bayramgeldiyewarslan
24.11.2023 12:19
Redmi soňky on ýylda bir milliarddan gowrak Redmi smartfonyny satyp, ajaýyp rekord gazandy. Bu görnükli üstünlik Xiaomi Group-yň prezidenti, Halkara bölümiň prezidenti we Redmi brendiniň baş menejeri Lu Weýbing tarapyndan yglan edildi.

Redmi brendi  2013-nji ýylyň 31-nji iýulynda Xiaomi-iň bir bölegi hökmünde döredi. Aslynda arzan bahadan ýokary hilli smartfonlary hödürleýän täze önüm setirini döretmek göz öňüne tutulypdy. 2019-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Xiaomi Redmini garaşsyz kiçi brende öwrüp, oňa has özbaşdaklyk bermek arkaly strategiki ädim ätdi.
Bu möhüm döwri bellemek üçin Lu Weýbing soňky on ýylda Redminiň ösüşinde möhüm rol oýnan esasy üpjünçilik zynjyryndaky hyzmatdaşlaryny çagyryp, ýörite dabara gurady. Bu waka diňe bir söwdada şowlulyk getirmek bilen çäklenmän, Redminiň ösüşinde we üstünlik gazanmagynda möhüm rol oýnan hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny  hem berkitdi.
Redmi janköýerlerini täzelikler bilen begendirmegi wada berýär. Redmi K70 seriýasynyň ýakyn günlerde satuwa çykarylmagyna garaşylýar.


kimler Redmi ulanýar we haýsy marka we haýsy markasy siz üçin has gowsy teswirde belläp geçiň...
23
153
bayramgeldiyewarslan
23.11.2023 20:34
Lukmanlar Hindistanyň 26 ýaşly ýaşaýjysynda 38 dişiň bardygyny hasaba aldylar. Bu adaty uly adamda bolmalydan alty diş artykdyr. Onuň aşaky äňde dört we ýokarky äňde iki goşmaça dişi bar diýip, MIR 24 habar berýär.

Kalpana Balanyň bu dişleri ýetginjek ýaşynda ösüp başlady. Olar gyzda agyra sebäp bolmasalar-da, oňaýsyzlyk döredýärler, sebäbi olaryň arasynda, köplenç, iýmit galýar. Kalpananyň aýtmagyna görä, onuň ene-atasy artykmaç dişleriň çykýandygyny görüp, geň galdy we olary aýyrmagy maslahat berdi.
Ýöne diş lukmany dişler ulalýança garaşmaly boljakdygyny aýtdy, sebäbi şol wagt olary aýyrmak aňsat däldi. Olar doly ösenlerinden soň, gyz proseduradan geçmekden gorkup, olary saklamak kararyna geldi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny alandan soň bolsa, öz çözgüdinden hoşaldygyny aýtdy.
Kalpana Balan zenanlaryň arasynda diş sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Onuň geljekde rekordy täzelemek ähtimallygy bar, sebäbi onuň ýene-de iki dişi çykmaly. Erkekleriň arasynda rekord 41 dişi bolan kanadaly Ewano Mellona degişlidir.
26
110
bayramgeldiyewarslan
23.11.2023 08:30
NordPass kompaniýasy 2023-nji ýylda iň köp ulanylan parollaryň sanawyny hödürledi. Birinji orny 123456 paroly eýeledi, 2023-nji ýylda parol menejeriniň ulanyjylary bu parol bilen öz akkauntlaryny 4 mln 524 müň gezek goradylar. Kompaniýa bu parolyň döwmek üçin bir sekuntdan köp wagty talap etmeýändigini belleýär diýip, habr.com habar berýär.

Ilkinji bäşlige giren beýleki parollar, ýagny admin sözi (ulanylyş ýygylygy 4 mln 8 müň gezek), 12345678 (1,3 mln gezek), 123456789 (1,2 mln gezek) we 1234 (969 müň gezek) hem döwmek üçin şolar ýaly kynçylygy döredýär.
Köp duş gelýän parollaryň arasynda user, UNKNOWN, password, Password sözleri, admin123 ýaly söz bilen sanyň utgaşmasy, şeýle-de 111111, 000000 ýaly san utgaşmalary hem bar. UNKNOWN sözi beýlekilere garanda birneme “çylşyrymly” parol boldy: ony döwmek üçin 17 minut gerek.
NordPass kompaniýasynyň hünärmenleri ulanyjylara käbir maslahatlary berýärler. Ilki bilen, parol azyndan 20 belgiden ybarat bolmaly we baş hem setir harplary, sanlary we ýörite nyşanlary öz içine almaly. Kompaniýa doglan günleri, atlar ýa-da umumy sözler ýaly bilmesi aňsat maglumatlary ulanmakdan gaça durmagy we şol bir paroly birnäçe serwis üçin ulanmazlygy maslahat berýär. Ulanyjylar wagtyň geçmegi bilen parolyň işleýşini barlap, gowşaklary, köneleri ýa-da gaýtalanýanlary anyklap, üýtgedip, kamilleşdirip we çylşyrymlaşdyryp durmaly. Hasabat maglumatlaryny döretmek we saklamak üçin parol menejerinden peýdalanmak maslahat berilýär.
20
16
bayramgeldiyewarslan
16.11.2023 07:57

1962-nji ýylyň Ferrari 250 GTO ýaryş awtomobili Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby’s auksionynda rekord 51,7 mln dollara satyldy. Bu barada çäräniň resmi saýtyna salgylanyp, Report habar berýär.


Satylan Ferrari 250 GTO 60 ýyldan gowrak wagt mundan ozal “Le-Manyň 24 sagady” sport ýaryşyna gatnaşdy, ýöne ol güýç gurluşynyň aşa gyzmagy sebäpli 24 sagatlyk ýaryşy tamamlap bilmedi. Muňa garamazdan, awtomobil Germaniýanyň Nýurburgring ýaryş ýolunda geçirilen 1 müň km aralyga başga bir ýaryşda öz klasynda ilkinji bolup pellehana geldi.

Ilkibaşda awtomobil dört litrlik V12 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Soň güýç gurluşy adaty üç litrlik enjam bilen çalşyryldy.

1985-nji ýylda awtomobil Birleşen Ştatlara geldi we häzirki ýyla çenli biriniň elinde saklandy. Soňky 38 ýylyň dowamynda bu 250 GTO dünýäniň awtoşoularyna we wintaž ulaglarynyň sergisine gatnaşdy.

Awtomobil bilen birlikde onuň täze eýesi awtoulagy Nýurburgrindäki we Le-Mandaky ýaryşlara taýýarlamak üçin asyl nusgadaky resminamalary aldy, bu hem tassyklanan taryhy gymmaty sebäpli lotuň bahasyny ep-esli ýokarlandyrdy.

21
38
bayramgeldiyewarslan
15.11.2023 19:39

Hatikonyň doglan ýeri bolan Akita prefekturasynyň Odate şäherinde onuň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli iki günlük dabaralar geçirildi. Sibuýa demirýol menzilinde ýubileý petekler satuwa çykaryldy, Hatikonyň heýkeliniň golaýynda ite we Sibuýa etrabyna bagyşlanan pawilýon guraldy.


Akita-inu tohumyna degişli bolan Hatiko 1923-nji ýylda Akita prefekturasynyň Odate şäherinde dünýä indi, 50 gün soň Tokio uniwersitetiniň professory Hidesaburo Ueno sowgat berildi. Hati eýesini işe ugradyp we işden gelende garşylap başlady. 1925-nji ýylda professor Ueno işe gitdi we gaýdyp gelmedi – ol professorlaryň mejlisinde tarpataýyn aradan çykdy. Hati eýesiniň aradan çykandygyny bilmeýärdi we günde iki gezek – irden we agşam Sibuýa demirýol menziline gelip, eýesine garaşdy. Hatiko eýesine adatça Sibuýada däl-de, uniwersitetiň golaýynda garaşýardy. Emma professor köplenç iş saparlaryna gidýärdi we bu ýagdaýlarda Sibuýa menzilinden peýdalanýardy. Hatiko Sibuýa demirýol menziline günde iki gezek, irden we agşam professor iş saparyndan gaýdyp geler diýen umyt bilen gatnap başlady. 1932-nji ýylda Hatiko hakynda gazet makalasy çap edildi. Şeýlelikde, ol uly meşhurlyk gazanyp, 2 ýyldan soň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna «Wepaly it Hatiko» ýadygärligi guruldy; Hati ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 1935-nji ýylda Hatiko Sibuýanyň golaýynda aradan çykdy we şol ýylda onuň hatyrasyna ýene bir ýadygärlik guruldy.

Şondan bäri Hatikonyň ýadygärligi Tokioda duşuşyk üçin iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Hatikonyň doglan senesi 10-njy noýabr hasaplanýar, ýöne onuň doglan güni mynasybetli çäreleri hepdäniň ahyrynda geçirmek kararyna gelindi.

22
71
bayramgeldiyewarslan
14.11.2023 19:50

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentler dünýä indi. Bu şatlykly waka etrapda soňky ýüz ýylda ikinji gezek hasaba alyndy diýip, «Nebit-Gaz» elektron neşiri habar berýär.


2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda dünýä inen perzentlere Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy.

Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Daşoguznebitönümleri» kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy hökmünde tanalýar.

Belläp geçsek, Şahymerdan bilen Sülgüniň agzybir maşgalasynda öňem iki çaga bar. Maşgalanyň ilkinji perzendi — Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar.

45
513
bayramgeldiyewarslan
14.11.2023 08:07

“Titanigiň” birinji derejeli ýolagçylary üçin agşamlyk naharynyň menýusynyň bir nusgasy Beýik Britaniýada geçirilen Henry Aldridge and Son auksionynda 84 müň funt sterlinge satyldy. Bu barada Sky News teleýaýlymyna salgylanyp, rbc.ru habar berýär.


Menýu 1912-nji ýylyň 11-nji apreli bilen senelenýär. Şol gün agşamlyk nahary üçin gäminiň ýolagçylaryna ustrisa, sygyr eti, guzy we ördek hödürlendi.

Satylan menýuda suwuň ýetiren zeperiniň yzlary bar diýip, Sky news belleýär. Nusga taryhçy Len Stiwensonyň 1960-njy ýyllardaky fotoalbomynda tapyldy. Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, menýuny oňa diri galan ýolagçylaryň biriniň beren bolmagy ähtimal.

Menýunyň ölçegi 6,25/4,25 dýuým (takmynan, 16/11 sm) bolup, “Titanigi” guran White Star Line kompaniýasynyň gyzyl baýdagy bilen bezelipdir.

Lot üçin başlangyç baha 60 müň funt sterling boldy.

25
70
bayramgeldiyewarslan
13.11.2023 07:19

2016-njy ýylda Ilon Mask we alymlar topary tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy diňe bir mümkinçiligi çäkli adamlaryň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk etmek ukybyny bölekleýin dikeltmän, eýsem ysmaz bolanlary aýaga galdyryp biljek beýni implantlaryny döretmegi maksat edindi. Adamlarda synagdan geçirmäge rugsat almak bilen, Neuralink eýýäm geljek ýyl 11 hassany operasiýa etmekçi bolýar diýip, 3dnews.ru belleýär.


Bloomberg agentliginiň materialynda bellenilişi ýaly, Ilon Mask Neuralink implantlarynyň adamlardaky kliniki synaglaryna rugsat bermek işini çaltlaşdyrmagy başardy, sebäbi adaty tertip ilkinji hassanyň üstünlikli operasiýadan soň hünärmenleriň elinde bir ýyl gözegçilikde bolmagyny we diňe şondan soň kompaniýa indiki operasiýalary geçirmäge rugsat berilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de bolsa, FDA agentligi Neuralink kompaniýasyna implantlary birbada 11 hassada synagdan geçirmäge rugsat berdi we olar eýýäm geljek ýyl operasiýa ediler.

Kompaniýa her bir operasiýanyň bahasyny 10 500 dollar bilen bahalandyrýar, ýöne ätiýaçlandyryş kompaniýalary her bir hassa üçin 40 000 dollar tölemeli bolarlar. Startapa eýýäm müňlerçe hassa ýüz tutdy, ýöne indiki ýyla çenli synagyň ilkinji tapgyry üçin 11 meýletinçi saýlanar. Bellenilişi ýaly, tejribä gatnaşyjylaryň her biri 40 ýaşdan kiçi hem-de el we aýak ysmazyndan ejir çekýän bolmaly.

2025-nji ýylda kompaniýa adamlara 27 implant oturtmagy, 2026-njy ýylda ýene 79 hassada operasiýa geçirmegi, 2027-nji ýylda 499 operasiýa, 2030-njy ýyla çenli bolsa her ýyl 22 204 operasiýa geçirmegi meýilleşdirýär. Bäş ýyldan kompaniýa operasiýalardan ýylda 100 mln dollar möçberde girdeji almagy göz öňünde tutýar. Öz işläp düzen robotyndan başga-da, Neuralink ýarym geçiriji komponentleri özbaşdak işläp düzýär we taýýarlaýar. Implant iş wagty gyzmaly däldir ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen hassany biynjalyk etmeli däldir, şonuň üçin bu tapgyrda komponentleriň köpüsini kompaniýa öz güýji bilen işläp düzýär we öndürýär.

2021-nji ýylda, takmynan, 12 hirurgiýa roboty 155 haýwana çip oturtdy, geçen ýyl operasiýalaryň sany 294-e ýetdi.

22
39
bayramgeldiyewarslan
12.11.2023 08:50

Google Chromium-y işläp düzüjiler topary Google Chromium brauzerine soňky birnäçe ýylda onuň gowulaşmagy üçin edilen işler barada blogda ýazdylar.


Windows 11-de, esasanam, Windows 11-iň Efficiency Mode “netijelilik režimi” diýlip atlandyrylýan üçin goşmaçalar girizildi. Aýratynam, Firefox, Chromium-a däl-de, Gecko hereketlendirijisine esaslanýan bolsa-da, bu režimi goldaýar.

Google-yň belläp geçişi ýaly, Chrome-da sahypa ýüklemek öňküden ortaça 166 ms çalt amala aşýar. Munuň ujypsyzja gowulaşma ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne ownuk üýtgeşmeler jemlenip, internete ep-esli täsir edip biler.

Işläp düzüjileriň batyrgaýlyk bilen aýdyşy ýaly, Chrome ulanyjylaryň sahypalaryň ýüklenmegine garaşmaly boljak 10 000 ýyldan gowrak wagtyny tygşytlady, şeýle hem saýtlaryň jogap bermegine-de olar 1200 ýyl garaşmaly bolardy. Mundan başga-da, bu san maglumaty Windows kompýuterlerinde we Android esasly enjamlarda 2023-nji ýyldaky görkezijileri göz öňünde tutýar - Windows-da 2 müň ýyl, Android-de 8 müň ýyl tygşytlanýar.

24
45
bayramgeldiyewarslan
11.11.2023 15:12

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň lukmanlary adama tutuş bir gözi oturtmak boýunça taryhda ilkinji operasiýany geçirdiler. Degişli metbugat relizi Nýu-Ýorkyň Langon uniwersitetiniň (NYULH) saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.


“Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon lukmançylyk merkeziniň hirurglar topary Arkanzasdan 46 ýaşly harby weteranyna tutuş bir gözi we ýüz bölegini oturtmak boýunça dünýäde ilkinji operasiýany geçirdi” – diýip, lukmançylyk merkezi habar berýär.


Bellenilişi ýaly, bu adama iş ýerinde ýokary basyş astyndaky sime tötänleýin degenden soň ýokary derejede güýçli tok şikes ýetirýär. Netijede, ol çep gözüni, burnuny, dodagyny, öň dişlerini, çep ýaňagynyň bir bölegini we süňke çenli eňegini ýitirýär.

Operasiýa 21 sagada golaý wagt dowam edýär, oňa 140-dan gowrak hirurg, şepagat uýasy we beýleki lukmançylyk işgärleri gatnaşýar.

Relizde hassanyň täze göz bilen görüp biljekdiginiň ýa-da ýokdugynyň entek kesgitlenmändigi, ýöne organyň transplantasiýadan bäri “ajaýyp saglyk alamatlaryny” görkezýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, hirurglaryň bu üstünliginiň “görüşi bejermekde geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi” bellenilýär.

19
24