum teswiri
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.