bilimlije_gyz
15.06.2024 10:00
Häzirki wagtda gözleg saýty diýlende ilki bilen "Google" ýadyňa düşyär.Şeyle-de bolsa, "Yandex","Bing","info""Alhea","Goodsearch"
ýaly 20-den gowurak gözleg sayty bar."Google" ilki döredilen wagty bolsa,"Ask Jeeves","AltaVista","Yahoo Search", we "Archive", yaly bar eken.
"Google" kompaniyasy Stenford Uniwersitedinde bilim alýan Lerri Peyj we Sergeý Brin tarapyndan doktorantura işi hökmunde taýarlanan ylmy işiň netijesinde döredildi.Olar 1996 ýylyn ýanwar aýynda bu taslamany durmuşa geçirmegiň aladasyny edip başladylar."Google" beýleki gözleg saýtlaryndan tapawutlylykda ýazylan sözüň haýsydyr bir saýtda naçe gezek gaýtalanýandygyna göra däl-de, onuň ulanyjysynyň sanyna baglylykda sanaw cykarýar.Kompaniýanyň ady 100 nolly sanyň ady bolan "googol" sözünden döredilipdir.Bu bolsa gözleg saýtynda maglumatlaryň çaksizdigini alamatlandyrýar.
Saýt açylandan birnace aýdan soňra 60 milliondan gowurak sahypany öz sanawuna girizyär.
"Alexa internet"-iň maglumatyna görä,"Google" dünýade iň köp ulanylyan sayt hasaplanýar.
Kompaniýanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda 114 müňden gowrak işgäri bar.
"Google" elektron pocta hyzmaty "Gmail"-i 2004-nji ýylyň aprelinde ulanyşa girizdi.Birnace ugurlarda iş alyp baryan kompaniya 2015-nji ýylda adyny "Alphabet" diyip üytgedýar.Şeylede bolsa,gözleg saýtynyň ady öňkiligine galýar.Kompaniýa "Amazon""Apple","Meta" we "Microsoft" bilen bilelikde bäş sany iri amerikan tehnologiya brendiniň hataryna girýär.

zamanturkmenistan.com.tm
8
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.