bibis
03.11.2023 13:34

Tomat Çorbasy

2 adamlyk


2 nahar çemçesi ösümlik ýagy

1 kiçi sogan

1 diş sarymsak

4 pomidor

1 çaý çemçesi un

1 nahar çemçesi tomat

500 ml (2 bulgur) suw

1 lawr ýapragy

1 (12 gr) gök önümli bulýon

1 çümmük duz

1 çümmük iri gyzyl burç

4 nahar çemçesi süýt

1 nahar çemçesi ownuk makaron


1. Gazana ýag guýup, aram otda goýmaly. Sogany, sarymsagy, pomidory ownuk dograp, gyzgyn ýaga atmaly. Onuň üstüne un we tomat guýup, 2-3 minut gowurmaly.


2. Gazana suw guýup, lawr ýapragy, bulýon, duz we gyzyl burç atmaly. Çorbany 15 minut gaýnatmaly.


3. Gazany otdan aýyrmaly. Çorbanyň içindäki lawr ýapragyny aýryp, çorbany elektrik garyjy (blender) bilen ezmeli.


4. Çorbany gaýtadan otda goýmaly. Çorba gaýnap başlanda, onuň içine süýt guýmaly we makaron atmaly. Çorbany aram otda makaron ýumşaýança (5-7 minut) bişirmeli.

19
46
myrataly_
3 Noýabr 2023
@bibis, Sizin dine naharlar barada post goyyanynyz ucin diydim)
bibis
3 Noýabr 2023
@myrataly_, mmm acyldy dp dusuniwer
myrataly_
3 Noýabr 2023
*reseptler
myrataly_
3 Noýabr 2023
Reseptlet bolumi acylsada bolya owrenmelide
bellidal
3 Noýabr 2023
Ýañy nahar iydim welin eyyam ajykdymay😆
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.