– Biziň dogalarymyz näme üçin kabul bolanok? – diýip, özünden
soran adamlara Ybraýym hezretleri şeýle jogap beripdir:
– Siz Hudaýyň bardygyny ykrar edýärsiňiz, emma Onuň nesihat-
laryna eýermeýärsiňiz, buýruklaryna boýun bolmaýarsyňyz.
Gurhany Kerimi öwrenýärsiňiz, emma özüňizden edilýän talaby
ýerine ýetirmeýärsiňiz.
Hudaýyň beren nygmatlaryndan lezzet alýarsyňyz, emma şol
nygmatlar üçin Oňa minnetdarlyk bildirmeýärsiňiz.
Dowzahdan gutulmak, jennete girmek üçin jan etmeýärsiňiz.
Şeýtanyň size duşmandygyny bilýärsiňiz, emma oňa duşman
hökmünde çemeleşmeýärsiňiz.
Ajalyň ýakaňyzdan tutjagyny bilýärsiňiz, emma ony garşylamaga
taýýarlyk görmeýärsiňiz.
Aradan çykan ene-ataňyzy topraga berýärsiňiz, emma ondan
ybrat almaýarsyňyz (öleris öýtmeýärsiňiz).
Öz kemçilikleriňiziň köpdügini bilýärsiňiz, emma özgeleriň
kemçiligini gözleýärsiňiz.
Feridetdin Attar " weliler hakda rowaýatlar".