bayramgeldiyewarslan
02.12.2023 06:03
SpaceX-iň, Tesla-nyň we X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask emeli aňyň (AI) ösüş tizliginden howatyrlanýar. Ol muny The New York Times gazetiniň bir çäresinde aýtdy.

Ol: "AI babatynda ätiýaç edýändigim sebäpli ukusyzlykdan kösendim" - diýdi. Mask ýakyn üç ýylda AI-niň, mysal üçin, “Joan Rouling ýaly gowy roman ýazyp”, täze tehnologiýa döredip ýa-da fizikanyň täze bir bölümini açyp biljekdigini aýtdy.

Mask ozal emeli aňyň adamzadyň barlygyna howp bolup biljekdigini aýdypdy. Ol çalt ösýän tehnologiýany zyýanly tarapa-da, peýdaly tarapa-da ulanyp boljak "iki ýüzi hem ýiti gylyç" bilen deňeşdirdi.
11
8
bayramgeldiyewarslan
01.12.2023 19:36

Iki ýaşly amerikaly Isla Maknabb (Kentukki ştaty) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gyzjagaz aň derejesi ýokary bolan adamlaryň jemgyýetiniň iň ýaş agzasy boldy diýip, MIR 24 habar berýär.


Islanyň kakasynyň aýtmagyna görä, çagajyk ýedi aýlyk wagty kitaplarda özüne aýdylan predmetleri görkezip bilýärdi, 18 aýlyk wagty elipbiýi öwrendi, iki ýaşynda bolsa okamaga başlady. Mundan başga-da, ol ähli sanlary we reňkleriň aglabasyny bilýär.

Çaganyň ene-atasy gyzjagaza IQ derejesi ýokary bolan adamlaryň jemgyýetine goşulmak isleýänler üçin synagdan geçmek gerek diýen karara geldiler. Ilkibaşda hünärmenler gyzjagazyň örän ýaşdygy üçin synagy geçirmekden boýun gaçyrdylar, ýöne ahyrynda razy boldular.

Häzir Isla üç ýaşynda. Ol çagalar bagyna gatnaýar. Isla matematikany, surak çekmegi we okamagy gowy görýär. Gyzjagazyň ene-atasy onuň üçin aýratyn bilim meýilnamasynyň düzülmegini we mekdebe ir gitmegine mümkinçilik berilmegini isleýär.

24
49
bayramgeldiyewarslan
30.11.2023 06:51

Dünýäde ykjam telefonlaryň iň uly kolleksiýasy 3456 sany dürli gurluşy öz içine alýar we bu Ginnesiň täze rekordydyr. Bu barada ixbt.com habar berýär.


Rumyniýanyň ýaşaýjysy Andreý Bilbi Arjentis bu kolleksiýany öýünde ýygnady. Deňeşdirmek üçin, Ginnesiň öňki rekordy 2779 telefony öz içine alýardy.

Ýöne haýran galdyrýan zat, Arjentisde aslynda 3456 sany ykjam telefon däl-de, ondan birnäçe müň köp telefon bar, ýöne görkezilen sandan galany dublikatdyr.

Rekord eýesi bu telefonlary 2018-nji ýylda ýygnap başlapdyr.

16
66
bayramgeldiyewarslan
29.11.2023 20:35
30 ýyldan gowrak wagt mundan öň Antarktidada şelf buzlugyndan döwlüp aýrylan dünýädäki iň uly aýsberg hereket edip başlady we ýakyn wagtda ýumrulyp biler. Bu barada Britaniýanyň Antarktika gullugyna salgylanyp, ru.euronews.com habar berýär.

Meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ägirt uly buzluk yklymdan 1986-njy ýylda aýryldy, ýöne onýyllyklaryň dowamynda Ueddell deňzinde hereketsiz saklanypdy.
Aýsbergi herekete getirip bilen sebäpleriň biri hökmünde global maýlama bellenilýär.
Geçen hepdede BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Antarktida baryp gördi. Antarktikadaky deňiz buzunyň meýdany rekord pes derejä ýetdi. BMG-niň ýolbaşçysy ähli ýurtlaryň hökümetlerini global temperaturanyň ösüşini Selsiý boýunça 1,5 derejä çenli çäklendirmek üçin zerur çäreleri görmäge çagyrdy.
30
90
bayramgeldiyewarslan
29.11.2023 20:34
Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Mark Sukerberg köp wagtyny işe sarp edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde syýahat etmäge, çagalary bilen güýmenmäge we MMA-nyň pälwanlary bilen türgenleşmäge hem wagt tapýar.

Metanyň baş direktory irden sagat 8 töweregi oýanan badyna derrew telefonyndaky Facebook-y, Messenger-i we WhatsApp-y barlaýar. Dünýäde bolup geçýän wakalara baglylykda, bu birnäçe minutdan başlap, has köpräk wagta çenli alyp biler.
Irdenki maglumatlary alandan soň, Sukerberg türgenleşik geçmäge gidýär. Häzir Sukerberg hepdede üç-dört gezek güýç, gujura laýyk we hereketli türgenleşiklerden başga-da, jiu-jitsu bilen meşgullanýar we MMA-da türgenleşýär.
Sukerbergiň ertirlik naharynda nämeler iýýändigi mälim däl, ýöne ýakynda günde 4000 kaloriýa sarp etmäge çalyşýandygyny aýtdy. Surnukdyryjy fitness-režim myşsa belogynyň sintezini, elektrolitleriň üstüni doldurmagy we umumy dikeldişi goldamak üçin ýokary kaloriýaly naharlardan köp iýmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, ol McDonald’s-dan hem naharlanýar.
Sukerbergiň üýtgeşik häsiýetleriniň biri her gün şol bir eşik geýmegidir: onuň «iş eşigi» - jinsi, krossowka we çal futbolka. Onuň sözlerine görä, şeýlelik bilen ol wagtyny we akyl güýjüni «iýýän» ownuk-uşak kararlardan gaça durýar. Sukerberg 2015-nji ýylda CNN telekanalyna hepdede 50-60 sagat wagtyny «Facebook-a» (6,25-den 7.5-e çenli doly 8 sagatlyk iş gününi) sarp edýändigini, ýöne hemişe öz kompaniýasy hakda pikir edýändigini aýtdy.
Sukerbergiň iş tertibiniň yzygiderli syýahatlar sebäpli üýtgeýändigine garamazdan, maşgalasy üçin hemişe wagt tapýar. 2012-nji ýylda ol uzak wagtdan bäri gatnaşyk saklaýan garwardly gyzy, çaga lukmany Prissilla Çana öýlendi we Maksima, Awgusta we Aurelia atly üç gyzy bar. Sukerberg çagalary bilen dürli temalary ara alyp maslahatlaşýandygyny we olary saglyk, dostlar we maşgala ýaly durmuşlarynyň möhüm taraplary hakda pikirlenmäge ugrukdyrýandygyny aýtdy. Çanyň sözlerine görä, adamsy her gije çagalara kitap okap berýär ýa-da ýatmazdan ozal “Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň sözlerini öwredýär”.
18
32
bayramgeldiyewarslan
28.11.2023 08:13
«Apple» korporasiýasy ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny goramagyň täze usullaryny patentledi.

Žurnalistler amerikan korporasiýasynyň internetde peýda bolan iki sany patentine ünsi çekdiler. Birinjisine görä, «Apple» smartfonlaryň ekranynyň burçlaryny garaňkylaşdyrjak ýörite sazlamany döretmegi göz öňünde tutýar. Bu ýagdaýda, beýleki ulanyjylar enjamyň ekranyndaky maglumatlary görüp bilmezler: şonuň üçin parollary ogurlamak has kynlaşar.
Ikinji patente görä, şuňa meňzeş tehnologiýa «Mac» kompýuterleriniň ekranlary üçin ulanylyp bilner. Resminamada ekrandaky maglumatlary okamagyň kyn bolmagy üçin ulanyjynyň ony garaňkylaşdyryp biljekdigini aýdylýar.
Bellenilmegine görä, bu funksiýanyň ornaşdyrylmagynyň sebäbi «Apple» enjamlarynyň ekranlarynyň görüş burçunyň 170 gradusdan ýokary bolmagydyr, bu bolsa kezzaplaryň işini aňsatlaşdyrýar.
24
21
bayramgeldiyewarslan
27.11.2023 09:20
iGreen kompaniýasy diňe bir smartfonyň goragy üçin däl, eýsem planetany ýaşyllaşdyrmak üçin ulanyp boljak iPhone daşlyklaryny hödürledi. Aksessuar içine dürli ösümlikleriň tohumy salnan doly kompostirlenen materialdan taýýarlanandyr diýip, rbclife.ru habar berýär.



Işläp düzüji munuň ulanylyşdan soň topraga oturdyp, ondan owadan gülleriň hem ösümlikleriň ösüşine syn edip boljak dünýäde ilkinji we ýeke-täk iPhone daşlygydygyny belleýär.

“Taýýarlamak üçin ulanylan material tohum saklaýar. Daşlyk üç reňkde (ýaşyl, gök we sary) elýeterli. Her reňk aýratyn bir tohuma gabat gelýär: ýaşyl – reýhan, gök – syçangulak, sary – çopantelpek” – diýlip, beýanda aýdylýar.

Kompaniýa şeýle daşlyklaryň üsti bilen ekologiýa meselesine – gaýtadan işlenilmeýän plastikden aksessuarlaryň önümçiligine ünsi çekmek isleýär.

“Her ýyl dünýäde 1 milliarda golaý daşlyk satylýar. Olaryň her biri diýen ýaly 20 g töweregi gaýtadan işlenilmeýän plastik saklaýar. Her ýyl diňe smartfonlar üçin daşlyklary taýýarlamak üçin 20 müň tonnadan gowrak plastik öndürilýär. Bu material ortaça 500 ýylda dargaýar”.
iGreen Cover mekgejöwen krahmalyndan – tohumlary iýmitlendirýän organiki birleşmeden taýýarlanýar. Tohumlaryň özi daşlygyň iç ýüzünde ýukajyk suwda ereýän plýonkanyň aşagyndadyr. Eger daşlygy suwa salyp, suwarsaň, plýonka erär we tohum materialyny daşyna çykarar.
Ösümligi ösdürip ýetişdirmek üçin, daşlygy toprakly güldana 30 gradus burç bilen ýerleşdirmeli, soňra “suw, Gün şöhlesini we söýgi goşmaly” hem-de birnäçe hepde garaşmaly. Ýaşyl aksessuardan reýhan, sarydan çopantelpek, gökden syçangulak öser. iGreen Cover iPhone 13 Pro, 14 Pro we 15 Pro üçin hödürlenýär. Bir daşlygyň bahasy 17,99 ýewro barabar.
25
54
bayramgeldiyewarslan
26.11.2023 11:20
«Apple» kompaniýasy «Touch ID» sensoryny «iPhone» smartfonlaryna  gaýtaryp getirmek meýilnamalaryndan bütinleý ýüz öwürdi. Bu barada «MacRumors» habar berýär.

Bellenilmegine görä, «Apple» hyzmatdaşlarynyň zawodlaryndaky «Touch ID» sensoryny öndürmek üçin zerur bolan enjamlaryny öçüripdir. Şeýle hem kompaniýanyň öz enjamlaryna daktiloskopik (barmak yzy) sensoryny gaýtadan ornaşdyrmagy meýilleşdirmeýändigi bellenilýär.
«iPhone SE» smartfony häzirki wagtda kompaniýanyň barmak yzy esasynda gulpdan açmak funksiýasyna eýe bolan ýeke-täk enjamydyr. Şeýle-de bolsa, enjamyň indiki nesli «Face ID» esasynda gulpdan açmak funksiýasy bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, «Apple» «Touch ID-den» bütinleý ýüz öwrer
Şol bir wagtyň özünde, geljekde kompaniýanyň ýüzüň şekili boýunça gulpdan açmak usulyny barmak yzy bilen açmak tehnologiýasy bilen çalşyp biler, ýöne bu ýagdaýda daktiloskopik sensor ekranyň aşagynda ýerleşer. Täze tehnologiýa 2026-njy ýylda smartfonlarda peýda bolup biler.
18
13
bayramgeldiyewarslan
25.11.2023 07:18
Salamwaleýkim öwrenmeli agzalary 23.11.23 güni oglum boldy şol şatlygymy siz bilen hem paýlaşaýyn diýdim.
Ähliňize şeýle ogul bäbek edinmek miýesser etsin
38
131
bayramgeldiyewarslan
25.11.2023 07:18
Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Interbrand Corp. konsalting kompaniýasynyň gözleglerine görä, onuň brendi 502,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

Apple reýtingde öňdebaryjylygy eýýäm on bir ýyl bäri saklaýar. Ikinji orunda Microsoft ýerleşdi, onuň bahasy 316,6 mlrd dollar bilen bahalandyryldy. Amazon (276,9 mlrd dollar) we Google (260,2 mlrd dollar), degişlilikde, üçünji we dördünji orunlary eýelediler. Ilkinji bäşligi, geçen ýyl bolşy ýaly, Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy jemleýär. Onuň bahasy 91,4 mlrd dollara barabar.
Toyota kompaniýasy 64,5 mlrd dollar baha bilen dünýäniň ähli brendleriniň arasynda altynjy orny eýeledi. Ýaponiýaly öndüriji, degişlilikde, ýedinji we onunjy orunlary eýelän Mercedes-Benz (61,4 mlrd dollar) we BMW (51,1 mlrd dollar) ýaly bäsdeşlerinden öňe geçdi.
Sekizinji we dokuzynjy orunlarda Coca-Cola (58 mlrd dollar) we Nike (53,7 mlrd dollar) ýerleşdi.
Interbrand Corp. kompaniýasynyň analitikleri dünýäniň iň gymmat 100 brendiniň umumy bahasynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,7% ýokarlanandygyny bellediler. Interbrand Corp. 1974-nji ýylda döredilen we öz usuly boýunça kompaniýalaryň brendleriniň bahasyna baha berýän brend-konsaltinge ýöriteleşen kompaniýadyr. 
18
7