barlagc
21.04.2024 16:09
Nirede bolsamda nirä gitsemde
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez
Käÿarym iş bilen gözden ÿitsemde
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Ÿüregimde adyñ baryn unutma
Gursagymda oduñ baryn unutma
Nirde bolsañ bar ünjiñi unutda
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Ÿene barÿan syryp deniz ÿakasyn
Göÿä suw saklaÿar yşgyñ sakasyn
Kabul etmän söÿÿänleriñ ÿekesin
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez

Üzülmesin umyt monjugyñ belki
Umytlar asmandan inermiş ilki
Ÿyldyrym deÿ otly yşgym seniñki
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Algyr awçy ganat gerÿän bürgüt sen
Al janymy derdiñe derman eÿle sen
Diÿmezdim bu sözi eger söÿmesem
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Ogultäç Oraztaganows
15
54
barlagc
04.07.2023 19:12

Gije-gündiz gyrmyldap ýör aýalmyz,

Bize ýylgyrmaga degenok eli.

Biziň weli, başga ýerde hyýalmyz,

Başy boş dullara gowşurýas güli.


Göwnüňe bolmasa, şol dul aýalyň

Bu däli göwüne mähri kän ýaly.

Unudýaň ýagyşda buýup durýanyň,

Unudaýýaň oňatlygy käýarym.


Aýalymyz suwaryp ýör gülleri,

Ýuwýar, serýär çagamyzyň arlygyn.

...Bagta garaşýarys oň ýok günleri,

Bagtly günler duýamyzok barlygyn.


Gurbannazar Ezizow

14
76
barlagc
03.07.2023 14:18

Gülgüne güllerin ýaýan ýandakdan

Maý balynyň ysy gelip başlapdy.

Ädik geýen orakçylar bireýýäm

Hokgalaryn, çepeklerin taşlapdy.


Ýandaklykdan galan körpe gumrular

Uzakda bir ýerde ganat kakyşdy.

Işe täze gelen iki ýaş gelin

Syrly ýylgyryşyp çawuş çakyşdy.


Senem işläp ýördüň golaýjagymda, Ýylgyrdyň, ganat deý ýaýyldy gaşyň.

Şonda seni bagra basasym geldi Dyzmaçlygy bilen on alty ýaşyň.


Ýada salýan, ak ýaglygyň seçegni Sypalapdym çöp üstüne taşlaňda.

Duýdum çagalygym, duşdan geçenňi, Gelinler syryny gizläp başlanda.


Atajan Annaberdiýew

8
33