beghanym
22.10.2023 15:26

Hemmäňize salam. Nikalaşmak barada köp ýaşlar dürli sowallary sorap post goýarlar men bu post ýaşlara maslahat hökmünde ýazdym.

Ynsanlar ýetginjeklikde ýetişip her kim öz taýyny tapyp durmuş gurmak adaty zat. Ýöne ýaşlarda käbir sowallara jogap tapmak kynçylyk döredýär, meselem gyz bilen oglanyň arasy näçe ýaş bolsa gowy ? ýada söýüp durmuş gursaň gowymy ýa söýmän toý edip bolarmy?

Biziň her birimiz aýry-aýry dürli düşünjeli aýratyn pikirli täsin dünýägaraýyşly ynsan. Her kimiň öz doglan gününe laýyklykda öz ýyldyzy we ýyl näçesi bar, şoňa göräde aýratynlygy bar. Ilki bilen her adam özüni tanamaly we ýaşaýyşa bolan höwesiň bolmaly. Soňra özüňe mynasyp ýan ýoldaşyň barlygyny duýmaly we ynanmaly. Ykbal sizi hökman duşurar. Tötänlikden ýada tanşyň üstü bilen gabatlaşmak ýada goňşy klasdaş işdeş ýada kursdaş bolup biler şol wagt üýtgeşik bir duýgy peýda bolup gider. Soňra pikir alyşaňda, edýän hereketiňde, düşinjäň deň gelip başlar. Käbir maglumatlara görä ýyldyzlaryňyz gabat gelmegi ynsanlaryň aragatnaşygyna täsir edip bilýär.

Nikada söýgi bilen birikseň sizem bagtly sizden önüp ösmeli çagalaram bagtly iň uly baýlyk şol. Söýgi mähir bolmasa ýaşaýyşyň gyzygy bolmaz. Söýgide ar-namys , haýa, ygtybarlylyk , ynam, dogry söz , halallyk, wepalylyk, agzybirlik, mähirli duýgylar höküm sürýändir.

Nikalaşmak üçin ýaş aýratynlygy dürli dürli bolup bilýär. Düşinjäň we pikiriň deň gelmegine bagly. Ýöne umuman alanyňda gyz maşgala ir ýetişýär , yslam dinde hem gyzlar oglanlardan 3 ýyl ir başlaýar namaza, şonuň üçin gyzlar öz deňinden 3-5 ýaş uly oglanlar bilen gowy ylalaşykly ýaşaýarlar. Şeýle ýagdaýda siz birek biregiň bagtyny duýarsyňyz. Içiňizde has uly ýaşlary saýlaýanlarda bar kiçi saýlaýanyda bar ýaşy deňlerem köp ýöne esasy zat düşünşip ýaşamak hormat goýmak wepaly agzybirlikde aladaňyzy etmek maşgalaň iň uly diregi bular bolmasa dargamak bilen bolýa. Nika mukaddes zat ol oýunjak däl iki ynsanyň nikasynyň astynda günäsizje çaga ba düşüniň! Soňky wagtlar nika bozmak oýunjak bolup barýa her kim özüne özü jogap berýär siz nikalaşmankaňyz tanap içini daşyny öwrenip maşgalasyndaky gatnaşygyny öwrenip soňra karara geliň! Synagdan geçirip görüň ! Käbir ene atalaryň ýalňyşy üçin kiçijek çaga ýanýar. Ylalaşyk iki taraplaýyn bolýar agzybir boluň! Bagtyýar zamanyň bagtly maşgalasy bolup geljegiňizi isleýşiňiz ýaly güllediň!

51
529
hk97
23 Oktýabr 2023
@tmyigit76, ylma esaslanyp aydyan delillemem bar .Bor goýaly .Minnetdar
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
@hk97, bolýa goýalylaý şu gürrüňi dogrysynu Alla bilýär
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
@hk97, siz onda gaty ýalňyşýaňyz. Bu adamyň döreýşini düşündirýän gadymy rowaýat dälde hakykat. Maýmyndan döremek giň ýaýran düşünje we ol hakyta laýyk gelmeýär. Siz şu wagt öz pokiriňizi aýdýaňyz hiç hili ylyma esallanaňyzok.
hk97
23 Oktýabr 2023
Çünki gadymy döwürlerde adam ýaradylyşyny öwrenmek üçin başka pikir ýokdy ylym döremedik ösmedikdi we adamlaryñ özleri hakda gyzyklanmalaryna jogap tapmak gerekdi We Gurhanymyzdada ilkinji aýa"OKA"dy.Öwrenäge çalyşmak ýalñyş däldir .Minnetdar@tmyigit76,
hk97
23 Oktýabr 2023
@tmyigit76, Ýalan diýmeýän ýöne hakykatada laýyk gelmeýär.Çünki Adam atamyz yaradylanda birkemsiz adam suretinde döreýär hiç hili ewolyusiýa ýok emma bu gadymy döwürlerde ynsan ýaradylyşyny öwrenmek üçin DÖREDILEN dini pikir meniñ pikirimçe
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
@12445, Menem haýran şoňa
tmyigit76
23 Oktýabr 2023
@hk97, Adam ata How ene rowaýaty ýalanmy onda ?
hk97
23 Oktýabr 2023
Başgalaryñ adam bolup bilmeýänligi çünki adama Ýaradan şeýle ewolyusiya bagş edipdir.Ewolyusiya geçimek üçin AKYL gerek olam adama berlen@tmyigit76,
hk97
23 Oktýabr 2023
@tmyigit76, Hormat goýýan pikirleriñe.Ýöne ewolusiýa ALLAHYÑ emridir we öziniñ adam edip ýaratjak jandaryny maýmyndan dälde maýmynsypat ilkinji adamlardan başlandyr.Ewolusiýa elbette bu adama mahsusdyr we adam bolmaly jandar biler bolsañyz taryhyñ hem şaýatlyk etmegine görä maýmyn bilen baglañşykly jandar bolup .
1273
23 Oktýabr 2023
Hakyky soygi nikadan son bolya onan onki soygi wagtyn gecirmekmika diyan men pikrimca
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.