beghanym
30.01.2024 21:38
Salam hemmäňize Öwrenmeli programmanyň mähriban agzalary!

Bu gün size özümçe ýazan gutlagymy beýan etmek isledim .
Şol sanda mähirlije mylaýym göwni açyk Öwrenmelidäki iki joralar @nabat_ we @miss_minnosh konkurs geçirýär menem olara sowgat hökmünde şuny belläp geçäýin diýdim .
konkurlar köp bolsun, gyzykly we şowhundan doly bolsun.

Dünýägözel Nabat bile
Bu gün bizde konkurs ine !
Taryp edip zenanlary ,
Bäsleşeliň ! geliň ýene .

Mähribanlaň göwni sada,
Bilmen niçik gyzýar moda,
Mynasypdyr ZENAN ada
@medik_ bilen @karaleva_

Öwrenmeli programmada
Düzgün tertip berkdir kada
Täsin bir zat düşse ýada
Post goýarlar şol bada.

Manyly söz goşgy gazal.
@medik_ agzaň sözi gözel.
@karaleva_ senem pes däl.
IDEAL agza hemde Pespäl !

Mümkin goşga meňzemän biler ýöne başardygymdan tarypyny ýetireýin diýdim .

Söz tapamok wasp etmäge
Näme diýsem bärden gaýdýar
Ähli agza size aýdýan :
Agzybirje bolalyň !
Öwrenmelini gülledeliň !
Gunça açyp ýyllar aşsyn
Ysy bütin dünýä dolsyn.
Ýolbaşçylar abraýy artyp
köp peýdaly işler açsyn!

Mähribanlar durmuşyňyz tortlar ýaly süýji bolsyn hem lezzetli datly bolsyn manysyny bilip durmuşda öz ornuňyzy tapyň!

size minnetdar @beghanym
39
131
Miss_Minnosh❤️
31 Yanwar 2024
Wooww super👌👏🏼@beghanym,
möjek_daýy🐺
30 Yanwar 2024
@beghanym, 👍
möjek_daýy🐺
30 Yanwar 2024
Talant bar ekena azajygam bolsa gelneje @beghanym
medik_
30 Yanwar 2024
@beghanym, 👍gowy .hasam yokardaki ilki yazanlan .juyje cykar senden🙃(degisyandirin)
medik_
30 Yanwar 2024
@beghanym, bir zatlara yazasym gelya menem
medik_
30 Yanwar 2024
@beghanym, menem gosga okuwcykama okdedim welin indi kella zat gelenok😁ya soyguden yanyp kúl bolup baryakam okdelesdimmikam🙃
medik_
30 Yanwar 2024
@beghanym, daś🥰
medik_
30 Yanwar 2024
Ay sag bola🤗minnetdar yatlanyna gúlim♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.