barlagcy
07.10.2021 19:46
Ir mahal ýazjakdym şujagaz şygry.
Emma tapylmady ýazmagyň ugry.

«Hordum, Gyzyl açdym. Diledim çörek...
Bu syry açmagyň möhleti gerek.

(Otuz ýaşa çenli wasp edip gülüň,
Çöregiň waspyna ýetdimi eliň!?

Kyrk ýaşyňa çenli sanap «Aýterek»,
Ýadyňa düşdümi dilenen çörek!?

Soň kapyýa gözläp Kosmosa, Hemra,
Belent işler bilen bolduň sen gümra.

Indi bir azajyk ýakynla ýere,
Çokaýyňy geý-de,
Pyýada ýöre!..)

...Oba, oba, oba, ýene-de oba.
Öýler meňzäp otyr agyr kitaba.

Hersinde müň putluk hasratly setir.
Başyňy ýaýka-da, oka-da otur.

Turbalardan çykar üýtgeşik tütün.
Ol tütün saçydy ýandagyň, otuň.

Gara bulutlara çolaşyp saçlar,
Öpüşýär. Dogulýar kümüş ýagyşlar.

Kümüşden dogulýar tylla dek çörek.
Onam front üçin ýollamak gerek.
...Oba, oba, oba, ýene-de oba,
Her niçik
aç ölmek
Bolmaz-a... toba!

On alty ýaşa-da ýetmänsiň entek,
Bererler ahyry bir döwüm tötek.

...Geçdim bir obadan. Ynha ikinji.
Agyr zat bor eken
Dileg çekinji.

Ýürek «Sowul!» diýýär, göwnänok aýak.
Beýni hem göwnänok...
Ýol bolsa uzak.

Ahyry ýüregmi bagladym daşa,
Ýaşa, açyk duran kepbejik ýaşa!

Sowuldym. Gap dulda sary gaýtarma.
Girdim. Garaşmady arzym aýdarma.
«Gel, jigi! Gel, jigi!» Görkezdi töri.
Baý, baý, kyn bor eken
Dilegiň täri...

«Wah-eý, wah-eý, wah-eý!»
Turdy syçyrap.
(Çişlerinden gaçdy ökjesiz jorap).

Gap böwre ylgady. Boş çykdy saçak.
Uýaldy. Ýygryldy meýdanly gujak.

«Nätsemkäm!?» Ellerin ýetirdi ýaka.
«Jigi, azajyk dur!» Ylgady gapa.

Esli salymdan soň dolanyp geldi.
Naýynjar seretdi: gözleri öldi...

Sesini çykarman,
Seretdi aşak.
Lebler pyşyrdady: «Goňşuda-da ýok...

...Girmese-de garna bugdaýdan çörek,
Ýanym bilen gitdi
Bugdaýdan ýürek.

Sag-aman gowşurdy barmaly ýerme...
...Ajyksam, Sen gyzy
Ýatlaýan herne.

Bir ýerde bardygyň bilsedim irden –
Günortana ýetmän barardym bärden...

Otuz ýyl... Ýaşyňam barandyr çene.
Bolansyň bireýýäm çal saçly ene.

Zyýany ýok. Menem çalsaçly ata.
Aklykda duşuşsak
Ajap bor gaýta.

Kerim Gurbannepesow
13
146
Melikee
7 Oktýabr 2021
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.