barlagcy
09.07.2020 08:29
Ballada
Gözel Italiýa topragynda
faşistlere garşy göreşde
wepat bolan türkmen ýigidi
Jumadurdy Sabyrowa bagyşlaýaryn).

«Sag bol, ene mekan, süýt emen ýerim,
Aglama, ene jan, gaýdyp gelerin.

Süpür gözýaşyňy, bes et ahyňy,
Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry.

Döşüni paralap duşman güllesi,
Watan howp astynda durýan pillesi,

Merdem bol, ene jan, bes et ahyňy,
Men halkyň perzendi, düşün ahyry!

Tämizläp duşmandan mukaddesýerim
Sag-aman ýanyňa gaýdyp gelerin!»

Gijeler söweşdi. Gündiz söweşdi,
Kiýewi eýeläp, Karpatdan geçdi.

Gan dökdi. Ýykyldy, yza tesmedi,
...Soň ony daş ülkä zyňdy kysmaty.

Gözel Italiýaň mert ogly bile
Ol dogan okaşdy el berip ele.

«Söýdüm asmanyňy, iliňi seniň,
Italiýa, Italiýa, Italiýam meniň»

Gözlände ýigidi faşist esgeri,
Gizledi Italiýa, Italiýaň ýeri.

...Yzladylar ony. Ahyr tutdular.
Soň atyljak ýere alyp gitdiler.

Italiýaň asmany gara bürendi,
Ah urup, Italiýaň ýerem yrandy.

«Kim sen?» Faşist mawy gözlerin ýumýar,
Ýigit göge bakyp merdemsi dymýar.

Garibaldiň ýurdy Italiýa dymýar.
Otjagazlar dymýar, guşlar-da dymýar.

Soňra Ajal münüp gülläň gerşine,
Ýigidiň erkini alýar durşuna.

Asman gözýaş döküp, güýçli ýel ösýär,
Italiýa türkmeni bagryna basýar.

«Sag bol, ene mekan, süýt emen ýerim,
Aglama, ene jan, gaýdyp gelerin!»

Süpür gözýaşyňy, bes et ahyňy,
Täk seň üçin dogmanma düşün ahyry!»
Gurbannazar Ezizow
28
527
barlagcy
08.07.2020 11:37
MAÑLAÝYNDAN ÖP

Nämä beýdip tukat otyrsyñ şahyr,
Bu dünýäniň soňy görnüp dur ahyr,
Ola Zöhre bolsa sen bolup Tahyr,
Barda onuň edil maňlaýyndan öp.

Maňlaýdan öpeňde seretse aşak,
Saçyndan öp, boýnun bukaw dek guşap
Onsoň her gaşyndan üç gezek ogşap,
Kem kem aşak süýşüp gabagyndan öp

Gabakdan öpeňde çytmasa gaşyn,
Ola çyn magşukdyr senem çyn aşyk,
Onson burun diýilýän galadan aşyp,
Nepese maý bermän dodagyndan öp.

Dodaklar bägül dek pyşyrdaşarlar,
Demler deme degip pyşyrdaşarlar,
Eliňde titrände balyk goşarlar,
Maňlaýyňy degirip dyrnagyndandan öp.

Gysyp, gysyp,gysyp ýenede gysyp,
Iç onsoň dil bilen dil deňziň susup,
Onsoň gapak döşüň ak mämä basyp,
Ýürek bagryň bilen ýüreginden öp.

Körpäniň içine çümdürip sagryn,
Kürük towuk kimin owkala bagryn,
Demiň bilen syryp ak joýaň ugrun,
Goşa ternäň bally sapagyndan öp.

Bagytlysyň,bagytlysyň,bagytlysyň onsoň,
Niresinden öpseň öpüwer sen soň,
Hapa ýeri bardyr öýtmersiň soň soň,
Jorabyny çykarda aýagyndan öp.

Kerim Gurbannepesow
19
839
barlagcy
07.07.2020 20:09
Gyz geliniñ waspy

Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat,
Diňe adatam dal, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Yol, apatam ona gurbanlardandyr.

Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Yaňagy saherden ýasalan ýaly,
Gabagy mahirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.

llerniň barmagy misli bir seçek,
Döşleri meýdanly, gözleri goçak.
Bili ýarym gujak, saçy bir gujak,
Gözleri bar-düýpsüz ummanlardandyr.

Gözleriniň agy-dünyaň gündizi,
Gözleriniň garasy-gijaň tamizi.
Megerem şol ala gözleriň özi
Gijani-gündizi ýasanlardandyr.

Yüz gelniň içinden saýlanyp boýy,
Bir özi bezap dur giden bir toýy.
Edebiň merkezi, akylyň öyi,
Şahyr oňa akly haýranlardandyr.

Saýlap seçip, ajaplaryň ajabyn,
Haýsy ýigde bagş etdika gujagyn?
Şol gujakda mekan tutan goç ogul
Dünýade iň bagtly ynsanlardandyr.
15
905
barlagcy
07.07.2020 18:01
Seniň gözleriňden ganyp bilemok
Megerem, bu dertden eräp giderin
Gijeler gözüme uky gelenok,
Göz ýaşym gutaryp gurap giderin

Öwlüýä sen. Daşyňdan pyrlanyp ýörün.
Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin
Ähdi-peýman diýmek– iman diýmekdir,
Ähdiňden dänäýseň niräk giderin?

Adyň dilde bolsa – bahylyň-da köp,
Dilde men, niçiksi gaýrak giderin?
Ýok, ýok, maňa ýatdyr gaýra diýen zat
Gitse-de ilerik köräp giderin.

Seni iki dünýä çalyşmaryn men,
Egnimi egniňe diräp giderin.
Birden öläýsem-de, Seň ysyň alsam –
Ýene-de direlip, ýöräp giderin.

Adam iki gezek inermiş dünýä.
Çynmyka! Jogabyn durlap giderin.
Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem
Dünýäden çaga dek çyrlap giderin.

Sen ähdiňde dursaň şahyram durar.
Seni müň beladan gorap giderin.
Bürgüde duşduňmy – bürgüt hem bolgun!
Serçä dönäýdigiň – pyrlap giderin!

Kerim Gurbannepesow
16
679
barlagcy
07.07.2020 11:42
Pelek bazy bermiş jümle jahana,
Meniň ygtyýarym berme pelege,
Köňül guşy uçup gitse her ýana,
Mähtäç etme ganat, guruk-ýelege.

Bidöwlet ynanjaň, käsip käýinjeň,
Ýedi ýeser bolsa, biri göwünjeň,
Baý halky ýaňra bor, garry – öwünjeň,
Çalyp bolmaz çal agarsa çelege.

Orda başy bolmak äre kyn bolar,
Parça geýse, gyz-oglana syn bolar,
Dul gözüne garry näzenin bolar,
Ýene gözün aýlar köre, çolaga.

Çepine aýlanan çarhy pelekdir,
Dünýä gelen adam ogly heläkdir,
Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir,
Bu bölekden goşman özge bölege.

Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,
Razy men, üstümden basyp ötseler,
«Magtymguly» diýip, adym tutsalar,
Gören göz jort atar, eşden gulaga.

Magtymguly Pyragy
15
421
barlagcy
05.07.2020 16:06

Ýaş galamdaşyma!

♦ ÝAŞ GALAMDAŞYMA!
Ine, sen goşgy ýazýaň. Ýazan goşgyň onda-munda çap edilýär, internet arkaly köpçülige ýetirilýär. Şygyr muşdaklary olary okaýar. Halamadyk okyjy köplenç pikirini özünde saklaýar. Çünki, goşgynyň ýaramazdygyny awtora aýtmak bilen galapyn özüni ýigrendirýändigine onuň akly ýetip dur. Okyjylaryň içinde goşgyny okap, awtoryň göwni üçin ýa-da halys göwnünden turany üçin goşgyny ýazana öwgüli sözleri aýdýanlary hem az däl. Awtoryň ussatlygyny magtap, mahabatlandyryp, bäri-bärde goýman, asmana uçurýanlaram bar. Ýöne içi boş, pöwhe we ýympyk sözler ýaş goşguçylaryň göwnüni göterýärmikä diýip güman edýän.
Eger şolar ýaly ýalan mahabata we hoş sözlere göwnüň galkynýan bolsa, sen aldawa düşen adamsyň! Sebäbi şol ganatly sözler aýagyňy ýerden üzdürýär, iň bir ýaramaz, hapa goşgyňdan hem göwnüň geçenok. Ömrüňde ýazan ähli setirleriň hemmesi poeziýadyr öýdýäň. Öz-özüňden hoş bolýaň. Şol depginde dowam edibermelidir öýdýäň, şeýtseň, adygan şahyrlaryň toparyna goşularyn öýdýäň, özüňden talap edeňok, gözläňok, hadysa döretjek bolaňok, şeýdip, edebiýatyň öňünde jogapkärçiligiňi unudýaň, so-oň, aýlar-ýyllar geçip ýazan bujagaz goşga meňzeş zatlaryň nä günlere düşjeginden habaryň ýok. O zatlar barada pikirem edeňok. Şo ýazyp ýatyrsyň, gitdigiçe-de aňsadyna bakýaň. Sadyr bolýaň. Dogrusy, sadyrça-da bolaňok. Bir ýerde üç günden kän ýatan, akmaýan suwa sadyr diýilýär, ol içmäge ýaramsyz. Sen bolsa şo duran ýeriňde üç gün däl, üç ýyl däl, ömrüň boýy dursuň, soňabaka maňa düşünenoklar, meň gadyrymy entek bilenoklar diýen ýaly albaýyň toruna düşýäň, o tordan bolsa yzyňa çykyp bolmaýar. Şeýlelikde senden betbagt adam ýok. Ömrüňi pagtabent setirlere gurban berip, ölüp gidýäň.
Şu tragediýaň gözbaşy nirede?
Edebiýatam edil Şemşadyň çatmasy ýaly, gelim-gidimli ýer, her hili okyjy bar, ýamany-ýagşysy, sowatlysy-bisowady, düşünýäni-düşünmeýäni ýetik. Köplenç şeýle bolýar: goşgyň gowam bolsa, erbedem bolsa, saňa “Oňat goşgy. Berekella! Galamyň ýiti bolsun! Ýene ýazyp dur” diýýärler. Diýibersinler. Olaryň maksady düşnükli, bir agyz göwün göteriji söz aýdyp, ýigrenji görünmezlik.
Ýöne mesele, ine, sende. Sen şo hoş söze gulak gabartdygyň işiň gaýtdygy biläý. Şojagaz ýalan hoş sözler geljekde seniň ähli karýeraňy püçege çykaryp bilýändir. Şojagaz ýympyk öwgüleri duşman okunmasaň, onda sadyr suwa öwrüljekdigiňe ynanaý.
Öwgi şeýle bir süýji zat bolmaly, Kleopatra ýaly juda özerkli, ygtyýaryna güýji ýeten aýaly hem agyr goşun çekip, zabt edip alyp bilmändirler, ony iň soňunda öwgi bilen alyp ýatypdyrlar.
Gedemlik, men-menligem şü öwgüden emele gelýärmikä diýip pikir edýän.
Garaz, ýola düşdüňmi, orta ýolda üstüňden güldürip, göz-gülban bolup durma, öňe git, gidiber, ýoluň gutarýan ýerine ýetib-ä bilmersiň welin, ýöne sadyram bolmarsyň. Ýok, hezil berenok, gaýta hezilimi alýar diýýänem bolsaň, aýny pille, gaýt yzyňa.
Şu ýazanlarym şahyrlara degişli däldir, goşgy ýazýanlara degişlidir. Kim özüni şahyr hasap edýän bolsa, bu ýazgylaryň peýdasy degmez.

Kakamyrat ATAÝEW,
ýazyjy.
15
1 533
barlagcy
05.07.2020 10:15
Bagt diylende

Gök köýnegiň ýaz şemaly ýalydy,
Diňe sendiň şol ýazlaryň gelşigi.
Men henizem göz öňüne getirýän
Gök otlaň çyglaryn seçeläp,
seniň
Derýaň kenaryna ylgap gelşiňi.

Seniň gerdenlerňe dökülip duran
Melemtil saçlaryň togar-togardy.
Şol gijeleň Aýam köne harazyň
Aňyrsyndan lowlap-lowlap dogardy.

Diýerdim men seni basyp bagryma:
“Tizläli-le toýy, ýa sen garşymy?”
Sen aýaňy dodaklarma goýardyň,
Geň görýän deý ölüp-öçüp barşymy.

Hem diýerdiň synlap gumak ýollary:
“Haýsyka bularyň bagta ýetirýän?”
Men-ä şindem bagt diýlende bir seni,
Diňe seni göz öňüne getirýän.

Atajan Annaberdiyew
12
590
barlagcy
03.07.2020 17:51
Şeýle bir ýazgyny okapdym ozal,
Güneş iki bolup döräpdir başda.
Asman götermändir olaň ikisin,
Iki telpek oturmaýar bir başda.

Birisin özünde saklapdyr asman,
Beýlekini bolsa alypdyr zemin.
Ýöne zemin yuwaş-ýuwaş gädilip,
Ereýşi dek eräp başlapdyr şemiň.

Aljyrapdyr bütin adamzat kowmy,
Çäre tapman bu oýnuna pelegiñ,
Iki ýana kakypdyrlar pelesañ,
Göýä ujun ýitiren deý kelebiñ.

Soñra seslenipdir bu goja zemin,
Aýñalyp bilmänsoñ uly derdinden
“Diñe keramatly ene ýüregi,
Bu ýükümi alyp biler gerdenden”

Nije eyyam dünýäñ dürli külpetin
Ak pamyk saçyna siñdiren ene.
Bu gezegem bütin yaşaýyş üçin,
Birjik-de ýaýdanman çykypdyr öñe.

Şeýdip alypdyr ol gaýratly ene,
Ýeriň götermedik ýükün özüne.
Şondan bäri güneş kalply ezizler,
Nur paýlaýar bütin ýeriň ýüzüne.
12
738
barlagcy
02.07.2020 19:23
Şo gije

Ýylnyp ýyldyzlaryň ýylpyldysyna,
Şol gijäni umyt bilen geçirdim.
Soň düşündim:
Tötänlik ýok –
Umytly
Ýyldyzlary seniň özüň öçürdiň.
Şol gije sende-de baglandy derde,
Çünki sen garaşdyň başga bir ýerde.

Jaň edibem bolýa,
Habar ýollabam –
Şükür, telefonlaň göwni-garny ýok.
Ýöne ikimizem (dilleşen ýaly)
Iki düwmäň göwnün awlap bilemzok.
Näme bar ýürekde?
Näme bar serde? –
Bir göwrede, ýöne hersi bir ýerde.

Düşündiňmi, bize dözülen yşkyň
Lezzetinden agdykdygna derdiniň,
Göwün edip, uzak gije garaşyp,
Pikir edip, barmanymyň ýegdigin?

Bize dözmän, dolansa-da şol gije,
Biz ýene-de duçar borus şo derde:
Ýürek bilen beýni pal atyp oýnar,
Herimizi goýup başga bir ýerde.

Çary Ataýew
16
549
barlagcy
02.07.2020 19:17
Gar

Gara-gara gargalar
Gar-ga-ýar:
«Biz gonaýsak,
garalar
Gar! Gar! Gar!»

Gonýar gara gargalar,
Gara gargalar.
Dogrudanam, garalýar
Gar! Gar! Gar!

Gara-gara gargalar
Kakýar heşelle:
«Bar gar garalar
Garga gara düşende!»

Agşama çen garalýar
Gar. Gar. Gar.
Garaňkyda gargalar
Ýerinden örýär.

Olaryň täk biri
Bolsa-da iş kyn,
Şol otyr, ak gary
Garaltmak üçin.

Gijäniň aýazynda
Gazaplydyr gar.
Garga aýagyndan
Beýnä çen doňýar.

Ertesi gün ir bile
Köçe süpürýän
Gara gargan gargany
Oklaýar bir ýan.

Gara-gara gargalar
Şahadan örýär.
Gara gargan
garganyň
Maslygyn görýär.

…Günde gara gargaýar
Gargalar: «Gak!
Gak!»
A gar bolsa, elmydam
Ak!
Ak!
Ak!

Gurbannazar Ezizow
12
232