bayramgeldiyewarslan
14.11.2023 19:50

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentler dünýä indi. Bu şatlykly waka etrapda soňky ýüz ýylda ikinji gezek hasaba alyndy diýip, «Nebit-Gaz» elektron neşiri habar berýär.


2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda dünýä inen perzentlere Dünýä, Dursun, Abat diýip at dakyldy.

Maşgalabaşy Şahymerdan Şammyýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Daşoguznebitönümleri» kärhanasynda on ýyldan gowrak wagtdan bäri sürüji bolup zähmet çekip gelýär. Sülgün Töräýewa bolsa 2010-njy ýyldan bäri obada öý hojalykçy, ussat pileçi, edermen ýygymçy hökmünde tanalýar.

Belläp geçsek, Şahymerdan bilen Sülgüniň agzybir maşgalasynda öňem iki çaga bar. Maşgalanyň ilkinji perzendi — Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar.

45
513
Kenno_Tabi
15 Noýabr 2023
@jeena, ha dogry
Kenno_Tabi
15 Noýabr 2023
jeena
15 Noýabr 2023
Gorogly etrap 19-njy orta mekdep, Ișan obada bolyar
bayramgeldiyewarslan
15 Noýabr 2023
@geldiyevna, yok gorogly dal basga etrap
bayramgeldiyewarslan
15 Noýabr 2023
Bu gun meshur bolupdyrna sag bolun ahli owrenmeli agzalaryna kop kop
Kenno_Tabi
15 Noýabr 2023
19-njy mekdep diýýä aždarlar owa bolaýýamy? Men 18-de okapdym...
bagulya
15 Noýabr 2023
Bizde 9 caga bar yone ekiz dal
serdarowna
15 Noýabr 2023
Suratdaky oglan bilen gyz başga suratdan kesilipdir öýdýän
bayramgeldiyewarslan
14 Noýabr 2023
Oglanada gyzada goyulya sol at mysal üçin Şanur, Arzuw atlaryň oglanada gyzada goýulanyny gordim tamayanam solary
Abat_
14 Noýabr 2023
@Serwi, bolar:))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.