Gyzyl şaý-sepleriň hili
Bu temamyz şaý-sep halaýan (halamaýany ýokdur belkem:-) ) aýal-gyzlarymyz üçin has hem gyzykly bolsa gerek.
Gyzyl(altyn) şaý-sep alanyňyzda proba, karat ýaly görkezijiler bilen gabatlaşýansyňyz. Biziň ýurdumyzda köplenç 585, 750 ýaly probalar meşhur, daşary ýurtlarda bolsa karat (ct,K or kt) görkezijisini ulanmaklyk has meşhur. Bu ýerdäki Karat göwher daşyndaky (almaz, eng-diamond) ýaly ululygyny ýa-da agramyny görkezmän, näçe prosent gyzylyň bardygyny görkezýär.
Arassa, hiç hili goşundysy bolmadyk altyna 24 karat altyn diýilýär. Onuň düzüminde altynyň mukdary 99,9% ýagny probasy 999. Şeýle derejedäki altyn gaty gymmat we örän ýumşakdyr. Ol şaý-sep ýasamak üçin ulanylmaýar. Banklarda we ş.m pul görnüşinde ulanylýar.
22 karat ýa-da 916 proba--- bu görkezijidäki şaý-sepleriň düzüminde 91.6% altyn bar. Bu görkezijidäki altyn hem ýumşak bolup şaý-sep üçin amatly däldir.
18 karat ýa-da 750 proba--- düzüminde 75.0% altyn bolan şaý-sepleriň görkezijisidir. Galan bölegini dürli metallar düzüp, goşulýan metala görä agymtyl (white gold) ýa-da gülgüne (rose gold) reňkdäki şaý-sepler alynýar. Bahasy birazrak galarak bolup, gyzylyň gadryny bilýänleriň halaýanydyr.
14 karat ýa-da 585 proba--- düzüminde 58.5% altyn bolan şaý-sepler. Orta bahadaky şaý-sepler bolup, iň ýörgünlidir.
9 karat ýa-da 375 proba---düzüminde 37.5% altyn bolan şaý-sepler bolup, iň amatly bahasy bilen tapawutlanýar.