bibis
10.07.2023 16:19
Etli topjagazlar

Howur peçde lüle kebap tagamynda etli topjagazlar. Taýynlamak aňsat, iýmek diýseň lezzetli… Hökman bişirip görüň we pikirleriňizi paýlaşyň.

Içindäkiler — Etli topjagazlar taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

500 gr gatlakly hamyr
500-600 gr aram yagly üwelen et
1-2 sany sogan
Duz, burç
1 sany ýumurtga sarysy

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Ilki bilen üwelen ete sogany üwap salmaly. Soňra duzuny, burçuny atmaly we mazaly garmaly.

2. Gatlakly hamyry uzyn süyri gornuşde ýaýmaly we 1 sm ýasylykda uzyn-uzyn kesmeli.

3. Emele gelen iç harjymyzdan ýumurtga ululygynda togalak topjagazlar yasamaly.

4. Kesen uzyn-uzyn hamyrymyzdan bir-birden alyp topjagazlaryň daşyna tor gornušunde hamyry saramaly.

5. Taýýar bolan torlyja topjagaz somsalarynyň ýüzüne ýumurtga sarysyny çalmaly we öňden gyzyp duran howur pejine salmaly. 200° -da 40-45 min towregi üsti gyzaryança bişirmeli. Işdaňiz acyk bolsun!!!
24
562
bibis
09.07.2023 09:26
Heýgenek (omlet)

Ýumurtgadan üýtgeşik heýgenek bişirilişi. Ýeňiljek, ýumşajyk heýgenek.

Içindäkiler — Heýgenek (omlet) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

6 ýumurtga
yag
duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Ýumurtganyň sarysyny agyndan aýyrýas. Ýumurtganyň sarysyny bulaýas, guz burç islege görä sepýäs. Agyny mikserde köpürjikletmeli.

2. Sajymyzy aram otda gyzdyrmaly, ýag guýmaly. Ýumurtganyň sarysynyň ýarysyny gyzan sajymyza guýýas. 3-5 minut garaşýas. Ýumurtganyň agynyň ýarysyny üstüne deňje edip guýmaly. 7-10 minut gapagyny ýapyp bişirmeli.

3. Bişen ýumurtgany tarelka çykarmaly. Galan ýarysyny hem edil şularýaly edip bişirmeli.

4. Ikinji bölegini birinjiniň üstüne seresaplyk bilen agdaryp goýmaly.

5. Taýyn gumurgany kesip iýäýmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
17
263
bibis
08.07.2023 16:28
Süýtli salepli doňdyrma

Öýde taýynlamak üçin süýt, salep we şekerden ýönekeý we tagamly doňdyrma resepti. Taýynlan soň dogry sowatmak köp wagt alýar, takmynan 10 sagat. Ýöne edip göreniňe degýär. Salep näme? Salep orhideýanyň soganjygyndan ýasalan paraşok. Optowoýda ýa-da Altyn asyr bazarynda tapyp bilersiňiz.

Içindäkiler — Süýtli salepli doňdyrma taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary:

1 litr süýt
10 gram salep
1 stakan şeker
2 paket wanilin (islege görä)

Taýynlanyşy / bişirilişi

1. Süýdi bir gapda gaýnatmaly. Çukur gap bolsa has gowy çünki doňdyrmanyň göwrümi 2-3 esse bolýar.

2. Salep bilen 1 nahar çemçesi şekeri bir gapda garmaly. Salep tozaňy ownyk bolany üçin tozap gitmez ýaly garmaly. Garylan şekerli selebi azajýkdan süýde goşmaly we garmaly. 2-3 minut soň süýdiň odyny öçürmeli we süýt sowaýança çemçe bilen garmaly. Ýüzüne gaýmak emele getirmeli däl.

3. Süýt gowy sowan soň (ýyly bolmaly däl) 1 stakan şekeri goşmaly we garyp eretmeli.

4. Gazany doňdyryja (морозильник) goýmaly we her sagatdan çykaryp garmaly. Ilk iki gezek çemçe bilen garmaly. Soňky gezekler 5 minut ir almaly we mikser bilen garmaly. Mikser bilen garanda doňdyrma çişýär we ýumşajyk bolýar. 7-8 gezek garan soň doňlar emele gelmez ýaly içinde howa galmaz ýaly paket bilen ýapyp 4-5 sagat doňdyryjyda goýmaly.

5. Taýyn bolan doňdyrmany koritsa we narpyz bilen tagamlandyryp iýip bilersiňiz
11
88