barlagcy
07.07.2020 18:01
Seniň gözleriňden ganyp bilemok
Megerem, bu dertden eräp giderin
Gijeler gözüme uky gelenok,
Göz ýaşym gutaryp gurap giderin

Öwlüýä sen. Daşyňdan pyrlanyp ýörün.
Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin
Ähdi-peýman diýmek– iman diýmekdir,
Ähdiňden dänäýseň niräk giderin?

Adyň dilde bolsa – bahylyň-da köp,
Dilde men, niçiksi gaýrak giderin?
Ýok, ýok, maňa ýatdyr gaýra diýen zat
Gitse-de ilerik köräp giderin.

Seni iki dünýä çalyşmaryn men,
Egnimi egniňe diräp giderin.
Birden öläýsem-de, Seň ysyň alsam –
Ýene-de direlip, ýöräp giderin.

Adam iki gezek inermiş dünýä.
Çynmyka! Jogabyn durlap giderin.
Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem
Dünýäden çaga dek çyrlap giderin.

Sen ähdiňde dursaň şahyram durar.
Seni müň beladan gorap giderin.
Bürgüde duşduňmy – bürgüt hem bolgun!
Serçä dönäýdigiň – pyrlap giderin!

Kerim Gurbannepesow
16
679
Лес?
7 Iýul 2020
Gaty gowy yazypdyr K Gurbannepesow gowy sahyr
Abdydaýy
7 Iýul 2020
Aygul ahli soyga duyga degisli gosgular men sana bolan duygymy beyan edya??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.