Etli topjagazlar
Howur peçde lüle kebap tagamynda etli topjagazlar. Taýynlamak aňsat, iýmek diýseň lezzetli… Hökman bişirip görüň we pikirleriňizi paýlaşyň.
Içindäkiler — Etli topjagazlar taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
500 gr gatlakly hamyr
500-600 gr aram yagly üwelen et
1-2 sany sogan
Duz, burç
1 sany ýumurtga sarysy
Taýynlanyşy / bişirilişi
1. Ilki bilen üwelen ete sogany üwap salmaly. Soňra duzuny, burçuny atmaly we mazaly garmaly.
2. Gatlakly hamyry uzyn süyri gornuşde ýaýmaly we 1 sm ýasylykda uzyn-uzyn kesmeli.
3. Emele gelen iç harjymyzdan ýumurtga ululygynda togalak topjagazlar yasamaly.
4. Kesen uzyn-uzyn hamyrymyzdan bir-birden alyp topjagazlaryň daşyna tor gornušunde hamyry saramaly.
5. Taýýar bolan torlyja topjagaz somsalarynyň ýüzüne ýumurtga sarysyny çalmaly we öňden gyzyp duran howur pejine salmaly. 200° -da 40-45 min towregi üsti gyzaryança bişirmeli. Işdaňiz acyk bolsun!!!