bayramgeldiyewarslan
22.12.2023 07:07
OGŞAŞMAGYÑ TARYHY MESOPOTAMIÝADAN BAŞLANÝAR

Hindistanyñkylardan müñ ýyl öñ ýazylan ýazgylaryñ üstünden baryldy.
Geçirilen barlaglar Mesopotamiýadaky romantiki ogşaşmalaryñ partnýoryñ bilen sulh alyşyp-alyşmaýandygyñy bilmekde, jübütleriñ ysnyşygynda we jynsy meýilleri oýarmakda rol oýnandygyny görkezdi (Kopengagen uniwersiteti).

Hasaba geçen birinji ogşaşygyñ güman edilýäninden müñ ýyl öñ bolup geçendigi anyklandy. Daniýanyñ Kopengagen uniwersiteginden hünärmenler Ýakyn Gündogarda 4 müñ 500 ýyla golaý wagt öñ dodaklaryñ birinji gezek tapyşandygyny orta goýdy.
Bu boýunça geçirilen ilkibaşky barlaglarda ogşaşmagyñ birinji gezek 3 müñ 500 ýyl öñ häzirki Hindistanyñ çäklerinde hasaba alynandygy öñe sürlüpdi.
Alym är-aýal Troels Pank Arboll we Sofiýa Lund Rasmussen gerpes simpleks wirusynyñ geçmişi boýunça geçen ýyl jedelleşende ilkinji ogşaşyk bilen gyzyklanandygyny aýtdy.
Munuñ yzyndan taryhy tekstleri barlamaga başlan är-aýal b.e.öñki 2500-nji ýyldan galan maglumatlatda Mesopotamiýadaky ilkinji jemgyýetleriñ käbirlerinde ogşaşmagyñ duş gelendigini anyklady. Ogşaşma barada şumer we akkad dilinde ýazylan ýazgylaram tapyldy.
Bu maglumatlar ogşaşmagyñ diñe är-aýal jübütler bilen çäklenmändigini-de görkezdi.
Daniýaly hünärmenler "Science" atly ylmy žurnalda düýn çap edilen makalada esasanam ogşaşmagyñ uçuk ýaly agyz arkaly ýokuşýan keselleriñ ýaýramagyna getirip biljekdigini aýtdy.
Gadymy medisina ýazgylarynda agzalýan "buşanu" atly keseliñ gerpes simpleks wirusynyñ birinji belgili görnüşi bolup biljekdigi çaklanýar.
Mesopotamiýa taryhy boýunça hünärmen Arbollyñ pikiriçe, sebitden şu güne çenli gelip ýeten ýazgyly toýun plitalar ogşaşmagyñ maşgala gatnaşygynda-da, pynhan gatnaşyklarda hem gabat gelendugini görkezýär:
Şeýle hem ogşaşmagy diñe haýsydyr bir sebitde ýüze çykan we şol ýerden ýaýran endik hasaplamak ýalñyş. Ogşaşmak mundan birnäçe müñ ýyl öñki birnäçe gadymy medeniýetde bar bolana meñzeýär.

"Ogşaşmagyñ ylmy" ("The Science of Kissing") atly kitabyñ awtory Şeril Kirşenbaum bolsa şeýle diýýär:
"Bonobo ýaly iñ ýakyn babadaşlarymyz bilen bir hatarda haýwanat dünýäsinde örän meñzeş hereketleri görýäris. Jynsymyzyñ biz dünýäde peýda bolanymyzdan bäri ogşaşyp gelinenliginden şübhelenýärin".

Taýýarlan: Ugurjan ÝYLDYZ.
17
67
bayramgeldiyewarslan
21.12.2023 16:53
ABŞ-da NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasynyň (JPL) hünärmenleri Ýere 31 mln km rekord aralykdan ýokary derejede durulykly wideo iberdiler. Bellenilen aralyk biziň planetamyz bilen Aýyň arasyndaky aralykdan, takmynan, 80 esse uludyr. Faýl lazeriň kömegi bilen “Psiheýa” kosmos enjamyndan iberildi diýlip, kosmos agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

15 sekuntlyk wideonyň gahrymany JPL-iň işgärleriniň biriniň Taters atly sary pişigi boldy. Wideoda pişigiň lazer görkezijisini tutmak synanyşygy görkezilýär.
Wideo signala Ýere barmak üçin 101 sekunt gerek boldy, şondan soň ol San-Diegodaky Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň Palomar obserwatoriýasynda Heýla teleskopy tarapyndan kabul edildi, soňra sekuntda 267 megabit tizlik bilen giň zolakly tor arkaly Reaktiw hereket barlaghanasyna iberildi.
NASA-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu waka uzak kosmosdan maglumatlary döwrebap radioýygylykly ulgamlardan 10-100 esse çalt geçirmäge mümkinçilik berjek lazer aragatnaşygynyň ösüşinde taryhy pursat boldy.
20
49
bayramgeldiyewarslan
21.12.2023 08:35
«iPhone 16» nesline degişli smartfonlarda täze düwme peýda bolar diýip, «Bloomberg» habar berýär.

Bellenilmegine görä, düwme enjamyň sag gyrasynda ýerleşer. «Apple» smartfonlarynyň amerikan nusgalarynda bu ýerde «mmWave» antennasy ýerleşýär, ol bolsa çep tarapa geçiriler. Çeşme täze düwmäni şertli «Surata almak düwmesi» (Capture Button) diýip atlandyrýar.
Düwmäni basmak bilen çalt surata düşürmegiň ýa-da wideoýazgy etmegiň mümkindigi bellenilýär. Bu basyşyň güýjüni kesgitlemäge we aýratyn buýruklary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän mehaniki däl-de, sensorly dolandyryş elementi bolar.
«Capture Button» düwmesiniň «iPhone 16» nesline degişli ähli smartfonlarda peýda boljakdygy aýdylýar.
20
24
bayramgeldiyewarslan
20.12.2023 17:17
Abu-Dabiniň ýaşaýjylary we myhmanlary awtobusda, kenarda ýa-da seýilgähde, umuman, nirede bolandyklaryna garamazdan, indi hemişe aragatnaşykda bolup bilýärler. Khaleej Times neşiriniň habar bermegine görä, Häkimlikler we ulag edarasy (DMT) emirligiň ähli ýerinde mugt Wi-Fi ulgamynyň işe girizilendigini mälim etdi.

DMT tarapyndan BAE-niň hyzmat üpjün edijileri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen bu başlangyç 44 jemgyýetçilik seýilgähini (Abu-Dabide 19 sany, Al-Aýnda 11 sany we Al-Dhafra sebitinde 14 sany) gurşap alýar we ýakyn wagtda Abu-Dabiniň Korniş we Al-Batin kenarlarynda elýeterli bolar.

“Biz hemmeler üçin we hemme ýerde aragatnaşygy üpjün edip, şeýle hyzmaty hödürläp bilýändigimize buýsanýarys. Abu-Dabiniň global reýtingi – 2023-nji ýylda IMD akylly şäherleriň indeksinde 141 şäherden 13-nji orun – biziň aç-açanlyga, innowasiýalara, inklýuziwlige we durnuklylyga ygrarlydygymyzy görkezip, akylly şäheri ösdürmäge meýillidigimizi tassyklaýar”.
25
68
bayramgeldiyewarslan
20.12.2023 06:32
ABŞ-nyň ýaşaýjysy Joel Ştrasser öz sakgalynyň kömegi bilen eýýäm ençeme gezek rekord goýdy. Ol sakgalyna dürli zatlary – wilkalary, taýajyklary, turbajyklary asdy, geçen ýyl bolsa ony 710 sany roždestwo şarjagazlary bilen bezedi. Onuň täze rekordy 187 sany taýak süýjüsi bilen goýuldy diýip, MIR 24 habar berýär.

Joel ony goýmak üçin Roždestwo baýramçylyklaryna ýörite garaşdy. Rekord üçin ujy egri gyzyl-ak karamel taýajyklaryny saýlap aldy.
Rekord eýesi öz sakgalyna indiki gezek popkorn goýmak barada pikirlenýär diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda aýdylýar.
21
74
bayramgeldiyewarslan
19.12.2023 15:52
Kanadanyň Täze Şotlandiýa welaýatynda 200 ýyl gowrak mundan ozal gurlan myhmanhana sabynyň kömegi bilen süýşürildi diýip, MIR24 habar berýär.

Sabyn agramy 220 tonna bolan binanyň binýadynyň düýbünde ýerleşdirildi. Bu binanyň aşagynyň taýgançak bolmagy üçin edildi. Şeýlelikde, binany birnäçe metr süýşürmek başartdy.
Bellenilmegine görä, iş birnäçe gün dowam etdi we taryhy ýadygärlige hiç hili zeper ýetmedi.
21
63
bayramgeldiyewarslan
18.12.2023 22:13
Hytaýyň Nanking uniwersitetiniň inženerler we himikler topary daşarky şertlere baglylykda, bedeniň temperaturasyny termoregulirläp bilýän meta matany döretdiler.

Täze material ýörite mikrosüýümlerde ýerleşdirilen ýyladyş elementleri bolan çeýe organiki fotoelektrik modulyna esaslanýar. Süýüm ýylylygyň ýaýramagyny çaltlaşdyryp, geýimi sowadýar, modul bolsa Gün energiýasy arkaly elektrokaloriki täsir bilen ony gyzdyryp bilýär.
Geçirilen synaglar daşky gurşawyň temperaturasy 12,5°C bilen 37,6°C aralygynda üýtgände, meta matadan taýýarlanan geýimiň 32°C bilen 36°C aralygynda durnukly temperaturany saklamaga ukyplydygyny görkezdi.
Täze tehnologiýany döredijiler bu materialyň öňki taslamalar bilen deňeşdirilende, has amatly we köpugurly geýimleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Öňki taslamalarda temperaturany kadalaşdyrmak meselesini çözmek üçin ýyladyjy ýa-da sowadyjy elementler goşulýardy. Bu önümleriň köpüsi giňden ulanmak üçin örän amatsyzdyr.
27
53
bayramgeldiyewarslan
18.12.2023 06:38
Albertanyň ýaşaýjysy Robert Mýurreý welosipedde iň uzak aralygy geçmek boýunça Ginnesiň täze rekordyny goýdy. Ol elleri bilen ruly saklamazdan 5 sagat 37 minutda 80,95 mil (130,3 kilometr) ýol geçdi.

Mýurreý rekord synanyşygynda aýaklary ýadanda olary elleri bilen massaž edendigini aýtdy. Şeýle hem ol bu şekilde welosiped sürmegiň özi üçin has amatlydygyny, torbasyndan zatlary ýeňillik bilen alyp bilýändigini we arkasynyň ýadamaýandygyny, çünki egri ýagdaýda oturmaýandygyny aýtdy.
Rekordy goýmak bilen Mýurreý Kalgaridäki Alsgeýmere garşy göreş jemgyýetine ünsi çekmäge synanyşdy. Onuň garyndaşlarynyň köpüsi bu keselden ejir çekýär we şeýlelik bilen, welosiped sürüjisi beýleki näsaglara kömek etmek isledi.
19
50
bayramgeldiyewarslan
17.12.2023 20:31
AÝALYNY PIKIR EDÝÄN ADAM

Ýolda barýan awtoulaglaryñ biri öñünde ýatan iti kakmajak bolup ruluny bir gyra aýlandan gyradaky çukura agdarylypdyr. Geçip barýan görmegeý zenan bolan wakany görüp säginipdir we agdarylan awtoulagdan çykyp, ýola dyrmaşmaga başlan adamdan sorapdyr:
- Agam, ýagdaýyñyz gowudyr-a?
- Erbet däl ýaly.
Aýal oña:
- Derrew meñ ulagyma mün - diýipdir. - Sizi öýüme äkidip, gowja seredeýin...
- Gowy aýal ekeniñiz, ýöne aýalym muny bilse gowulygyñ üstünden barmaryn, gowsy ony gynandyrmaýyn-la.
- Biderek gürlemäñ. Men lukman ahyryn. Göreli bakaly, göze görünmeýän şikes dagy alypsyñmy? Barlagdan geçireýin...
- Heý, men siz ýaly zenanyñ sözüni ýykyp bilerinmi?..
Ahyrsoñunda bileje ol aýalyñ öýüne barypdyrlar. Aýal ol adamy boýdan-başa barlagdan geçiripdir. Iki bolup birnäçe bulgur arak içenlerinden soñ, ýañky adam:
- Indi özümi gowy duýup başladym. Emma aýalyma hakykatdanam haýp boldy! - diýipdir.
Aýal:
- Akmak bolmasana - diýipdir. - Ýene biraz bärde eglen. Aýalyñ nirden bilsin? Ol häzir öýde dälmi näme?
- Ýok. Meger häzirem agdarylan çukurymyzda ýatan bolsa gerek!
31
155
bayramgeldiyewarslan
17.12.2023 14:57
Xiaomi 14 we Xiaomi 14 Pro eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri Hytaýda satuwa çykaryldy we meşhurlyga eýe boldy. Birnäçe aýdan global modelleriň premýerasyna hem garaşylýardy, ýöne bu setir Hytaýyň daşyna çykaýan ýagdaýynda-da, diňe esasy Xiaomi 14 görnüşinde bolar - Xiaomi 14 Pro Hytaýyň daşynda satylmaz.

XiaomiUI çeşmesi Xiaomi 14 Pro üçin programma üpjünçiliginiň seljermesini geçirenden soň, şeýle netijä geldi: kompaniýa indi bu model üçin programma üpjünçiliginiň global wersiýasynyň üstünde işlemeýändigi belli boldy. Xiaomi 14 Pro üçin iň soňky HyperOS içerki beta 23.10.23 belgide görkezildi we iki aý bäri täzelenmedi. Bu programma üpjünçiliginiň üstünde işlemegiň bes edilendigini we şonuň üçin Xiaomi 14 Pro-nyň diňe Hytaýda galjakdygyny görkezýär.
20
22