bayramgeldiyewarslan
21.12.2023 16:53
ABŞ-da NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasynyň (JPL) hünärmenleri Ýere 31 mln km rekord aralykdan ýokary derejede durulykly wideo iberdiler. Bellenilen aralyk biziň planetamyz bilen Aýyň arasyndaky aralykdan, takmynan, 80 esse uludyr. Faýl lazeriň kömegi bilen “Psiheýa” kosmos enjamyndan iberildi diýlip, kosmos agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

15 sekuntlyk wideonyň gahrymany JPL-iň işgärleriniň biriniň Taters atly sary pişigi boldy. Wideoda pişigiň lazer görkezijisini tutmak synanyşygy görkezilýär.
Wideo signala Ýere barmak üçin 101 sekunt gerek boldy, şondan soň ol San-Diegodaky Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň Palomar obserwatoriýasynda Heýla teleskopy tarapyndan kabul edildi, soňra sekuntda 267 megabit tizlik bilen giň zolakly tor arkaly Reaktiw hereket barlaghanasyna iberildi.
NASA-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu waka uzak kosmosdan maglumatlary döwrebap radioýygylykly ulgamlardan 10-100 esse çalt geçirmäge mümkinçilik berjek lazer aragatnaşygynyň ösüşinde taryhy pursat boldy.
20
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.