barlagcy
27.03.2023 12:18
Görüpmidiň, çöle bahar gelşini,
Görüpmidiň, şonda sähraň bolşuny?
Görüpmidiň, gök ummanyň içinde
Çöl gözeli — jerenleriň böküşün?
Gumlularyň öýlänçisi gelende
Depä çykyp gyzlaň läle kakyşyn?
Görüpmidiň, gök gürlände zeminden
Gök ýylaklaň parsa-parsa çykyşyn?
Gumlulary gutlap gelen ýaz bilen
Yzyn üzmän ýyldyrymyň çakyşyn?
Görüpmidiň, depelerden, düzlerden
Mele siliň alalara akyşyn?
Görüpmidiň, şonda teşne çarwalaň
Çykyp daşa, bu görnüşe bakyşyn?
Ysgapmydyň, gandymlaryň gülüni,
Diňläpmidiň, sähraň jadyly sazyn?
Eşdipmidiň, gözýetimden aňyrdan
Gollar aşyp gelýän tüýdük owazyn?
Synlapmydyň, ýaşyl ýaýla ýazylan
Ýüpek ýüňli goýunlaryň sagrysyn?
Çarwa gyzy säher suwa çykanda,
Keteniň üstünden geýen begresin.
Ah, sen çöl bahary, çölüň bahary,
Neneň şahyrana, neneň eziz!
Kim-de kim jemalyň görmedik bolsa,
Dünýäň gözelligini görmändir heniz.
Berdinazar Hudaýnazarow
14
66
barlagcy
26.03.2023 02:05
Ýene bahar geldi biziň illere,
Ýene-de gozgandy köneje derdim.
Aşyk bolup gök köýnekli gyzlara
Erkim, ygtyýarym elimden berdim.
Öňki aýdymlarym üýtgedi birden,
Ýa durmuşa öwrüldimi şol mukam.
Anteý dek güýç alyp bu ene Ýerden
Ýa-da meniň özüm joşup ýörmükäm.
Dynmam aýdym ýasap alawdan, otdan, Aýdymlaryň penasynda gyşladym.
Dünýäň aladasyn çykaryp ýatdan,
Birden... gül hakynda ýazyp başladym.
Eý bahar, sen goja daglaň başyndan
Inip gaýdan pälwan sypat derýamyň.
Zat galdyrman garly, aňzak gyşymdan,
Ýaşlyk bilen gurşap aldyň her ýanym.
Derýalaryň tolkunlaryn ýatladyp
Hem gije, hem gündiz akyp dur ýyllar.
Ýa men täze gül dek ýörün şatlanyp,
Ýa täze aýdyma başlapdyr ýyllar.
Gitdikçe gysgalyp uzak aralyk,
Ýene-de gozgandy köneje derdim:
Duman kimin sumat boldy aýralyk,
Ine bu gün ýene men seni gördüm.
Bu neneňsi gudrat, bu neneň mukam,
Ýa dünýä täzeden inip ýörmükäm?
Halyl Kulyyew
11
72
barlagcy
26.02.2023 14:03
Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart!
Biz bu dünýä eýe kimin garýarys.
Iň gymmat,
Iň zerur,
Gözel zatlary
Alýarys-da, ýara sowgat berýäris.
Bütin Ýeri sowgat berýäs gyzlara,
Onuň minaradyr şäherlerini,
Onuň al şerap deý iňriklerini,
Dumanly-dumanly säherlerini.
Soňra ýyldyzlary,
Deňiz-derýany,
Soň kellämiz gyzyp gidiberse has,
Aýy iki ýaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.
Emma bize ýeň berenok eneler:
«Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok.
Asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen
Olar ýere teňňe bolup düşenok.
Aý diýýärler,
Deňiz-derýa diýýärler,
Tapanlarny jomartlarça seçýärler,
Emma ujypsyzja galyň tölemän
Gyzymyz şagal deý alyp gaçýarlar...»
Gurbannazar Ezizow
16
64
barlagcy
24.02.2023 13:51
Bir bölek näzenin seýle çykypdyr,
Gitdi gözüm belli birine gyzyň.
Syýa zülpün zenehdana döküpdir,
Baglanypdyr boýnum taryna gyzyň.
Gerdeni gyzylly tumardyr, bentdir,
Ýuka dodaklary nabatdyr, gantdyr,
Byradarlar, biliň şoňa manenddir —
Synasy daglaryň garyna gyzyň.
Aýny bir ahudyr sogup ýörände,
Jahyl-jümri jöwlan urar görende,
Saçlaryny darap-darap örende,
Meňzeýir gaýanyň maryna gyzyň.
Bu yşkyň belasy otdan ýamandyr,
Çendan-çendan gözläp
göwnüm emendir,
Kirpikleri okdur, gaşy kemandyr,
Nyşan boldum atan tirine gyzyň.
Alsa bir är-goç ýigidiň bagtydyr,
Ol gözelniň döwran sürer wagtydyr.
Ýylgyranda gijelerim ýagtydyr,
Seretsem ýüzüniň nuruna gyzyň.
Gün ýaşansoň gujagyna gysylsam,
Daň atansoň dilim-dilim kesilsem,
Mansur kimin işiginde asylsam,
Dat diýmen dartylsam, daryna gyzyň.
Mätäji diýr, özge bile bolmanam,
Köp ýyglasa, terhosyny almanam,
Eý agalar, ölsem-ýitsem bilmenem,
Elim ýetse alma, naryna gyzyň.
Mätaji
12
111
barlagcy
22.02.2023 17:24
Owal Adam ata döräp,
Erenler geçen ýoldur bu;
Pygamber hasasyn süýräp,
Weliler geçen ýoldur bu.
Buhar telpegi başynda,
Sürgün ýorganyň joşunda,
Aýny ýigrimi ýaşynda
Ýigitler geçen ýoldur bu.
Ol dereden derä bukan,
Çakmak çakyp, otlar ýakan,
Dagdan aýrak, umga ýykan
Mergenler geçen ýoldur bu.
Ternawly ýapdan ýakanlar,
Gülli ýorunja dakanlar,
Höwes bilen at bakanlar,
Seýisler geçen ýoldur bu.
Dogry oturyp, gyýa bakan,
Aşygynyň janyn ýakan,
Gözün süzüp, gaşyn kakan
Gözeller geçen ýoldur bu.
Ak ýüzünde haly taýly,
Şirin sözli, hoş roýly,
Uzyn boýly, göwsi jaýly
Gelinler geçen ýoldur bu.
Zelili ýar üçin aglap,
Ýandyrdy ýüregin daglap,
— Garybym – diýp, dessan baglap,
Şasenem geçen ýoldur bu
Gurbandurdy Zelili
9
69
barlagcy
21.02.2023 15:50
Bag Eremde, gül-gülüstan içinde
Gudrat bilen bir şahada biten gyz.
Waspyňny ýaza men destan içinde,
Örme saçyň ak mämäňe ýeten gyz.
Seniň kimin gözel bolmaz jahanda,
Tamam hur-periler husnuňa bende,
Leýliniň sypaty bar eken sende,
Bu gün yşkyň söwdasyna batan gyz.
Boýuň şejerge ogşar, ýüzüň zülala,
Dişiň düre meňzär, lebleriň bala,
Bagty gelse, ýagşy-ýaman bir gula
Kadyr özi ryzky-rozun çatan gyz.
Nepes diýer, on üç, on dört ýaşynda,
Gara gotaz, altyn gupba başynda,
Ýüze gülap sürtup, wesme gaşynda,
Gyrmyz geýip, dildarlyga ýeten gyz.
Mollanepes
11
71
barlagcy
17.02.2023 17:36
Säher ýeliniň ösdügi,
Ösüp bagrymy kesdigi,
Ala gözliniň basdygy
Ýollar men bolsam, men bolsam.
Dolan, däli köňül, dolan,
Akar suwlar kibi bulan,
Dostumyň ýüzünde bolan
Hallar men bolsam, men bolsam.
Garajaoglan diýer, diller,
Dostdan bitmez bu köňüller,
Bilezikli akja gollar,
Eller men bolsam, men bolsam
Garajaoglan
18
72
barlagcy
15.02.2023 22:29
Seni tapyp, men özümi ýitirdim,
Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.
Men öz belet şäherimde azaşdym,
Azaşdym men seniň gara gözleňde.
Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,
Hem tapamok barýan ýoly tünegme.
Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,
Aljyrarmyş adam bagty çüwende.
Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär? Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.
Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,
Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.
Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,
Söýgi diňe salýar ýürege dowul.
Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,
Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.
Gözleri ümezlär yşka düşeniň,
Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.
Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan
Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.
Men aýňalman, halas boljak bolamok.
Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.
Ýüregime täze ýara salsa-da,
Bu sataşan derdim köne dert örän.
Atamyrat Atabaýew
16
113
barlagcy
14.02.2023 23:15
Menden salam aýdyň gül ýüzli ýara,
Bir salym garşymda dursun-da gitsin,
Azmy, köpmi synamdaky ýaralar,
Gelsin, gözi bilen görsün-de gitsin.
Baryp söhbet eýlemedim gyz bilen,
Aldy meni ýalkym atyp, näz bilen,
Melhem eýlesin-de şirin söz bilen,
El bilen ýaramy sarsyn-da gitsin.
Garajaoglan diýer, bardyr Ýaradan,
Bir salam gelipdir gaşy garadan,
Eger ki öläýsem men bu ýaradan,
Ýarym jynazamy kylsyn-da gitsin.
Garaoglan
20
68