Ýene Nietzsche:
1. Kämil zenan kämil erkekden has adamçylygy ýokary şahsdyr, we şol bir wagtda haaaas seýrekdir. Haýwanlaryñ tebigy taryhy bu teoriýany subut edýär.
2. Zenanlar jemgyýetde gepini edip bolmaýan zatlary köplenç bar hasaplanoklar.
3. Zenanlar çagasynda özlerini has çagasyndan köp söýýärler (ýagny men ejesi bolansoñ şeýle, ýa-da meniñ oglum, meniñ gyzym - AWTOR)
4. Tötänleýin birleşen (söýüşmän) köplenç toýdan soñ biri-birini "söýüp başlaýarlar". Biri-birine bolan sowuklygy görkezmeklik üçin hem "söýmek" iñ añsat we gowy çykalga bolup galýar.
5. Söýgüde bir ýerde durmak ýokdur. Haýal tempde saz çalmagy halaýan sazanda şol bir sazy çaldygyça haýalladar. (Söýgüde-de ýa gowy görmä, ýa söýmezlige tarap hereket bolýar - AWTOR)
6. Käbir zenanlar bar, içi ýok, diñe maska. Erkek şular ýaly zenany söýse (şeyle zenanlar erkekleri kanagatlandyrmagy gowy başarýarlar), ol ömrüne şol zenanyñ ruhuna ýetmek üçin dyzar, emma olar diñe maska.
7. Dünýäde takyk ylymlary bilýän zenandanam tapmasy kyn zat barmyka?!
8. Her iki jübütiñ biri söýýär, biri söýülýär. Emma olaryñ ikisem söýülmegi isläýär we ýarym gülkünç, ýarym gynançly ýagdaý emele gelýär.
9. Kim kime ezýet berdi? Erkek bilen zenanyñ arasyndaky uruşdan soñ, erkek zenanyñ göwnüni ýykanlygyndan ezýet çekse, zenan erkegiñ göwnüni ýeterlik derejede ýaralamanlygyndan ezýet çekýär.
10. Çaga akyly ejesinden, häsiýeti kakasyndan alýar.
BELLIK: Eger siziñ duýgyñyza ters täsir edýän sitatalar bolsa, öñünden ötünç soraýaryn!
Nietzsche. Human all-too-human. 1914