crafty
07.08.2024 17:09
Ýene Nietzsche:

1. Kämil zenan kämil erkekden has adamçylygy ýokary şahsdyr, we şol bir wagtda haaaas seýrekdir. Haýwanlaryñ tebigy taryhy bu teoriýany subut edýär.

2. Zenanlar jemgyýetde gepini edip bolmaýan zatlary köplenç bar hasaplanoklar.

3. Zenanlar çagasynda özlerini has çagasyndan köp söýýärler (ýagny men ejesi bolansoñ şeýle, ýa-da meniñ oglum, meniñ gyzym - AWTOR)

4. Tötänleýin birleşen (söýüşmän) köplenç toýdan soñ biri-birini "söýüp başlaýarlar". Biri-birine bolan sowuklygy görkezmeklik üçin hem "söýmek" iñ añsat we gowy çykalga bolup galýar.

5. Söýgüde bir ýerde durmak ýokdur. Haýal tempde saz çalmagy halaýan sazanda şol bir sazy çaldygyça haýalladar. (Söýgüde-de ýa gowy görmä, ýa söýmezlige tarap hereket bolýar - AWTOR)

6. Käbir zenanlar bar, içi ýok, diñe maska. Erkek şular ýaly zenany söýse (şeyle zenanlar erkekleri kanagatlandyrmagy gowy başarýarlar), ol ömrüne şol zenanyñ ruhuna ýetmek üçin dyzar, emma olar diñe maska.

7. Dünýäde takyk ylymlary bilýän zenandanam tapmasy kyn zat barmyka?!

8. Her iki jübütiñ biri söýýär, biri söýülýär. Emma olaryñ ikisem söýülmegi isläýär we ýarym gülkünç, ýarym gynançly ýagdaý emele gelýär.

9. Kim kime ezýet berdi? Erkek bilen zenanyñ arasyndaky uruşdan soñ, erkek zenanyñ göwnüni ýykanlygyndan ezýet çekse, zenan erkegiñ göwnüni ýeterlik derejede ýaralamanlygyndan ezýet çekýär.

10. Çaga akyly ejesinden, häsiýeti kakasyndan alýar.

BELLIK: Eger siziñ duýgyñyza ters täsir edýän sitatalar bolsa, öñünden ötünç soraýaryn!

Nietzsche. Human all-too-human. 1914
12
93
crafty
06.08.2024 17:42

1. Her bir erkek öz añynda ejesinden täsirlenen zenanyñ suratyny saklaýar: Bu surat erkegiñ dünýädaki ähli zenanlara gatnaşygyny kesgitleýär (gowy görmek, ýigrenmek, ýa-da gyzyksyz hasaplamak).


2. Eger ähli toý edenler bile ýaşamadyk bolsady (aýra, daşary ýurtda, komandirowkada - AWTOR), onda bagtly jübütler kän bolardy.


3. Aýalyñ sadalygy köplenç owadanlygy bilen bile ösýär.


4. Maşgala gurmak - gaty uzak söhbetdeşlik hökmünde. Maşgala gurjakda her kim özüne şu soragy HÖKMAN bermeli: \"Garraýançam şunuñ bilen wagtymy gowy geçirip bilerinmi?\". Sebäbi är-aýal arasyndaky başga köp zat geçegçi, ýöne gatnaşykda söhbetdeşlik ömürlikdir.


5. Gyzlar ilki erkekleri bagtly etmek öz ellerindäki zatlygy baradaky pikire ynanýarlar. Soñra bolsa, erkekleri diñe bagtly etmek üçin gerek bolmak hem-ä özüni, hemem erkegi kiçeltmekdigine düşünýärler. Diýmek, gyz üçin erkek bagtlylykdanam añyrda bir zat bolmaly)


6. Eger \"söýmek\" sözüni eştmedik bolsalar, ömrüne \"söýmejek\" adamlar bar...


Source: Human, all-too-human. 1914

Dowamy bar... (ýazyp otyrkam işim çykdy)

22
640