barlagcy
07.10.2021 19:46
Ir mahal ýazjakdym şujagaz şygry.
Emma tapylmady ýazmagyň ugry.
«Hordum, Gyzyl açdym. Diledim çörek...
Bu syry açmagyň möhleti gerek.
(Otuz ýaşa çenli wasp edip gülüň,
Çöregiň waspyna ýetdimi eliň!?
Kyrk ýaşyňa çenli sanap «Aýterek»,
Ýadyňa düşdümi dilenen çörek!?
Soň kapyýa gözläp Kosmosa, Hemra,
Belent işler bilen bolduň sen gümra.
Indi bir azajyk ýakynla ýere,
Çokaýyňy geý-de,
Pyýada ýöre!..)
...Oba, oba, oba, ýene-de oba.
Öýler meňzäp otyr agyr kitaba.
Hersinde müň putluk hasratly setir.
Başyňy ýaýka-da, oka-da otur.
Turbalardan çykar üýtgeşik tütün.
Ol tütün saçydy ýandagyň, otuň.
Gara bulutlara çolaşyp saçlar,
Öpüşýär. Dogulýar kümüş ýagyşlar.
Kümüşden dogulýar tylla dek çörek.
Onam front üçin ýollamak gerek.
...Oba, oba, oba, ýene-de oba,
Her niçik
aç ölmek
Bolmaz-a... toba!
On alty ýaşa-da ýetmänsiň entek,
Bererler ahyry bir döwüm tötek.
...Geçdim bir obadan. Ynha ikinji.
Agyr zat bor eken
Dileg çekinji.
Ýürek «Sowul!» diýýär, göwnänok aýak.
Beýni hem göwnänok...
Ýol bolsa uzak.
Ahyry ýüregmi bagladym daşa,
Ýaşa, açyk duran kepbejik ýaşa!
Sowuldym. Gap dulda sary gaýtarma.
Girdim. Garaşmady arzym aýdarma.
«Gel, jigi! Gel, jigi!» Görkezdi töri.
Baý, baý, kyn bor eken
Dilegiň täri...
«Wah-eý, wah-eý, wah-eý!»
Turdy syçyrap.
(Çişlerinden gaçdy ökjesiz jorap).
Gap böwre ylgady. Boş çykdy saçak.
Uýaldy. Ýygryldy meýdanly gujak.
«Nätsemkäm!?» Ellerin ýetirdi ýaka.
«Jigi, azajyk dur!» Ylgady gapa.
Esli salymdan soň dolanyp geldi.
Naýynjar seretdi: gözleri öldi...
Sesini çykarman,
Seretdi aşak.
Lebler pyşyrdady: «Goňşuda-da ýok...
...Girmese-de garna bugdaýdan çörek,
Ýanym bilen gitdi
Bugdaýdan ýürek.
Sag-aman gowşurdy barmaly ýerme...
...Ajyksam, Sen gyzy
Ýatlaýan herne.
Bir ýerde bardygyň bilsedim irden –
Günortana ýetmän barardym bärden...
Otuz ýyl... Ýaşyňam barandyr çene.
Bolansyň bireýýäm çal saçly ene.
Zyýany ýok. Menem çalsaçly ata.
Aklykda duşuşsak
Ajap bor gaýta.
Kerim Gurbannepesow
13
146
1
barlagcy
06.10.2021 23:10
Käteler begenýän ujypsyz zada,
Käte-de gyýylýan şonçajyga men...
Şu gün gabat geldim köçäň ugrunda
Ýolunyp oklanan gunçajyga men.
Gyssagly barýardym. Wagtym çäklidi.
Emma köz basan dek egildim aşak.
«Gunçajyk, kim Seni bagyňdan ýoldy?
Kim Seni har etdi köçede taşlap?»
Gunçajyk uludan aldy-da demin,
Aýamyň içinde ýylgyrdy sessiz...
Maňa şondan artyk sag bol gerek däl.
Şo sag bol besdir.
...Käteler begenýän ujypsyz zada.
Käte-de gynanýan şonçajyga men.
Şu gün gabat geldim köçäň ugrunda.
Ýolunyp oklanan arçajyga men.
Howlugyp barýardym. Elim goşludy.
Ýaltandym. Egilip bilmedim aşak.
Ýöne öz içimden gargynyp geçdim:
«Seni köçä oklan niçiksi peşşap?»
Arçajyk uludan aldy-da demin,
Yzymdan seredip, gyňraldy sessiz...
Maňa şondan artyk jeza gerek däl
Şo jeza besdir.
Bäş ädim ätdim-de, yzyma serpdim.
Goşum ýere oklap, egildim aşak.
Tozanyn üfledim, goltugma saldym
Gökje maňlaýyndan üç gezek ogşap.
Arça ne ýylgyrdy,
Ne-de gyňraldy.
Emma goltugymy ýylatdy sessiz.
Ýazygym geçildi. Ýene men adam.
Şo bagtym besdir.
Kerim Gurbannepesow
10
116
2
barlagcy
03.10.2021 17:40
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin.
Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun.
Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber.
Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam — şol köneje ketegim.
Müň bir aladadan hum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.
Öňümdäki mele-myssyk nany al,
Deregine ýylçyr gara daşy ber,
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.
Öwezin almaga ýitirlen ömrüň
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.
Men bu dok durmuşy saňa bereýin
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!
Berdinazar Hudaynazarow
11
158
2
barlagcy
02.10.2021 23:54
Men seni şeýle bir göresim gelýär, Daglardan, düzlerden, ýollardan aşyp. Men seni şeýle bir söýesim gelýär, Sil kimin däliräp, deňiz deý daşyp. Sen daglardan, deňizlerden alysda, Ýürekde şo:l öňki
12
253
7
barlagcy
27.09.2021 14:00
Yetip gelen sanly garassyzlygymyzyn 30 yyllyk bayramy bilen sizi tuys yurekden gutlayaryn. Asmanymyz arassa yurdumyz asuda ilimiz abadan bolsun sizin oy ojaklarynyzda masgalanyzda agzybirlik jan saglyk isinizde ustunluk arzuw edyarin. Bayramlarynyz gutly mubarek bolsun Toylarynyz toya ulassyn.!!
7
57
2
barlagcy
17.09.2021 15:11
Aglasam gam çeksem durmuş ýolunda,
Gelip gözden akan ýaşym syljakmy?
Gamlanamda bolup meniñ ýanymda,
Ýylgyramda ýylgyrjakmy güljekmi?
Asmanymy örtse gara bulutlar,
Ýaz gidip asmandan seçilse garlar,
Bütinleý unutsa ýakyn-ýaranlar,
Asmanymda Güneş bolup dogjakmy?
Söz berýäňmi? Söýgi sözlerim diýsem,
Gorarmyň bir ömür, sen deýin söýsem,
Señ mähriňden artyk bagt barmy eýsem?
Bütin ömür sylajakmy, söýjekmi?
Ýekesiränimde berermiñ eliň?
Men diýip urarmy mydam ýüregiñ?
Ejizlände seni söýen ýüregim,
Gussa-şatlygyňy deň paýlaşjakmy?
Eger bir gün señ törüňi bezesem,
Saña çyn şatlygy, çyn bagty bersem,
Ýagşy-ýaman günde ýanyñda bolsam,
Men bilen özüñi bagtly duýjakmy?
Alada, hysyrdy ýadatsa käte,
Kynçylyk, şowsuzlyk bolaýsa ýa-da,
Ýadawlygmy aýyryp bir salymda,
Söýgi sözleň bilen söýgülejekmi?
Bilbil Öwezowa
12
141
2
barlagcy
09.09.2021 16:29
Goý,galsyn arada biraz aralyk
Ýakynlaşsañ sylag tary üzüler.
Kalbyñy bütinleý açma maña hiç,
Has ýakynlañ göwni añsat düwüler.
Has ezizleñ añsat degýäs göwnüne,
Şonuñ üçin galsyn biraz aralyk.
Ýogsa,bir gün düşsek kinäñ duzagna,
Sap duýgular ejir berip ar alar.
Ruhy ýakynlyk has süýjüdir weli,
Göwün ga:lsa hassalanar ruhumyz.
Dünýäde sylagyñ hatyrasyna
Aralyk taryny üzmäli hergiz!
Kä gahardan ýeñlip,aşsam hetdimden
Aralyk ýol bermez saña ýeterne.
Sap duýgular goralmaly elmydam,
Aýralykdan gorar aralyk hernä.
Meñli AŞYROWA.
13
143
3
barlagcy
06.09.2021 23:08
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.
Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.
Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.
Bir gün geň galarsyň... Iki gün...
Üç gün...
Dördünji gün öwrenişer gidersiň.
Bäşinji gün biri alnyňdan çykar
Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.
Märekä baş egip, salam berýändir,
On adam barýandyr daşyny gallap.
Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,
Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.
Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —
Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...
Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,
Yzynda märeke,
Daşynda sakçy.
Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,
Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.
Bir gün geçer,
Iki... üç... dört gün geçer,
Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.
Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa
Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.
Soňkusy gün at diýseler eşege,
Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.
Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,
Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.
Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,
Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.
Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,
Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.
Berdinazar Hudaýnazarow
11
147
1
barlagcy
01.09.2021 19:52
Goý, ýazsynlar gussa çekýäň kän diýip,
Näme, ýürek kada garap durmaýar.
Serediň çalymtyl, beýikden-beýik
Asmany gulaçlap ötýär durnalar.
Güýz ýene endikli elleri bilen
Ýolupdyr şahadan ýapraklaň baryn,
Tankyt ediljegmi bilsem-de, ýene
Güýz bilen oturyp gussa çekýärin.
Bu gussa durlaýar, saplaýar meni,
Ähli geçenime nazar aýlaýan.
Seredip otursam, şeýle gussada
Geçen ýoluň görner eken has aýan.
Ýüregime ýassyk edip gussany,
Geçen hakda oňa sorag berýärin.
Her halda ýaşlygym güňläp geçipdir,
Men muňa sähelçe ökünmeýärin.
Günleriň şat gülküsini bölüşip,
Aglana teselli berip ýetişdim.
Aýly gije uly aýyň gaşynda
Aý jemally ýarym bilen öpüşdim.
Gördüm menem ýigrim bäşiň içinde:
Güýz gelýär — ýapraklar,
meýdanlar solýar»
Ýöne iň beýik zat: adam durmuşyn,
Kalbyny beýgeldýän eserler galýar.
Häzir bolsa, bu paýhasly güýz bile.
Ýumşak gussa çekýäs, sözsüz sözleşip.
Ýaşasyn adamyň hem tebigatyň
Arasynda güňläp duran sazlaşyk!
Gurbannazar Ezizow
10
190
3
barlagcy
27.08.2021 19:17
BELKI SEN ÝENE-DE GAÝDYP GELERSIÑ...
Giden ýollaryňa nazarym dikip,
Belki, sen ýene-de gaýdyp gelersiň?!
Hyýalym-da senli arzuwy ekip.
Belki, sen ýene-de gaýdyp gelersiň?!
Kerwen gurap gije girýäň, düýşüme,
Ýürek etmez gol urmaga işime.
Bu bolşuma ýöne däldir keýpine.
Belki, sen ýene-de gaýdyp gelersiň?!
Sensiz günleň ahy bilen göreşýän,
Gazap daraýan men hetdimden aşýan,
Men saňa garaşýan, saňa garaşýan,
Belki, sen ýene-de gaýdyp gelersiň?!
Çäresiz halyma duşmanlam güldi,
Gaýdyp gelersiň sen belkide indi,
Unutdy öýdäýme garaşýan şindi,
Belki, sen ýene-de gaýdyp gelersiň?!
Belkide gaýdarsyň, belkide güman,
Geljegim dowzahdyr, ýollarym duman,
Umydym üzmerin ölmän, garraman,
Belki, sen ýene-de gaýdyp gelersiň?!
Galan ömri senden özgä dözmerin,
Özgäň jemalyna göwün bermerin,
Men aýda bilmerin, diýe bilmerin,
Belki sen hiç wagt gaýdyp gelmersiň.
Gurbanmämmet MEREDOW.
9
130
4
Yene yükle