beghanym
15.02.2024 18:59
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň agzalary 🙋‍♀️
Bu günki işimi haladyňyzmy?
Kemçilik barmy teswirde ýazyň !

Mähribanlar siz üçin näme gyzykly durmuşda ?
33
177
beghanym
14.02.2024 14:22
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️
"Aýal öýden çykar , öýlänligi yzyndan " bu nakyla nähili düşünýäň ?
Ýa da meselem ýoldasy daşary ýurda işe gitýär gelinem yzynda çagalaryny taşlap yzyndan gitýär köp duş gelýä şu ýagdaýa nähili garaýarsyňyz?
39
195
beghanym
12.02.2024 16:40
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️

Sagdyn we owadan bolmak hemmämiziň arzuwymyz.
Emma islendik işde bolşy ýaly hem owadan görünmegiň hem altyn düzgünleri bar. Sagdyn ýagdaýda horlanmak üçin ilki bilen açlyk çekmeli däldigini ýadyňyzdan çykarmaň. Horlanmak üçin açlyk azaby sizi gysga wagtyň içinde horlamaga mejbur etse-de, soňra agramyňyzy çalt yzyna alarsyňyz. Horlanmak üçin sagdyn tertibe eýermek, gowy iýmek we sport bilen meşgullanmak zerurdyr. Horlanmak baradaky maslahatlarymyza göz aýlaň. Sagdyn iýmitlenip hem horlanyp bolýar.

Saglykly horlanmak üçin edilmeli işler

Her gün 2-3 sany täze miweleri iýmäni unutmaň. Täze miwelerdäki fermentler we witaminler maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrýar. Bu horlanmak üçin gaty möhüm jikme-jiklikdir. Her esasy naharda, elmydama irden, günortan we agşam çig gök önümleri ýa-da işdäaçarlary iýiň. Horlanmak isleýän döwrüňizde hökmany ýagdaýda berhiz lukmanlary bilen maslahatlaşmaly. Nohut, noýba, kömelek ýaly ýokary belokly güýçli gök önümlerden gaça durmaň. Berhiz lukmanyňyzy diňläň we möwsüme üns berseňiz, bu gök önümleri naharyňyza goşuň. Her gün azyndan ýarym sagat ortaça tizlik bilen hereket etmeli. Horlanmak üçin her gün ýarym sagat ýöremek, artykmaç agramyňyzy aýyrmagy üpjün eder.

Her gün iň azyndan 2 litre  golaý su içmelisiňiz.  Suwuň sarp edilişi günüň islendik wagty, isleýşiňiz ýaly we islän temperaturaňyz bolup biler. Berhiz lukmanlary suw içmek barada ylalaşýarlar, ýöne ony nädip içmelidigi entek belli däl. Suw içýän wagtyňyz özüňizi diňläň, näçe we haçan içeniňizde-de, hemişe lukmanyňyz tarapyndan maslahat berilýän suwuň mukdaryny dolduryň. Suw içmek endigi sizde ýuwaş-yuwaşdan peýda bolup başlar.

Öz agramyňyzy ýitirmek üçin wagt bellemeli däl. Maksat zeper alman islegiňe görä agram ýitirmek, agramyňyz ýitireniňizden soň gazanan sagdyn durmuşyňyzy we iýmitleniş endikleriňizi saklamak hem zerurdyr.
41
93
beghanym
11.02.2024 19:32
Salam hemmäňize mähribanlar 🙋‍♀️
Bilýäňizmi bu gün
@1102 agzamyz Göwheriň doglan güni ?
🎉🎁🎂🍹🏠
Mähribanlar bu agza meniň iň ýakyn joram hem klasdaşym bu gün ol özüniň dünýä inen günini belläp otyr.
Mähirli hemde gadyrly mylaýym sada Göwherjan uzak ýaşa ! 👍🏙Arzuwlaryň hasyl bolup indiki ýyl 👫 bileje bellemek we bu ýyl saňa 👰🏼 bolmak bizede toýuňda 💃💃💃oýnamak nesip etsin!
Göwherjan geljek günleň geçen ömrüňden ajaýyp bolsun! Janyň sag başyň dik iň agyr ýüküň abraý bolsun!

Arzuwlar bilen : @beghanym
44
173
beghanym
11.02.2024 10:10
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary 🙋‍♀️
Bu gün size aýtmakçy bolýan zadym ýurdumyzda 7 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda "Müňden biri " atly bäsleşik geçirilip başlady . Tüweleme çagalar jan etýär ýaş talantlar ýüze çykýar özüni görkezýär. Ýagşy show şeýle gowy bäsleşik gurnapdyr häzirem dowam edýär.

Mähribanlar siz hem ýaşajyk gömülgi ýatan talantlary tanaýaňyzmy ?

Olaryň ýüze çykmagy üçin alada edeliň belki siz uly bir ýyldyz üçin kiçijrk ýol ýörelge görkezýän şam çyrag bolup bilersiňiz.
Täze talantlaryň ady ýaşaýan ýeriniň salgysyny ýetirseňiz ýeterlik teswirde täze geljekki nesilleriň talantlaryny bilýän bolsaňyz belläp bilersiňiz.
Eger görmedik bolsaňyz size bu bäsleşige tomaşa etmegi maslahat berýärin.
39
149
beghanym
07.02.2024 10:57
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary 🙋‍♀️
Mende sorag bar köp zenanlar kösenip ýör şu soraga jogap tapman bilýän barmy teswir ýazsyn.
sorag şeýle : alkagolly içgileri içýäm adam nädip saplanyp biler nähili ýoly bar? Ylmy esasda ýa durmuş tejribede gören bilen zadyňyz barmy ýazyň ?!
Men çynym bilen soraýan bu sowala jogap tapman kösenip ýören gözü ýaşly zenanlar ahmyrlyja çagalar bar şolara kömek bolar . Menä bilemok sebäbi biziňkiler çilim we alkagolly içgi içenok ýöne toý edilse almaly bolýas myhman üçin. Meň üçinä alkagolly içgiden başga guşyň süýdüne çenli goýanym gowy görýän.
Öwreneliň we bilýän zadymyzy öwredeliň !
41
291
beghanym
06.02.2024 10:07
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary 🙋‍♀️

Bu gün bizde üýtgeşik gün mähriban käbäm durmuşymyň bezegi öýmiziň törüniň gelişigi balalarmyň enesiniň dünýä inen günü .
Doglan günüňiz gutly bolsun, işiňizde üstünlik janyňyz sag başyňyz dik aramyzda elmydama baş bolup çagalaryň bagtyna guwanyp ýaşamak miýesser etsin. Size köp minnetdar ynamyňyzy ödärin , halal beren duzyňy haklaryn mukaddes ojagyň mertebesini abraýny goraryn !
Perzendiňiziň neberesi köpelip dowamatyň dowam bolsun käbäm daýzamjan !

Ogul ,agtyk, çowluk söýüp,
Ýuwlygyňa ýuwul enem!
Bagtly günler nesip edip,
Alla şaýat etsin bizem!
25
50
beghanym
05.02.2024 12:54
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary!
Mähriban agzalar mende sorag bar :
Ynsan dünýä inenden nähili garşy alýarsyňyz we dünýeden gaýdanda nähili ugradyp däp dessurlaryny berjaý edýärsiňiz ?
Beýle soramagym dürli ýerde dürli däp dessurlar bar öwrenmek üçin siz bilen teswirde belläp paýlaşmak üçin , geliň öwreneliň !
35
162
beghanym
04.02.2024 13:54
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary !

Mähribanlar mende sorag bar siz jogap edip teswirde belläp beriň .

Sorag şeýle :

Öwrenmeli programmada ýurdumyzyň dürli künjeginden agzalar gatnaşýar we olaryň köpüsi käbir gözel ýerler hakda bilmeýär.

Siz Türkmenistanda iň ajaýyp gözel ýerleriň adyny we salgysyny belläp teswir ediň meselem dynç almak üçin zyýarat etmek üçin we çagalar ulylar üçin iň gowy gözel künjeklerini bellik etmegiňizi hemde nädip baryp bolýanyny ýazmagyňyzy sizden haýyşt edýärin.
38
355
beghanym
30.01.2024 21:38
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary!

Bu gün size özümçe ýazan gutlagymy beýan etmek isledim .
Şol sanda mähirlije mylaýym göwni açyk Öwrenmelidäki iki joralar
@nabat_ we @miss_minnosh konkurs geçirýär menem olara sowgat hökmünde şuny belläp geçäýin diýdim .
konkurlar köp bolsun, gyzykly we şowhundan doly bolsun.

Dünýägözel Nabat bile
Bu gün bizde konkurs ine !
Taryp edip zenanlary ,
Bäsleşeliň ! geliň ýene .

Mähribanlaň göwni sada,
Bilmen niçik gyzýar moda,
Mynasypdyr ZENAN ada
@medik_ bilen @karaleva_

Öwrenmeli programmada
Düzgün tertip berkdir kada
Täsin bir zat düşse ýada
Post goýarlar şol bada.

Manyly söz goşgy gazal.
@medik_ agzaň sözi gözel.
@karaleva_ senem pes däl.
IDEAL agza hemde Pespäl !

Mümkin goşga meňzemän biler ýöne başardygymdan tarypyny ýetireýin diýdim .

Söz tapamok wasp etmäge
Näme diýsem bärden gaýdýar
Ähli agza size aýdýan :
Agzybirje bolalyň !
Öwrenmelini gülledeliň !
Gunça açyp ýyllar aşsyn
Ysy bütin dünýä dolsyn.
Ýolbaşçylar abraýy artyp
köp peýdaly işler açsyn!

Mähribanlar durmuşyňyz tortlar ýaly süýji bolsyn hem lezzetli datly bolsyn manysyny bilip durmuşda öz ornuňyzy tapyň!

size minnetdar @beghanym
39
131