chemist
27.08.2024 09:21
Alkogolsyz içgi (non-alchoholic drinks-beer,coctail etc)

Käbir yurtlarda alkogolsyz piwo we muña meñze içgilere duş gelip bilersiñiz.

Bu içgiler hakykatdan hem alkogolsyzmyka?!

Bu soraga anyk jogap bermek kyn. Her ÿurdyñ özùne görä standartlary, kanunlary bolÿar. Wikipedianyñ berÿän maglumatlaryna görä, Eÿran, Saud Arabystany, Kuweÿt ÿaly ÿurtlaryñ öndürÿän piwolary alkogolsyz (0.00% etanol).
Finlandiÿanyñ kanunnamalarynda alkogolsyz içgi diÿip, düzüminde 2.8%-den az etanol bolan içgiler alynÿar. yagny Finlandiÿada alkogolsyz diÿip öndùrilen içginiñ düzüminde 2.8% çenli etanol spirti bolup biler. yewropa bileleşiginde bolsa alkogolsyz içgilere düzüminde 1.2% etanol spirt bolan içgiler degilidir.

yatdan çykarmañ, piwo arpanyñ turadylmagyndan alynÿar. yagny turşan mahaly glÿukoza etanola öwrülÿär. Alkogolsyz, düzüminde 0.00% etanol spirti bar diÿilÿän piwolardaky spirt distilÿasiÿa arkaly aÿyrylÿar.
Gepiñ tümmek ÿeri, alkogolsyz piwo hem bada adaty alkogolly piwodyr. Soñ spirtini aÿyran bolup, alkogolsyz belgini ÿelmäÿÿäler.

Çeme: https://en.m.wikipedia.org/wiki/Non-alcoholic_beverage
(wikipediadan alynan maglumaty ylmy kabul etmek elbetde yalnys bolar. Kimde has anyk maglumat bar bolsa bas üstüne!!!)
3
13
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.