bayramgeldiyewarslan
16.09.2023 07:37

Fransiýanyň gözegçilik gulluklary aşa güýçli elektromagnit şöhlelenmesi sebäpli «Apple» kompaniýasyna «iPhone 12» smartfonunyň satuwyny togtatmagy buýurdy. Bu barada RIA Nowosti AFP habarlar gullugyna salgylanyp habar berýär.


Fransiýada radio ýygylyklaryna gözegçilik edýän edara (ANFR) akkreditlenen barlaghanalaryň elektromagnit energiýasynyň beden tarapyndan bir kilogram üçin 5,74 watt derejesinde siňdirilişini hasaba alandygyny görkezdi, emma bir kilogram üçin 4,0 watt standart dereje hasaplanýar.

ANFR «Apple» kompaniýasyny eýýäm satylan enjamlary talap edilýän derejä getirmek üçin mümkin boldugyça gysga wagtda düzediş çärelerini görmäge çagyrdy. Ýogsam, kompaniýa önümlerini yzyna gaýtaryp almaly bolar.

16
31
bayramgeldiyewarslan
15.09.2023 08:08

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran Buýrugy bilen bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere bilim edarasynda okandygy hakynda berilýän kepilnamalaryň nusgalaryny tassyklady. Resminama hukuk maglumatlarynyň portalynda çap edildi.


Resminama laýyklykda, şu aşakdakylar tassyklanyldy:


Umumybilim edarasynda okandygy hakynda kepilnamalaryň nusgalaryny;


Hünär-tehniki okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny;


Orta hünär okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny;


Ýokary okuw mekdebinde okandygy hakynda kepilnamanyň nusgasyny.


Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary, ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasarlary gözegçilik etmeli.

12
40
bayramgeldiyewarslan
14.09.2023 07:09

Apple kompaniýasy smartfonlarynyň täze neslini – iPhone 15 smartfonlaryny hödürledi. Smartfonlaryň täze hatary 6,1 we 6,7 dýuým ekranly we bäş reňkde– gara-çal, ak, ýaşyl, sary we gülgüne reňklerde iki model bilen hödürlener. Smartfonlar 48 Mp esasy kamera we A16 hem-de A17 prosessorlary bilen enjamlaşdyrylar. Batareýanyň bir zarýady, kompaniýanyň aýtmagyna görä, bütin güne ýeter diýip, TASS habar berýär.


Mundan başga-da, ekranyň çarçuwalary has inçe bolar, onuň üsti bolsa telefony mehaniki täsirden goramaga gönükdirilen ýörite keramiki örtük bilen örtüler.

Ilkinji gezek Apple smartfonlarynyň Pro we Pro Max wersiýalarynyň korpusy titandan ýasalar, kompaniýanyň bellemegine görä, önümçilikde kosmos senagatynda Marsy öwrenmek üçin hereket edýän enjamlary döretmekde peýdalanylýan ergin ulanylýar. Şunuň netijesinde, täze iPhone Pro Max özünden öňkülerden ýeňil bolar, şeýle-de bu wersiýa bäş gezek optiki ulaltma kamerasy bilen üpjün ediler. Smartfonlaryň täze hatary üçin deslapky sargytlary anna gününden resmileşdirmek bolar, täze gajetleriň resmi satuwy 22-nji sentýabrda başlar.

Mundan başga-da, Apple dokuzynjy nesliň täze iWatch seriýasyny, şeýle-de ikinji nesil iWatch Ultra modelini hödürledi. Olar beýlekiler bilen bir hatarda ses dolandyryş funksiýasyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berjek täze S9 prosessory we geolokasiýa funksiýasynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen U2 mikroçibi bilen üpjün ediler. Täze iWatch sagatlarynyň zarýady 18 sagada ýeter, “akylly sagatlaryň” ekrany bolsa öňkülere garanda iki esse ýagty bolar.

Şeýle-de, kompaniýa öz gurluşlary üçin aksessuarlaryň önümçiliginde hakyky derini ulanmakdan ýüz öwürjekdigini we gaýtadan işlenen plastik ýaly materiallary köp ulanjakdygyny nygtady.

13
31
bayramgeldiyewarslan
13.09.2023 07:45

Howanyň üýtgemegi ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň göwrümine täsir edýär. Bu aýratyn hem deňiz balyklaryna has güýçli täsir edýär, soňky döwürde olar görnetin kiçeldiler we «horlandylar». Muny Şotlandiýanyň Sent-Endrýus uniwersitetiniň alymlary we olaryň germaniýaly, kanadaly, şwesiýaly hem-de ABŞ-ly kärdeşleri belleýärler.


Hünärmenler 1960-njy ýyldan bäri ösümlikleriň we haýwanlaryň göwrüminiň üýtgemeginiň esasy tendensiýalaryny kesgitlemek üçin dürli görnüşleriň sany barada maglumat binýadyny seljerdiler. Jemi dört müňden gowrak süýdemdirijiler, oňurgasyzlar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, balyklar we ösümlikler gözden geçirildi.

Gözlegiň netijeleri iň köp üýtgeşmä deňiz balyklarynyň bedenleriniň sezewar bolandygyny görkezdi. Käbir ýagdaýlarda olaryň göwrümi 10% kiçelipdir. Hususan-da, ýyldyzly skatyň ortaça ululygy görnetin kiçelipdir. Şol bir wagtyň özünde, şeýle üýtgeşmeleriň bellenen ýerlerinde skrumbriýa ýaly ownuk balyklaryň sany köpelipdir. Şol sebäpli deňiz ekoulgamlarynyň düzümi we işleýşi üýtgedi.

Şuňa meňzeş tendensiýa ösümlikleriň we oňurgasyzlaryň käbir görnüşlerinde-de hasaba alyndy. Alymlaryň pikiriçe, ownuk organizmleriň sanynyň köpelmegi ekoulgamlara üýtgeşmeleriň öwezini dolmaga we biomassanyň umumy mukdaryny saklamaga mümkinçilik berýär. Uly organizmleriň doly ýitip gitmegi bilen kiçijikler olaryň ýerlerini eýeleýärler we elýeterli bolan serişdeleri sarp edýärler diýip, «Science» žurnaly ýazýar.

10
49
bayramgeldiyewarslan
12.09.2023 08:37

Çernogoriýada ýaltalyk turniri gidýär. Düzgünler gaty ýönekeý - ýatmak bolýar, ýöne durmak ýa-da oturmak welin bolanok diýip championat.com habar berýär.


Bu ýaryş heniz ahyrlamanka täze rekord goýuldy. Geçen ýyl ýeňiji bary-ýogy 117 sagatlap ýatmagy başarypdy. Bu gezek gatnaşyjylar sagat sanyny 463-e ýetirmegi başardylar. 23 ýaşly Filip Knežewiç henizem ýaryşyň esasy öňdelikçilerinden biri. Ol eýýäm žurnalistlere eslije pul baýragyna bil baglaýandygyny aýtdy.

Çempionat 11-nji gezek Çernogoriýanyň etno-obasynda geçirilýär. Gatnaşyjylaryň wezipesi diňe ýatmak.

Bäsleşigiň dowamynda guramaçylar olara nahar iýmäge kömek edýärler. Gatnaşyjylara diňe okamaga we gajetleri ulanmaga rugsat berilýär. Her sekiz sagatdan turup, hajathana gitmek üçin bary-ýogy 10 minut wagt berilýär. Şondan başga, durmaga ýa-da oturmaga rugsat berilmeýär.

Indi 21 gatnaşyjydan diňe 7-si galdy, ýöne geçen ýylky rekordyň birnäçe gezek üýtgejekdigi eýýämden belli. Bäsleşik ilkibaşda çernogoriýalylaryň ýalta halkdygy baradaky meşhur stereotipiň üstünden gülmek üçin döredildi. Indi gatnaşyjylar täze rekordlary goýup, munuň şeýledigini her ýyl subut edýärler.

Hormatly atdan başga-da, ýeňiji 100 müň ýewrodan gowrak pul baýragyny alar (105 277,6 ýewro). Bu mukdar, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, üç esse artdyryldy.

17
48
bayramgeldiyewarslan
11.09.2023 07:40

Bir aý çemesi öň Xiaomi eýýäm ulag öndürip başlady diýip, kompaniýanyň zawodynyň içerki çeşmesine salgylanýan Сarnewschina ýazýar. Xiaomi-niň Pekindäki zawody häzirki wagtda hepdede 50 töweregi ulag öndürýär.



Ýakyn bir-iki aýda ýa-da giç galsa ýylyň ahyryna çenli muny Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň makullamagyna garaşylýar. Xiaomi-niň başlangyjy makullanylandan soň, pudak edarasyndan çeşmäniň habar berşi ýaly, kompaniýa köpçülikleýin önümçilige başlap biler. Xiaomi Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet ösüşler we özgertmeler komitetinden, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrliginden önümçilik ygtyýarnamalaryny almaly.

Xiaomi geçen aý eýýäm zawoda işgär alyp başlady, dalaşgärler berk düzgün esasynda saýlanýar. Mersedes-de we Tesla-da işlän käbir adamlar işe alynmady. Uly möçberde işe kabul edişlik şu ýylyň ahyrynda başlanar.

Awtoulag ugrundan bilermeniň sözlerine görä, önümçiligi aýda 10 000 birlige ýetirmek üçin dört aý töweregi wagt gerek bolsa, doly kuwwatyna ýetirmek üçin alty aýdan bir ýyla çenli wagt gerek bolar. Xiaomi-niň zawodynyň birinji tapgyrdaky kuwwaty ýylda 150 000 awtoulag diýip  kesgitlendi.

15
22
bayramgeldiyewarslan
10.09.2023 10:11

«AnTuTu» guramasynyň hünärmenleri awgust aýynda iň ýokary baha berlen «Android» ulgamynda işleýän smartfonlaryň sanawyny düzdüler. Sanaw ulanyjylaryň beren bahalaryna esaslanyp düzüldi.


Birinji orny 97,14% oňyn baha alan täze «Realme GT5» flagmany eýeledi. Smartfon adaty bolmadyk dizaýna, rekord derejede 240 Wt kuwwatly zarýad berijä, 144 Hz täzeleniş tizligi bolan 1,5K ekrana we «Snapdragon 8 Gen 2» çipine eýedir.

Ikinji we üçünji orny degişlilikde 2023-nji ýylyň fewral we aprel aýlarynda tanyşdyrylan «Samsung Galaxy S23 Ultra» (95,88%) we eplenýän «Vivo X Fold2» (94,78%) eýeledi.

Şeýle hem sanawyň ýokarky basgançaklarynda «ZTE Nubia Z50 Ultra» (93.58%), «Vivo X90 Pro+» (93.04%), «Samsung Galaxy S23» (92,73%), «Xiaomi 13 Pro» (91,76%), «Honor X40 GT» (90,99%) «Honor Magic5 Pro» (90,62%) we «OnePlus 11» (90.47%) orun aldylar.

9
16
bayramgeldiyewarslan
08.09.2023 19:05

Google täzelenen Chrome brauzerini görkezdi. Gözleg ägirdi Chrome-yň 15 ýyllygyna programmanyň dizaýnyny birneme täzelemegi karar etdi.


Täze dizaýn häzirlikçe diňe kompýuter wersiýasyna degişli bolar. Başga düýpli üýtgeşiklik ýok, ýöne programma Material You-yň dizaýnyna laýyk geldi. Google nyşanlary täzeledi, täze reňk kombinasiýalaryny döretdi we Chrome giňeltmelerine, Google Translate-e, Google-yň parol dolandyryjysyna we beýleki aýratynlyklara has çalt girmek üçin diýseň takyk menýu goşdy.

Şeýle hem, kompaniýa giňeltmeleriň onlaýn dükanyny täzeden dizaýn etdi we howpsuzlyk barlaglaryny gowulandyrdy. Hemişe bolşy ýaly, täzelenme kem-kemden ýaýraýar, ýöne eýýäm ulanyjylaryň birtopary ony aldy.

13
30
bayramgeldiyewarslan
07.09.2023 07:45

Alty ýaşly Simar Hurana dünýäde iň ýaş wideo oýunlaryny işläp düzüji boldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär diýip, rbclife.ru belleýär. Kanadanyň Ontario welaýatyndan bolan bu gyzjagaz çagalar üçin öwrediji wideo oýun döretdi.


Ol programmirlemegi öwrenmek bilen bir ýyl mundan ozal hepdede üç gezek okuwlara gatnap meşgullandy. Onuň kakasy gyzynyň matematika we programmirlemä bolan ukybyna göz ýetirdi.

Simar üçin programmirleme okuwlaryny tapmak aňsat bolmady, sebäbi onuň ýaşdygy üçin mekdepleriň we okuwlaryň köpüsi ony kabul etmekden ýüz öwürdi. Birnäçe aý dowam eden okuwdan soň gyzjagaz öz ýaşyndaky çagalar üçin wideo oýun döretmek kararyna geldi.

Maşgala lukmanynyň ýanyna baryp, onuň peýdaly iýmitleri iýmegiň we zyýanly iýmitlerden ýüz öwürmegiň zerurlygy barada aýdanlaryny diňläninden soň, Simar bu temada oýnuň ideýasyny tapyp, ony “Sagdyn iýmitlenme” (Healthy Food Challenge) diýip atlandyrdy.

Simar oýnunyň kömegi bilen deň-duşlaryna nämäniň sagdyn we sagdyn däl iýmit hasaplanýandygyny, iýmitiň adam bedenine nähili täsir ýetirýändigini we ýaşlykdan deňagramly iýmitlenmegiň nähili zerurdygyny bilmäge kömek etmek isleýär.

Ginnesiň rekord eýesi bolmagy maksat edinenden soň, gyzjagaz we onuň kakasy ýaş çäginden çykmazlyk üçin bary-ýogy dört aýyň bardygyna düşünýärler.


“Simar tutanýerli we yhlas bilen işlemäge taýýardy. Biz onuň okuwlaryny hepdede dört gezege çenli artdyrdyk. Şol bir wagtyň özünde, ol tansa, gimnastika we karate gatnamagyny dowam etdirýärdi, ol bulardan ýüz öwürmek islemedi” – diýip, gyzyň kakasy belleýär.


Simar ulalanda wideo oýunlaryny işläp düzüji bolmak isleýändigini aýdýar. Ýakynda ol emeli intellekt we maşyn bilimi pudagynda ilkinji ädimini ätdi we geljekde täze rekordlary goýmagy maksat edinýär.

10
76
bayramgeldiyewarslan
06.09.2023 08:19

Apple iPhone-ny Lightning-den USB-C-ä geçirmekçi bolýar, Bloomberg-den Mark Gurman bu täzeligi kompaniýanyň nädip mahabatlandyrjakdygyny gürrüň berdi.


Ýewropa Bileleşiginiň ykjam enjam öndürijilerinden geljek ýylyň ahyryna çenli USB-C standartyny ulanmagy talap edendigini ýatladýarys. Apple indiki ýylyň aýagyna çenli garaşyp oturmazlygy karar etdi we iPhone 15-iň ähli dört modeline hem-de täze AirPods Pro-lar üçin daşlyga USB-C goşdy. “Apple muny müşderiler üçin uly ýeňiş diýip atlandyrar. Bu üýtgeşmeleriň birgiden peýdalary hakda eşitmäge taýyn boluň "- diýip, Mark Gurman ýazýar. 


Apple USB-C-e geçişini niçik mahabatlandyrar: 


Müşderiler iPhone, Mac we iPad üçin bir zarýad kabelini ulanyp bilerler.


Bu täze, ýokary derejeli iPhone modelleri üçin maglumat geçiriş tizliginiň öwrülişikli ýokarlanmagyna getirer.


Käbir ýagdaýlarda telefonlar has çalt zarýad alarlar.


Netijede, telefonlar üçünji tarapyň milliardlarça enjamlarynda ulanylýan zarýad berijiler bilen gabat geler.


Mark Gurman bu üýtgeşmeleriň Apple üçin amatsyzlyklarynyň hem bardygyny aýtdy: 


Apple Lightning ulanýan aksesuar öndürijilerinden ygtyýarnama girdejileriniň bir bölegini ýitirmek howpuna sezewar bolar.


Munuň üçin inženerçilik çeşmeleriniň we puluň bölnüp berilmegi zerur.


Android ekoulgamy bilen utgaşyklygyň ýokarlanmagy müşderilere Apple-den aňsat daşlaşdyryp biler.


Elmydama ulanyjylary hopukdyrmak howpy bar. Apple 2012-nji ýylda Lightning-e geçende, bu ulanyjylaryň maňzyna batmady. Şeýle hem kompaniýa 2016-njy ýylda gulaklyklar üçin deşigi aýranda hem gahar-gazap döredi.


iPhone 15 -iň tanyşdyrylyş dabarasy 12-nji sentýabrda bolar diýip garaşylýar.

8
44