beghanym
02.11.2023 21:10

Sözleriň manyly, mähirli sada,

Bize öwüt berýäň, durmuşda kada,

Ýüz müň şükür etsem azdyr dünýäde,

Janym Uýalarym, Mahriban Käbäm !


Siz meniň gözümiň agy - garasy,

Sizsiz bu dünýämiň bolmaz manysy,

Ýüzümiň röwşeni, ömrüň güwäsi,

Janym Uýalarym, Mahriban Käbäm !

46
78
beghanym
28.10.2023 14:16

Aynagozel Muratowa:


Bagt näme? Bagt bu her kimiň arzuwy ýöne bagtly ýaşamak üçin näme etmeli ? Bu sowal her birimizi gyzyklandyrýar we elbetde oýlandyrýar.


Bagt -bu şahsy üstünlige eltýän, Allanyň adama beren sowgady bolsa gerek. Bagtyň bir bölegi ykbala bagly bir bölegem adamlaryň özüne. Köp zatlara güyjümiz yetmeyär ýöne bizin elimizde bolan zatlaram bar. Kiçi bir zada guwanyp bilýän adamam bar, uly baýlygyň içinde ýüzüp gadyryny bilmeýänem.


Başgalary bagtly edýän adam örän bagtly adamdyr. Eger ol öz durmuşyndan lezzet alyp, ol lezzeti başgalary bilen paýlaşýan bolsa, onda ol adam bagtlydyr! Bagtly bolmagyň şertleri:


1. Hemişe günüňi nämedir bir gowy zada garaşyp başlamaly.


2. Ileri tutýan maksatlaryňy akylly başly meýilleşdirmeli. Stresiň esasy çeşmeleriniň biri çakdanaşa işleriň köp bolmagy bolup, ony ýeňmäge synanyşmaly.


3. Sowgat bermäge endik etmeli. Sowgadyň haýsydyr bir zat bolmagy zerur däldir. Ýylgyryp bakmak, ýyly söz, minnetdarlyk we höweslendirmek ýaly adama mahsus häsiýetleriň özi hem bütinleý ýeterlikdir.


4. Jedelli meselelere girmäň. Jedel munuň özi birmeňzeş pikiriň ýoklugyna görä, hiç bir ýere alyp barmaýar. Netijede, adamlar biri - birinden ynjap, göwünleri galýar. Şeýle ýagdaýda bagta barýan ýoly tapmak kyndyr.


5 Ähli adam öz bähbidini ileri tutýar diýen pikirden daşda bolmaly. Çünki köp adamyň ýagşy niýeti bolup, şolaryň hatyrasyna durmuş dowam edýär we şolara bil baglaýarys.


6. Sagdyn iýmitlenmeli. Sagdyn durmuş bagta alyp gidýär!


7. Her bir işi oňaryp, oňarmajagyň we heniz bolmadyk zatlar hakda alada galyp oda köze düşmeli däl. Ünsüňi diňe häzirki işleriňe gönükdirmeli.


8. Telewizory diňe içiňizi gysdyrmazlyk üçin açyp goýmaly däl-de, durmuşyň gözelliklerini ondan süzüp almaly.


9. Eger bagtsyzlyga uçrasaňyz, özüňizi ýitirip, ruhdan düşmäň. Eden işleriňizi täzeden göz geçirip ony düzeltmäne çalşyň. Öz üstüňizde köpräk işlän.


10. Ýakyn adamlaryňyzy söýmeli, dostlaryňyz, garyndaşlaryňyz, goňşularyňyz synpdaş, kursdaşlaryňyz, kärdeşleriňiz bilen araňyzy gowy saklamaly. Öz söýýänleriňize wagtyňyzyň köpüsini sarp etmeli hem-de hemişe özüňizi bagtly saýmaly!!!


11. Öz söýýän käriňiz bilen meşgullanmaly. Eger-de siz öz işinizi söýýän bolsaňyz, onda köpräk işläň. Eger-de söýmeýän bolsaňyz, ony üýtgetmäge çalşyň. Ýogsam siz durmuşynyzda bagtly bolmarsyňyz. Sebäbi ömrümiziň köp bölegini işde geçirýäris, şonuň üçinem ol wagty bisarpa geçirmeli däl.


12. Başgalar kömek ediň, çünki birinjiden, özüňize sarpa goýmagy artdyrarsyňyz, ikinjiden, özüňizdäki psihiki hem-de fiziki ukypsyzlygy aýyrarsyňyz. Netijede durmuşdan lezzet alarsyňyz we bagta golaýlaşarsyňyz.


13.Bagtly bolmaga synanyşyň! Özüňize gözegçilik ediň, anyklaň, oýlanyň, bu häsiýetler sizi keýpi köklüge getirer, sizi begendirer.


14. Fiziki taýdan gujurly bolmaga synanyşyň! Fiziki gujurlylyk sagdyn adama lezzet berýär. Ol adamy kyn ýagdaýlardan halas edýär. Hemişe sport bilen meşgullanyň!


15. Durmuşyňyza tiz-tizden täzelikleri girizip duruň!. Şeýtseňiz durmuşyňyzdan lezzet alarsyňyz.


16. Hemişe şükür etmeli we ýatmazdan ozal, günüň dowamynda nähili gyzykly wakalary bellik etmeli!!! Geçmişde ululy kiçili gazananlaryňyza guwanyň.


17. Umytsyzlyga düşmäň. Durmuşda bir gapy ýapylsa beýleki bir gapy açylýandyr.


Siz bagtly durmuşy nähili göz öňüne getirýärsiňiz ?

40
78
beghanym
26.10.2023 12:32

Bu gün biziň Bagtly toý günümiz gutly bolsun ! Çagalarmyzyň bagtyna guwanyp ýaşaly bileje! Şu günüme Allajana müň şükür. Biziň bagtymyza guwanýan Ejemjana Kakamjana we Mähriban daýzama minnetdar! Maşgalam Baş Galam! Geljek günlermiz göz guwanjymyz 2 gyzymyz we 2 oglumyz bilen bagtly pursatlardan doly bolsun! Saglyk Agzybirlik Söýgi terk etmesin bizi ömrümiziň soňuna çenli. Goşa garramak nesip etsin!

46
182
beghanym
22.10.2023 15:26

Hemmäňize salam. Nikalaşmak barada köp ýaşlar dürli sowallary sorap post goýarlar men bu post ýaşlara maslahat hökmünde ýazdym.

Ynsanlar ýetginjeklikde ýetişip her kim öz taýyny tapyp durmuş gurmak adaty zat. Ýöne ýaşlarda käbir sowallara jogap tapmak kynçylyk döredýär, meselem gyz bilen oglanyň arasy näçe ýaş bolsa gowy ? ýada söýüp durmuş gursaň gowymy ýa söýmän toý edip bolarmy?

Biziň her birimiz aýry-aýry dürli düşünjeli aýratyn pikirli täsin dünýägaraýyşly ynsan. Her kimiň öz doglan gününe laýyklykda öz ýyldyzy we ýyl näçesi bar, şoňa göräde aýratynlygy bar. Ilki bilen her adam özüni tanamaly we ýaşaýyşa bolan höwesiň bolmaly. Soňra özüňe mynasyp ýan ýoldaşyň barlygyny duýmaly we ynanmaly. Ykbal sizi hökman duşurar. Tötänlikden ýada tanşyň üstü bilen gabatlaşmak ýada goňşy klasdaş işdeş ýada kursdaş bolup biler şol wagt üýtgeşik bir duýgy peýda bolup gider. Soňra pikir alyşaňda, edýän hereketiňde, düşinjäň deň gelip başlar. Käbir maglumatlara görä ýyldyzlaryňyz gabat gelmegi ynsanlaryň aragatnaşygyna täsir edip bilýär.

Nikada söýgi bilen birikseň sizem bagtly sizden önüp ösmeli çagalaram bagtly iň uly baýlyk şol. Söýgi mähir bolmasa ýaşaýyşyň gyzygy bolmaz. Söýgide ar-namys , haýa, ygtybarlylyk , ynam, dogry söz , halallyk, wepalylyk, agzybirlik, mähirli duýgylar höküm sürýändir.

Nikalaşmak üçin ýaş aýratynlygy dürli dürli bolup bilýär. Düşinjäň we pikiriň deň gelmegine bagly. Ýöne umuman alanyňda gyz maşgala ir ýetişýär , yslam dinde hem gyzlar oglanlardan 3 ýyl ir başlaýar namaza, şonuň üçin gyzlar öz deňinden 3-5 ýaş uly oglanlar bilen gowy ylalaşykly ýaşaýarlar. Şeýle ýagdaýda siz birek biregiň bagtyny duýarsyňyz. Içiňizde has uly ýaşlary saýlaýanlarda bar kiçi saýlaýanyda bar ýaşy deňlerem köp ýöne esasy zat düşünşip ýaşamak hormat goýmak wepaly agzybirlikde aladaňyzy etmek maşgalaň iň uly diregi bular bolmasa dargamak bilen bolýa. Nika mukaddes zat ol oýunjak däl iki ynsanyň nikasynyň astynda günäsizje çaga ba düşüniň! Soňky wagtlar nika bozmak oýunjak bolup barýa her kim özüne özü jogap berýär siz nikalaşmankaňyz tanap içini daşyny öwrenip maşgalasyndaky gatnaşygyny öwrenip soňra karara geliň! Synagdan geçirip görüň ! Käbir ene atalaryň ýalňyşy üçin kiçijek çaga ýanýar. Ylalaşyk iki taraplaýyn bolýar agzybir boluň! Bagtyýar zamanyň bagtly maşgalasy bolup geljegiňizi isleýşiňiz ýaly güllediň!

51
529