Bir gezek Hasan Basry şeýle diýipdir: «Bir wagtlar dört kişiniň,
ýagny bir gorkak kişiniň, bir serhoşyň, bir çaganyň, birem zenan
maşgalanyň aýdany meni haýran galdyrypdy.
Bir gezek halanmaýan biri bilen gabatlaşamda, seňrigimi ýygryp,
derrew ondan daşlaşmak bilen bolupdym. Şonda ol maňa ýüzlenip:
– Ussat, maňa seňrigiňi ýygyrma, halymyzyň nähili boljagy heniz anyk belli däl. Çünki biraz soňra näme boljagyny diňe Allah bilýär
– diýipdi.
Başga bir gezek bolsa batgada ýykylyp-sürşüp ýol aşjak bolýan
serhoşa:
– Eý, biçäre, aýagyň taýmaz ýaly, ony ýere usullyk bilen basjak
bol – diýdim we: – Sen maňa akyl öwredýärsiň welin, özüň ruhy saparyňda
aýagyňy usullyk bilen basmagy başarýaňmy? Serhoşlygym zerarly
ýykylsam, batga bulaşaryn-da, ýene aýaga galkyp, soňra ýuwnupardynyp bilerin. Bu maňa kyn düşmez. Sen öz aýagyň taýmazlygynyň
aladasyny et – diýen jogaby aldym. Onuň aýdan gymmatly sözleri
mende uly täsir galdyrypdy.
Başga bir gezek hem ýanyp duran çyrany elinde tutup gelýän
oglanjykdan:
– Bu aýdyňlygy nireden alyp gelýärsiň? – diýip sorapdym.
Oglanjyk şonda çyra üfläp, ony söndürdi-de:
– Indi sen maňa aýt: bu aýdyňlyk nirä sumat boldy? Onuň nirä
gidenini aýtsaň, men hem ony nireden alyp gelýänimi aýdaýyn – diýip
seslenipdi.
Ýene bir gezek hem ýüzi we elleri açyk bir zenan maşgala bilen
ýüzbe-ýüz boldum. Ol ýigrenji ýüzüne çykyp duran şekilde öz ärinden zeýrenýärdi.
– Ilki bilen ýüzüňi ört – diýmegim bilen, ol maşgala maňa şeýle
diýdi:
– Bir ýaradylan kişä aşyk bolanym sebäpli şeýle bir aňkam
aşypdyr welin, aklymyň başymdan gidenini hem aňlamandyryn. Meni
bu ýagdaýdan habardar etmedik bolsaň, şu durşuma bazara-da baryp
bilerdim. Ýöne meniň arzymy diňleýärkäň, Allaha bolan söýgiň sebäpli, meniň açyk-saçyk geýnenim gözüňe ilmedik bolsa, şonda bize
näme diýerdiler?
Onuň bu sözi maňa diýseň ýarapdy
Feridetdin Attar "weliler hakda rowaýatlar"