bibis
04.09.2023 11:32

Hozuň peýdasy barada


Grek hozy beýniniň işini kadalaşdyrmakda we adam bedeniniň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny güýçlendirmekde peýdaly iýmitdir. Onuň düzüminde B witaminler toplumy, A, C, E, K, PP witaminleri bar. Ondaky askorbin kislotasynyň mukdary limonyňka garanyňda 50 esse köpdür. Şeýle-de bu iýmitiň düzüminde minerallardan sink, kaliý, kalsiý, magniý, ýod, fosfor, demir, kobalt bar.


Grek hozy immuniteti güýçlendirmekde, ýatkeşligi ösdürmekde, gan aýlanyşygyny we gan basyşyny kadalaşdyrmakda, ganazlykda, galkan şekilli mäziň, içegeleriň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, sowuklama kesellerinde, süýji keselinde netijeli ulanylýar. Bu iýmit aýratyn hem göwreli aýallara we çaga emdirýän zenanlara, ýaşuly adamlara we türgenlere maslahat berilýär. Onuň düzüminde ýagyň köp mukdary saklanyp, günde 5-10 sany hozdan köp iýmek maslahat berilmeýär.


Hozuň düzüminde gandaky gemoglobiniň mukdaryny artdyrýan mikroelementleriň biri bolan mis maddasy bar. Bu madda bedeni kadaly ýagdaýda kislorod bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Alymlar tarapyndan günüň dowamynda maňyz iýýän adamlaryň ganynda 12%-e çenli holesteriniň az bolýandygy anyklanyldy. Hoz beýleki önümler bilen goşulyp, dermanlyk hökmünde giňden ulanylýar. Şolaryň arasynda bal bilen garylan hoz maňzynyň adam bedenine peýdasy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

21
112
bibis
03.09.2023 19:25

Almanyň ynsan saglygyna peýdasy


Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.


— Almanyň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde onuň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy anyklanyldy.


— Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem alma peýdalydyr.


— Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär.


— Ýatmazdan öň alma iýmegiň rahat uklamak üçin ähmiýeti uludyr.


— Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde giňden ulanylypdyr.


— Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmeleriň ynsan bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.

15
31
bibis
02.09.2023 09:27
Ownuk Dogralan Tomus Salady

Gerekli önümler:

4 kelem ýapragy
1 pomidor
1 hyýar
1 ýaşyl bolgar burçy
6 düýp rediska
3 düýp ýaş sogan
1 diş sarymsak
2 nahar çemçesi dogralan ter şibit
2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka
1 çaý çemçesi duz
⅓ çaý çemçesi gara burç
⅓ çaý çemçesi iri gyzyl burç
1 nahar çemcesi ter limon suwy
1 çaý çemçesi sirke (5%)
2 nahar çemçesi zeýtun ya-da üzüm dänesiniň ýagy

Taýýarlanyşy:

1. Gök önümleri ownuk dogramaly we bir gaba guýmaly.

2. Gök önümli garyndynyň üstüne duz, gara we gyzyl burç sepip, limon suwuny, sirke, ýag guýmaly we gowy garmaly.

3. Bu salady palaw, ak tüwi ýa-da çişlik bilen iýseň gowy bolýar.
13
28
bibis
01.09.2023 19:40

Kädili Gutap

10 sany


Içi üçin:


1 kg kädi

1 sogan

5 nahar çemçesi ösümlik ýagy

¼ çaý çemçesi duz

¼ çaý çemçesi gara burç


Hamyr üçin:


1 çaý çemçesi duz

300 ml (1⅕ bulgur) ýyly suw

2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

500 gr (3⅓ bulgur) un


1. Kädiniň gabygyny artmaly. Kädini we sogany ownuk dogramaly.


2. Gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, onuň içine dogralan kädini, sogany atmaly we gowy garmaly. Gazanyň gapagayny ýapyp, kädi ýumşaýança bişirmeli.


3. Bişen kädä duz we gara burç sepip, kädini tagta çemçe bilen ezmeli.


4. Tabaga duz, suw, ýag we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 10 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly we üstüni ýapyp, 5 minut goýmaly.


5. Sajy aram otda goýmaly. Hamyryň bir bölegine un sepip, ony 20 sm tegeleklikde ýaýmaly. Tegelek ýaýylan hamyryň gyrasynda azajyk ýer goýup, ýarysyna 4 nahar çemçesi moçberinde kädi ýaýratmaly we beýleki ýarysy bilen üstüni ýapyp, gyrasyny bükmeli. Gutabyň ýüzüni wilka bilen dürtmeli.


6. Gutaby gyzgyn saja atmaly we iki tarapyna agdaryp bişirmeli. Saçdaky gutap bişýänçä indiki gutaby ýasamaly.

13
29
bibis
31.08.2023 09:11

Gurt


Gurt biziň süýt basyryp gatyk eden, gatyk süzüp süzme eden, süzme guradyp gurt eden enelerimizden galan ýadygärlikdir. Çarwaçylyk, maldarçylyk medeniýetimiziň önümi bolan gurt sowadyjy ýok mahalynda süýt önümini, derrew zaýalanjak azygy uzak wagt saklamak, ondan-oňa gidilende ýanyň bilen äkitmek, çaý bilen içmek, gatyk, süzme ýok mahaly ýumşadyp, unaşa-beýlekä garmak üçin amatly bolupdyr. Ýagny ol belli derejede häzirki guradylan süýdüň funksiýasyny ýerine ýetiripdir.


600 gr (2 bulgur) süzme

1 çaý çemçesi duz


1. Süzmä duz atyp, gowy garmaly.


2. Bir nahar çemçesi möçberindäki süzmäni eliňe alyp, iki eliň aýasynda togalamaly. Topjagazlary gapagyň üstüne düzmeli.


3. Gurdy daşarda güneşde daş ýaly gataýança goýmaly. Gurt güneşde 2 günde, öýüň içinde 5 günde taýýar bolýar.

16
51
bibis
30.08.2023 19:34

Kelem Dolamasy

6 adamlyk


6 kelem ýapragy


Içi üçin:


500 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti

1 sogan

5 nahar çemçesi tüwi

1 çaý çemçesi duz

1 çümmük gara burç

1 çümmük iri gyzyl burç


Çorbasy üçin:


2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

1 kiçi sogan

1 pomidor

2 kartoşka

2 çaý çemçesi duz

1½ l (6 bulgur) suw


1. Kelem ýapraklarynyň gaty ýerini kesip aýyrmaly. Ýapraklary gazana atyp, üstüne suw guýmaly we gazanyň gapagyny ýapyp, güýçli otda 5 minut gaýnatmaly.


2. Üwelen ete üwelen ýa-da ownuk dogralan sogan, tüwi, duz, gara we gyzyl burç garmaly. Etli garyndyny 6 bölege bölmeli we her bölegi eliň aýasynda togalamaly.


3. Kelem ýapragyny gapagyň üstüne ýazmaly. Kelemiň ýumşak tarapynda togalanan etiň birini goýmaly we kelemiň gyralaryny epläp, etiň daşyny dolamaly. Galan kelem ýapraklaryny hem şeýdip dolamaly.


4. Gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, gazanyň içine sogan, pomidor dograp, 5 minut gowrup, oduny öçürmeli.


5. Dolamalary gazanyň içine ýerleşdirmeli. Gabygy aýrylan kartoşkalary dörde bölüp, gazana atmaly. Dolamanyň üstüne duz sepip, suw guýmaly. Dolamalar açylyp dargamaz ýaly, olaryň üstüne tarelka düňdermeli. Gazanyň gapagyny ýapyp, güýçli otda goýmaly. Çorba gaýnap başlanda, gazanyň oduny peseltmeli. Dolamany aram otda 25-30 minut bişirmeli. Dolama saçaga äberilende, islän onuň üstüne gatyk guýup biler.

14
18
bibis
29.08.2023 12:29

Içi Doldurylan Kädi


4 adamlyk


500 gr sygyr ýa-da goýun eti

1 çaý çemçesi duz

¼ çaý çemçesi gara burç

¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç

4 nahar çemçesi ösümlik ýagy

1 sogan

1 kelem ýapragy

1 kartoşka

1 käşir

1 pomidor

1 bolgar burçy

3 diş sarymsak

2 nahar çemçesi dogralan ter şibit

2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka

4 nahar çemçesi suw

1 kädi (1.5 kg)


1. Eti we gök önümleri dogramaly. Ete duz, gara we gyzyl burç sepmeli.


2. Saja ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzyp başlanda, onuň içine dogralan eti we sogany atmaly. Sajyň gapagyny ýapyp, eti aram-aram bulap, ýumşaýança (20 minut) bişirmeli.


3. Etiň üstüne kelem, kartoşka we käsir atyp, gazanyň gapagyny ýapmaly. Gök önümler ýumşanda, sajyň oduny öçürmeli we etli garyndynyň üstüne galan gök önümleri atyp, suw guýup, gowy garmaly.


4. Kädiniň sapynyň daşyndan togalak kesmeli. Kädiniň çigitlerini aýryp, kädini etli garyndy bilen doldurmaly we gapagyny ýapmaly. (Kädiniň çigidi peýdaly hasaplanýar. Ony guradyp, gowrup, çigitläp bilersiňiz).


5. Kädiniň aşagy ýanmaz ýaly, ony iki gat ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli we ojagyň ortaky gatynda goýmaly. Kädini 250°C (482°F) gyzgynlykda 1 sagat töweregi bişirmeli. Soňra kädi öçürilen ojagyň içinde 20 minut durmaly. Kädiniň bişenini bilmek üçin oňa pyçagyň ujuny çümdürip görmeli.


6. Kädi dilimlenip ýa-da onuň löti etli garyndy bilen garylyp, saçaga äberilýär.

20
30
bibis
28.08.2023 17:23

Gelin Budy


“Gelin budy” yrakly türkmenleriň naharydyr (arapça ady “Kubbat halab”, türkçe bolsa “Pirinç köftesi”). Onuň adynyň geň bolşy ýaly, edilişi hem üýtgeşik. “Gelin budunyň” daşy uçin unuň ýerine ýugrulan tüwi ulanylýar we bu oňa beýleki hamyrly naharlardan aýry tagam berýär. Bu resept üçin yrakly türkmen joram Şeýma sag bolsun aýdýaryn.


Gelin Budy

16 sany


Içi üçin:


2 nahar çemçesi ownuk dogralan ter petruşka

1 sogan

1 diş sarymsak

300 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti

¼ çaý çemçesi duz

1 çümmük gara burç


Daşy üçin:


1 kartoşka

250 gr (1 bulgur) tüwi

500 ml (2 bulgur) suw

1 çaý çemçesi duz

2 nahar çemçesi un

Ösümlik ýagy (bişirmek üçin)


1. Petruşkany, sogany we sarymsagy ownuk dograp, üwelen ete atyp, duz, burç sepmeli we gowy garmaly. Soňra etli garyndyny aram otda 15 minut bişirmeli.


2. Kartoşkany ýumşaýança gaýnatmaly. Tüwini ýuwup, başga bir gazana atmaly. Tüwiň üstüne suw guýup, duz sepmeli we gazany güýçli otda goýmaly. Suw gaýnanda, gazanyň oduny peseldip, gapagyny ýapmaly. Tüwini aram otda 20 minut buglamaly.


3. Gaýnadylan kartoşkanyň gabygyny aýyrmaly. Soňra tüwini bir uly gaba guýup, onuň üstüne kartoşkany eliň bilen pytradyp, tüwi bilen garmaly. Garyndynyň üstüne un sepeläp, garyndyny ýylmanýança ýugurmaly.


4. Garyndyny deň 16 bölege bölmeli we eliňi ölläp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.


5. Topjagazyň birini çep eliňe alyp, sag eliň barmaklary bilen ýukajyk okara şekilini ýasamaly. Okara ýukajyk we ýylmanak bolar ýaly, şeýle-de okaranyň jaýrylan ýerlerini seplemek üçin eliňi ölläp durmaly.


6. Okaranyň içine 1 çaý çemçesi möçberinde et guýmaly we agzyny büküp, süýri şekil bermeli. Galan topjagazlary hem şu şekilde bükmeli.


7. Gazana 4 sm çuňlukda ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, gazana 5-6 sany “gelin buduny” atyp, kepgir bilen seresaply bulap, daşlary gyzarýança bişirmeli.

13
40
bibis
25.08.2023 11:40

Kremli towuk çorba


Gaýmakly towuk çorbasy, tagamly we bişirmek aňsat resepti. Islege görä çorba käşir, brokoli, sogan, tüwi, lawr ýapragy hem goşup dürli tagamlar döredip bilersiňiz.


Içindäkiler — Kremli towuk çorba taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


1 sany süňkli towyk döşi.

6 stakan suw.

2 çemçe mesge.

1 çaý çemçesi un.

200ml gaýmak.

duz, gara burç.


Taýynlanyşy / bişirilişi


1. Towugy suwda gowy edip ýuwmaly we gazana suw guyup 20miniut orta otda gaýnatmaly. Towuk ýumşamaly. Bulýon dury bolar ýaly gazanyň ýüzüne çykýan köpürjikleri aýurmaly.


2. Bişen towugy çykarmaly we deri, süňk, kykyrdawygyny aýyrmaly. Etini elimiz bilen kiçi böleklere dogramaly.


3. Aýry bir gazanda mesgäni eretmeli. Köpürjiklän ýaga un goşup biraz gyzarýança pes otda gowurmaly.


4. Gyzgyn towuk suwyny süzüp azajykdan goşmaly we dügürtek emele gelmez ýaly garmaly.


5. Duz, burç goşmaly. Gaýmak we didilen towuk etini goşmaly. Pes otda 15 minut bişirmeli. Gaýmak goşan soň hökman pes otda bişirmelidir.


6. Taýyn bolan kremli towuk çorbasyny nahar käselerine guýmaly. Üstüne dogralan petruşka sepmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

17
32
bibis
24.08.2023 09:21
Duzly Kelem

Duzly Kelem (Şugundyrly)

3 nahar çemçesi duz
3 l (12 bulgur) suw
125 ml (1/2 bulgur) sirke (8%)
1 ýaşyl kelem
2 şugundyr
5 diş sarymsak
5 lawr ýapragy
1/2 çaý çemçesi döwülmedik gara burç

Duzly Kelem (Käşirli)

3 nahar çemçesi duz
3 l (12 bulgur) suw
125 ml (1/2 bulgur) sirke (8%)
1 ýaşyl kelem
2 käşir
5 lawr ýapragy

Gazana duz atyp, suw guýup gaýnatmaly. Suw gaýnanda, oduny öçürip, sowaýança goý­maly. Suw sowandan soň, onuň içine sirke guýmaly.

1. Duzly Kelem (Şugundyrly): Kelemiň daşky ýapraklaryny aýyrmaly. Kelemi dörde bölüp, özenini aýyrmaly we kelemi tokga böleklere bölmeli.

2. Şugundyryň, sarymsagyň gabygyny aýryp, özüni ýuwmaly. Şugundyry inçejik, uzyn bölekler görnüşinde kesmeli. Kelem duzlanjak gabyň düýbüne sarymsak, lawr ýapragy, gara burç atmaly. Kelem bilen şugundyry eliň bilen garyp, şol gabyň içine atmaly.

1. Duzly Kelem (Käşirli): Kelemiň daşky ýapraklaryny aýyrmaly. Kelemi dörde bölüp, özenini aýyrmaly we kelemi inçejik dogramaly. Käşiri gyrgyjyň iri gözünde gyrmaly. Kelem bilen käşiri bir gaba atyp, eliň bilen gowy garyp, onuň her ýerine lawr ýapragyny atmaly.

2. Gök önümleriň üstüne duzly suw guýmaly. Önümler suwuň ýüzüne galmaz ýaly, gabyň içine kiçiräk tarelka düňderip, onuň üstünden suwly banka goýmaly. Duzly suw önümleriň 4-5 sm üstüne çykmaly. Kelemli gabyň üstüne saçak ýapyp, ony salkyn ýerde goýmaly. Kelem bir hepdeden taýýar bolýar.

3. Kelem taýýar bolansoň, gabyň içindäki bankany we tarelkany aýyrmaly. Kelemli gabyň gapagyny ýapyp, ony sowuk ýerde goýmaly. Duzly kelem sowuk ýerde iki aý saklanýar.
19
49