bilimlije_gyz
07.07.2024 12:00

(◔‿◔)

10
129
bilimlije_gyz
18.06.2024 08:19
📌Gadymy grek dilinden terjime edilen "geografiýa" sözi –"Ýeriň beýany" diýmekdir.

📌Amozon tokaýlary planetamyzy kislarod bilen baýlaşdyrmakda möhüm rol oýnaýar.Dünýädaki kislarodyň 20%-ni öndürýärler.

📌Stambul, geografiki taýdan dünýäniň böleginde, ýagny Aziýada we Ýewropada ýerleşyän ýeke-täk şäher.

📌Dünýäde haýsydyr bir döwlete degişli bolmadyk ýeke-täk ýer Antarktidadyr.

📌Rim adamzat taryhynda adam sany miliona ýeten ilkinji şäherdir.

📌Döwlet statusy bilen dünýäniň iň kiçi adasy pitkern.Onuň meydanynyň bary-yogy 4,5 km².

📌Dünýädaki tokaýlaryň 25%-i Russiýanyň Sibirinde jemlendir.

📌Watikan, anklaw döwleti bolmak bilen dünýäniň iň kici döwleti hasaplanýar.
onuň territoriyasy bary-yogy 0,44 km².

📌Kananda ýer şaryndaky ähli tebigy kölleriň 50%-den gowuragyny öz icine alýar.

📌Şeýle hem kanada 244,000 km-den gowurak kenar ýakasy boýunça dünýade öňdeligi eýeleýär.

📌Ýuwaş ummany,suwuň göwrümi we göwrümi taýdan iň uly suw howdanydyr.

📌Baykal kölinde süyji suwlaryň 20 göterimj jemlenendir.

📌Statistikalara görä, ömrüniň iň ýokary dowamlylygy Andorrada, Ýaponiýada we Singapurda hasaba alnyp, ol hem 84 ýyldyr.

📌Derýalaryň hemmesi diyen yaly Ekwatora tarap akýar.

📌Ak deňiz iň sowuk suwly suw howdany hasaplanýar.Bu ýerde takmynan 4 million köl bar.

📌Demirgazyk polyusda hiç ýerde ýer görmersiniz.12 million km² ýüzýän buzuň üstünde ýerleşýär.

www.atawatan-turkmenistan.com
19
106
bilimlije_gyz
17.06.2024 07:22
Bu durmuşda herkimiňem derdi bar,
Gussaň ýuregiňe basmasyn tagma.
Başyň dik bolmagnyň şeyle şerti bar-
Hiç wagt hiç zady içiňe salma.

Sowat içiň, çykda gygyr bir daga,
Bolmasa aýdyp ber içini baga.
Her näme etseňem et welin ýöne,
Hiç wagt hiç zady içiňe salma.

Kä utup görersiň, kä utulyp,
Eger-eger ga:lmajak bol ýykylyp,
Dost-dogandan, maşgalaňdan bukulup.
Hiç wagt hic zady içiňe salma.

Duşmanlaň islese yza tesenňi,
Şonda umytlaryň bersin teselli.
Dymyp gezmek-eder agyr keselli,
Hic wagt hic zady içiňe salma.

awtor:Şanazar Hydyrow
19
27
bilimlije_gyz
15.06.2024 10:00
Häzirki wagtda gözleg saýty diýlende ilki bilen "Google" ýadyňa düşyär.Şeyle-de bolsa, "Yandex","Bing","info""Alhea","Goodsearch"
ýaly 20-den gowurak gözleg sayty bar."Google" ilki döredilen wagty bolsa,"Ask Jeeves","AltaVista","Yahoo Search", we "Archive", yaly bar eken.
"Google" kompaniyasy Stenford Uniwersitedinde bilim alýan Lerri Peyj we Sergeý Brin tarapyndan doktorantura işi hökmunde taýarlanan ylmy işiň netijesinde döredildi.Olar 1996 ýylyn ýanwar aýynda bu taslamany durmuşa geçirmegiň aladasyny edip başladylar."Google" beýleki gözleg saýtlaryndan tapawutlylykda ýazylan sözüň haýsydyr bir saýtda naçe gezek gaýtalanýandygyna göra däl-de, onuň ulanyjysynyň sanyna baglylykda sanaw cykarýar.Kompaniýanyň ady 100 nolly sanyň ady bolan "googol" sözünden döredilipdir.Bu bolsa gözleg saýtynda maglumatlaryň çaksizdigini alamatlandyrýar.
Saýt açylandan birnace aýdan soňra 60 milliondan gowurak sahypany öz sanawuna girizyär.
"Alexa internet"-iň maglumatyna görä,"Google" dünýade iň köp ulanylyan sayt hasaplanýar.
Kompaniýanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda 114 müňden gowrak işgäri bar.
"Google" elektron pocta hyzmaty "Gmail"-i 2004-nji ýylyň aprelinde ulanyşa girizdi.Birnace ugurlarda iş alyp baryan kompaniya 2015-nji ýylda adyny "Alphabet" diyip üytgedýar.Şeylede bolsa,gözleg saýtynyň ady öňkiligine galýar.Kompaniýa "Amazon""Apple","Meta" we "Microsoft" bilen bilelikde bäş sany iri amerikan tehnologiya brendiniň hataryna girýär.

zamanturkmenistan.com.tm
8
29