bibis
09.11.2023 17:21

Süýtlaş

2 adamlyk


500 ml (2 bulgur) süýt

150 gr (1 bulgur) inçe wermişel

1 nahar çemçesi şeker


1. Gazana süýt guýup, güýçli otda goýmaly. Süýt ýokary galyp başlanda, çogmaz ýaly, derrew oduny peseltmeli.


2. Wermişeli döwüşdirip, süýdüň içine atmaly we biraz bulamaly. Wermişeli aram otda ýumşaýança (10 minut) bişirmeli.


3. Süýtlaşa şeker garmaly we gazanyň oduny öçürmeli. Süýtlaş ýyly hem sowuk iýilýär, ýöne sowanda, biraz goýalýar.

12
20
bibis
07.11.2023 18:29

Adatça semeni ýazda, Nowruz baýramyna gabat, bir näçe maşgala bolup, bilelikde bişirilýär.


Semeni


300 gr bugdaý

Suw

1 kg un


1. Bugdaýy ýuwup, üstüne sowuk suw guýup goýmaly. Ertesi bugdaýyň suwuny döküp, täze suw guýmaly.


2. Üçülenji gün bugdaýyň suwuny döküp, ýene birki gezek ýuwmaly. Soň ony ýalpak gaba guýup, endigan ýaýratmaly-da, üstüni çygly mata bilen örtüp, ýyly ýerde goýmaly. Bugdaý däneleri gowy şineleýänçä onuň üstündäki matany günde iki gezek öllemeli. Dört-bäşilenji gün bugdaýyň aşagynda ak we inçejik şineler has köpelýär, üstündäki baldajyklar çala ýaşyl öwsüp başlaýar. Altylanjy gün şinelän bugdaý semeni etmäge taýýar bolýar.


3. Bugdaýyň baldaklaryny, köklerini bölüşdirip, blendere (elektrik garyja) atyp, onuň üstüne azajyk suw* guýmaly we üwemeli (ýa-da et üwelýände üwäp, soň suw garmaly).


4. Süzgüjiň içine iki gat hasa ýazmaly. Süzgüji çuňňur gabyň üstünde goýup, bugdaý üwelende emele gelen süýtli suwuklygy süzgüçden geçirmeli. Hasanyň gyralaryny epläp, bugdaý lötüni sykmaly. Hasanyň içindäki löti blendere atyp, gaýtadan suw guýup, ýene üwemeli we süzgüçden geçirmeli. Muny 3 gezek gaýtalamaly (2-nji hem 3-nji gezekde suwuklygyň reňki açygrak bolýar).


5. Uly gazana un guýup, onuň üstüne az-azdan süýtli suwuklygy guýup, düwür galmaz ýaly, gowy garmaly. Soňra gazany aram otda goýmaly we unly garyndy gowy goýalýança dowamly bulamaly. Garyndynyň reňki 25-30 minutdan goňralyp başlaýar. Garyndy suwuny doly çekende, onuň üstüne 2 bulgur suw guýmaly we ýene 5 minut bulamaly. Gazanyň oduny öçürip, gapagyny ýapyp, 25-30 minut goýmaly. Taýýar bolan semenini gaba guýup, sowaýança goýmaly.

15
16
bibis
06.11.2023 16:12

Ojakda Bişirilen Gyzylbalyk

6 adamlyk


Ýarty (1 kg) gyzylbalyk

1 nahar çemçesi zeýtun ýagy

1 çay çemçesi duz

1 çümmük iri gyzyl burç

1 çümmük gury şibit

1 çümmük gury petruşka

1 diş sarymsak

4-5 halka sogan

4-5 halka bolgar burçy

4-5 kesim pomidor

1 limon


1. Balygy arassalamaly we ýuwmaly.


2. Balygy, derili tarapyny aşak edip, zeýtun ýagy çalnan ojak gabynda goýmaly we onuň üstüne duz, gyzyl burç, şibit, petruşka sepmeli. Sarymsagy uzyn-uzyn kesip, balygyň her ýerine dürtmeli. Balygyň üstüne kesilen gök önümleri atyp, limonyň ýarysyny sykmaly. Galan limondan birküç kesim kesip, balygyň üstüne atmaly.


3. Balygy ojagyň ortaky gatynda goýmaly we 250°C (482°F) gyzgynlykda 20-25 minut bişirmeli. Balygyň ýany bilen Yrakly Türkmenleriň Palawyny ýa-da Ter Otly Kartoşka äberseň gowy bolýar.

18
39
bibis
05.11.2023 18:44

Kädi Bulamak

4 adamlyk


1 kiçi sogan

300 gr kädi

2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

750 ml suw

1 çümmük duz

1 çümmük iri gyzyl burç

1 çümmük iri gara burç


Sogany ownuk dogramaly. Kädiniň gabygyny aýryp, böleklere bölmeli. Gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Ýag gyzanda, gazanyň içine dogralan sogany atmaly. Sogan ýumşap başlanda, onuň üstüne dogralan kädini atmaly we 5 minut gowurmaly. Soňra oňa suw guýup, duz, gyzyl we gara burç atmaly. Gazanyň gapagyny ýapmaly we kädi ýumşaýança (15 minut) bişirmeli. Bişen kädini tagta çemçe bilen ezmeli.

16
30
bibis
04.11.2023 18:40

Etli Börek

5 adamlyk


Hamyr üçin:


1 çaý çemçesi duz

~250 ml (1 bulgur) ýyly suw

500 gr (3⅓ bulgur) un


Içi üçin:


500 gr üwelen sygyr ýa-da goýun eti

1 sogan

1 çay çemçesi duz

1 çümmük gara burç

1 çümmük iri gyzyl burç

3 nahar çemçesi suw


Gaýnatmak üçin:


3 l (12 bulgur) suw

1 nahar çemçesi duz


Gatyklamak üçin:


Gatyk

3 nahar çemçesi noýba


1. Noýbany bir gün öňünden sowuk suwda goýmaly. Soňra noýbany suwda gaýnatmaly. Noýba bişensoň, suwuny dökmeli.


2. Böreklik hamyr üçin bir gaba duz, suw we un guýup, gatyja hamyr etmeli. Hamyry iki zuwala bölüp, her zuwalany eliň aýasynda togalamaly we 5 minut üstüni ýapyp goýmaly.


3. Üwelen ete sogan (üwemeli ýa-da ownuk dogramaly), duz, gara burç, gyzyl burç we suw garmaly.


4. Bir zuwala un sepip, ony 2 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyryň üstüne un sepmeli, soňra uny hamyryň hemme ýerine eliň bilen endigan ýaýratmaly. Soň hamyry iki eplemeli we ýene birküç gezek epläp, uzyn bölekler bolar ýaly edip kesmeli. Ol uzyn bölekleri üsti-üstüne goýup, inedördul kesmeli.


5. Hamyr bölekleriniň üstüne bir çaý çemçesi töweregi et goýup, hamyry eplemeli we gyralaryny bükmeli. Soňra böregiň ýokarky iki ujuny birleşdirmeli. Bükülen börekleri un sepilen gapaga düzüp, gaýzykmaz ýaly, onuň üstüne saçak ýapmaly. Soňra ikinji zuwalany ýaýmaly we bükmeli.


6. Gazana suw guýup, duz atyp, güýçli otda goýmaly. Gaýnaýan suwa atylan böregi tagta çemçe bilen 3-4 gezek bulap, 12-15 minut gaýnatmaly.


7. Börek çykaryljak gabyň içine azajyk gatyk çalmaly. Böregi süzgüç bilen süzüp, gatyk çalnan gaba çykarmaly. Onuň üstüne ýene gatyk guýup, gatyk gowy garylar ýaly, börekli gaby silkelemeli. Soňra onuň üstüne noýba atmaly.

25
113
bibis
03.11.2023 13:34

Tomat Çorbasy

2 adamlyk


2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

1 kiçi sogan

1 diş sarymsak

4 pomidor

1 çaý çemçesi un

1 nahar çemçesi tomat

500 ml (2 bulgur) suw

1 lawr ýapragy

1 (12 gr) gök önümli bulýon

1 çümmük duz

1 çümmük iri gyzyl burç

4 nahar çemçesi süýt

1 nahar çemçesi ownuk makaron


1. Gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Sogany, sarymsagy, pomidory ownuk dograp, gyzgyn ýaga atmaly. Onuň üstüne un we tomat guýup, 2-3 minut gowurmaly.


2. Gazana suw guýup, lawr ýapragy, bulýon, duz we gyzyl burç atmaly. Çorbany 15 minut gaýnatmaly.


3. Gazany otdan aýyrmaly. Çorbanyň içindäki lawr ýapragyny aýryp, çorbany elektrik garyjy (blender) bilen ezmeli.


4. Çorbany gaýtadan otda goýmaly. Çorba gaýnap başlanda, onuň içine süýt guýmaly we makaron atmaly. Çorbany aram otda makaron ýumşaýança (5-7 minut) bişirmeli.

19
46
bibis
02.11.2023 13:07

Çişlik


1 kg hindiguş/towuk/goýun/sygyr eti

½ limon

1 kiçi sogan

3-4 baldak ter şibit

3-4 baldak ter petruşka

1 çaý çemçesi duz

⅓ çaý çemçesi gara burç

¼ çaý çemçesi iri gyzyl burç

6 nahar çemçesi sirke (8%)

1 düýp ýaş sogan


1. Eti kub (inedördül) şekilinde dograp, bir gaba atmaly. Limony, sogany ýarym halka şekilinde dogramaly. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny aýryp, gaty baldaklaryny dogramaly. Soňra etiň üstüne limony, sogany, şibitdir petruşkanyň baldagyny atyp, duz, gara we gyzyl burç, 5 nahar çemçesi sirke sepip, gowy garmaly. Gabyň gapagyny ýapmaly we ony salkyn ýerde bir gije goýmaly.


2. Maňňalda ot ýakmaly. Eti çişlere sykyja edip düzmeli. Odun ýanyp, köz bolanda, et düzülen çişleri maňňalyň üstünde goýmaly. Etiň hemme ýeri deň bişer ýaly, käýarym çişleri öwrüp durmaly. Şeýle-de, aşagynyň ody güýçlense, bişip duran çişlige aram-aram sirke garylan suw sepilýär. Etiň daşy gowy gyzarýança bişirmeli.


3. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny we sogany dograp, bişen çişligiň üstüne atyp, 1 nahar çemçesi sirke sepmeli. Çişligiň ýany bilen gyzzyrma ýa-da tüwi berilýär.

12
30
bibis
01.11.2023 20:56

Kartoşka Gaýyk


3 uly kartoşka

ösümlik ýagy

6 nahar çemçesi smetana

1 diş sarymsak

1 çümmük iri gyzyl burç

⅓ çaý çemçesi narpyz

3 pomidor

1 uly hyýar

3 düýp ýaş sogan

2 nahar çemçesi dogralan ter şibit

2 nahar çemçesi dogralan ter petruşka

⅓ çaý çemçesi duz

2 nahar çemçesi ter limon suwy


1. Kartoşkalary dikligine ikä bölüp, her bölegi aýratyn folga dolamaly. Olary 250°C (482°F) gyzgynlykdaky ojagyň ortaky gatynda 20 minut bişirmeli. Soňra ojagy öçürip, kartoşkalary ojakdan çykarman ýene 20-25 minut goýmaly.


2. Kartoşkalaryň içini çaý çemçesi bilen gyrasyna zyýan ýetirmän aýyrmaly (kartoşkalaryň içinden aýrylan bölekleri, üstüne azajyk ýag, duz sepip, pýure edip bilersiňiz). Soňra içi aýrylan kartoşkalary gyzgyn ýaga atyp, iki tarapyna agdaryp, gyzarýança gowurmaly. Gyzaran kartoşkalary bir gaba çykarmaly we sowaýança goýmaly.


3. Smetana sarymsak gyryp, gyzyl burç we narpyz atyp, gowy garmaly.


4. Gök önümleriň hemmesini ownuk dograp, üstüne duz, limon suwuny sepmeli we gowy garmaly.


5. Gyzardylan kartoşkalaryň içine bir nahar çemçesi smetanaly garyndy guýmaly. Soňra onuň üstüne gök önümli salatdan goýmaly.

18
38
bibis
31.10.2023 09:47

Külçe (Süýtli Çörek)

6 sany


25 gr (2 nahar çemçesi) mesge

250 ml (1 bulgur) süýt

2 nahar çemçesi şeker

1 ýumurtga

1 çaý çemçesi duz

½ çaý çemçesi gury hamyrmaýa

500 gr (3⅓ bulgur) un


1. Mesgäni aram otda eretmeli we onuň üstüne süýt we şeker guýup bulamaly. Süýt ýylanda, oduny öçürmeli.


2. Tabaga süýtli garyndyny guýmaly. Onuň üstüne ýumurtga çakyp, duz, maýa we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry 6 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalap, 20 minut üstüni ýapyp goýmaly.


3. Ojagy 250°C (482°F) derejede öňünden gyzdyrmaly. Hamyry oklaw bilen 14 sm tegeleklikde ýaýmaly. Külçeleri ojak kagyzy ýazylan taba geçirip, olaryň ýüzüni dürtgüç bilen dürtmeli. Soňra külçeleriň ýüzüne suw çalyp, ojagyň ortaky gatynda ýüzi gyzarýança (15 minut) bişirmeli.

17
30
bibis
30.10.2023 17:23

Klubnika Mürepbesi


4-5 banka


1 kg klubnika

500 gr (2 bulgur) şeker


Taýýarlanyşy:


1. Klubnikany süzgüçde goýup, sowuk suwda ýuwmaly. Soň klubnikanyň kök-ýapragyny aýyrmaly.


2. Klubnikany çuňňur saja atyp, üstüne şeker guýup, 3 sagat goýmaly.


3. Sajy aram otda goýmaly we şekeri ereýänçä bulamaly.


4. Klubnikany ýuwaşlyk bilen 5 minut gaýnatmaly we sajy otdan aýryp, 6-8 sagat goýmaly (klubnika dargamaz ýaly).


5. Sajy gaýtadan otda goýmaly we mürepbe goýalýança (10 minut) gaýnatmaly.


6. Gazana suw guýup, otda goýmaly. Onuň üstünde demir gözenegi goýmaly. Mürepbe guýuljak bankalary we olaryň gapaklaryny ýuwup, gaýnaýan suwuň bugunda 15 minut goýmaly.


7. Mürepbe taýýar bolanda bankalary tutaç bilen seresaply tutup, bugdan aýyrmaly. Bankalaryň içine gaýnaýan mürepbeden guýup, olaryň gapagyny ýapyp, gatyja towlamaly.

21
24