bayramgeldiyewarslan
25.11.2023 07:18
Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy. Interbrand Corp. konsalting kompaniýasynyň gözleglerine görä, onuň brendi 502,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

Apple reýtingde öňdebaryjylygy eýýäm on bir ýyl bäri saklaýar. Ikinji orunda Microsoft ýerleşdi, onuň bahasy 316,6 mlrd dollar bilen bahalandyryldy. Amazon (276,9 mlrd dollar) we Google (260,2 mlrd dollar), degişlilikde, üçünji we dördünji orunlary eýelediler. Ilkinji bäşligi, geçen ýyl bolşy ýaly, Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy jemleýär. Onuň bahasy 91,4 mlrd dollara barabar.
Toyota kompaniýasy 64,5 mlrd dollar baha bilen dünýäniň ähli brendleriniň arasynda altynjy orny eýeledi. Ýaponiýaly öndüriji, degişlilikde, ýedinji we onunjy orunlary eýelän Mercedes-Benz (61,4 mlrd dollar) we BMW (51,1 mlrd dollar) ýaly bäsdeşlerinden öňe geçdi.
Sekizinji we dokuzynjy orunlarda Coca-Cola (58 mlrd dollar) we Nike (53,7 mlrd dollar) ýerleşdi.
Interbrand Corp. kompaniýasynyň analitikleri dünýäniň iň gymmat 100 brendiniň umumy bahasynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,7% ýokarlanandygyny bellediler. Interbrand Corp. 1974-nji ýylda döredilen we öz usuly boýunça kompaniýalaryň brendleriniň bahasyna baha berýän brend-konsaltinge ýöriteleşen kompaniýadyr. 
18
7
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.