Ýene bahar geldi biziň illere,
Ýene-de gozgandy köneje derdim.
Aşyk bolup gök köýnekli gyzlara
Erkim, ygtyýarym elimden berdim.
Öňki aýdymlarym üýtgedi birden,
Ýa durmuşa öwrüldimi şol mukam.
Anteý dek güýç alyp bu ene Ýerden
Ýa-da meniň özüm joşup ýörmükäm.
Dynmam aýdym ýasap alawdan, otdan, Aýdymlaryň penasynda gyşladym.
Dünýäň aladasyn çykaryp ýatdan,
Birden... gül hakynda ýazyp başladym.
Eý bahar, sen goja daglaň başyndan
Inip gaýdan pälwan sypat derýamyň.
Zat galdyrman garly, aňzak gyşymdan,
Ýaşlyk bilen gurşap aldyň her ýanym.
Derýalaryň tolkunlaryn ýatladyp
Hem gije, hem gündiz akyp dur ýyllar.
Ýa men täze gül dek ýörün şatlanyp,
Ýa täze aýdyma başlapdyr ýyllar.
Gitdikçe gysgalyp uzak aralyk,
Ýene-de gozgandy köneje derdim:
Duman kimin sumat boldy aýralyk,
Ine bu gün ýene men seni gördüm.
Bu neneňsi gudrat, bu neneň mukam,
Ýa dünýä täzeden inip ýörmükäm?
Halyl Kulyyew