barlagc
21.04.2024 16:09
Nirede bolsamda nirä gitsemde
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez
Käÿarym iş bilen gözden ÿitsemde
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Ÿüregimde adyñ baryn unutma
Gursagymda oduñ baryn unutma
Nirde bolsañ bar ünjiñi unutda
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Ÿene barÿan syryp deniz ÿakasyn
Göÿä suw saklaÿar yşgyñ sakasyn
Kabul etmän söÿÿänleriñ ÿekesin
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez

Üzülmesin umyt monjugyñ belki
Umytlar asmandan inermiş ilki
Ÿyldyrym deÿ otly yşgym seniñki
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Algyr awçy ganat gerÿän bürgüt sen
Al janymy derdiñe derman eÿle sen
Diÿmezdim bu sözi eger söÿmesem
Meni öz ÿanyñda hasap edip gez.

Ogultäç Oraztaganows
15
52
barlagc
21 Aprel 2024
Bolyan anyk bilmamson yazmadym awtory@okyyjy,
barlagc
21 Aprel 2024
Son un kan giremok @Relax,
barlagc
21 Aprel 2024
@Relax, Howa onki profilim alyp bilmedim yitdi
Relax
21 Aprel 2024
siz öñki barlagçymy?
okyyjy
21 Aprel 2024
Awtor ady paýlaşylsa gowy bolardy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.