bayramgeldiyewarslan
07.09.2023 07:45

Alty ýaşly Simar Hurana dünýäde iň ýaş wideo oýunlaryny işläp düzüji boldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär diýip, rbclife.ru belleýär. Kanadanyň Ontario welaýatyndan bolan bu gyzjagaz çagalar üçin öwrediji wideo oýun döretdi.


Ol programmirlemegi öwrenmek bilen bir ýyl mundan ozal hepdede üç gezek okuwlara gatnap meşgullandy. Onuň kakasy gyzynyň matematika we programmirlemä bolan ukybyna göz ýetirdi.

Simar üçin programmirleme okuwlaryny tapmak aňsat bolmady, sebäbi onuň ýaşdygy üçin mekdepleriň we okuwlaryň köpüsi ony kabul etmekden ýüz öwürdi. Birnäçe aý dowam eden okuwdan soň gyzjagaz öz ýaşyndaky çagalar üçin wideo oýun döretmek kararyna geldi.

Maşgala lukmanynyň ýanyna baryp, onuň peýdaly iýmitleri iýmegiň we zyýanly iýmitlerden ýüz öwürmegiň zerurlygy barada aýdanlaryny diňläninden soň, Simar bu temada oýnuň ideýasyny tapyp, ony “Sagdyn iýmitlenme” (Healthy Food Challenge) diýip atlandyrdy.

Simar oýnunyň kömegi bilen deň-duşlaryna nämäniň sagdyn we sagdyn däl iýmit hasaplanýandygyny, iýmitiň adam bedenine nähili täsir ýetirýändigini we ýaşlykdan deňagramly iýmitlenmegiň nähili zerurdygyny bilmäge kömek etmek isleýär.

Ginnesiň rekord eýesi bolmagy maksat edinenden soň, gyzjagaz we onuň kakasy ýaş çäginden çykmazlyk üçin bary-ýogy dört aýyň bardygyna düşünýärler.


“Simar tutanýerli we yhlas bilen işlemäge taýýardy. Biz onuň okuwlaryny hepdede dört gezege çenli artdyrdyk. Şol bir wagtyň özünde, ol tansa, gimnastika we karate gatnamagyny dowam etdirýärdi, ol bulardan ýüz öwürmek islemedi” – diýip, gyzyň kakasy belleýär.


Simar ulalanda wideo oýunlaryny işläp düzüji bolmak isleýändigini aýdýar. Ýakynda ol emeli intellekt we maşyn bilimi pudagynda ilkinji ädimini ätdi we geljekde täze rekordlary goýmagy maksat edinýär.

10
76
fasat
7 Sentýabr 2023
Gaty täsin!!💖💖💖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.