babamyrat
23.11.2019 08:43
GYŞ
Synlaýan, synlaýan belendi-pesi,Gözüm gidýär, dostlar, akja düşege.Ýel bilen sowrulýan garyň tozgasyÝerden göge uçýar, kökden aşaga....Salam, saňa pasyllaryň baýrysy,Ak içmekli, ak sakally, gyş aga.Keşt edip geldiňmi ýene düzüme,Gutly bolsun seniň ajasp seýranyň,Ýöne bir zat diýjek göni ýüzüňe,Köp wagt bäri men-ä seniň haýranyň.Gojalsaň-da saç -sakalyň agaryp,Ýigrimbäşiň dälisi dek görküň bar.Tapdan düşüp galmaýarsyň gugaryp,Ýüregiňde hyjuwyň bar, erkiň bar.Keşt edýäň, aýlanýaň depe-düzleri,Hiňlenjiräp göreş tutýaň ýel bilen.Köp görensiň biz dek ogul –gyzary,Gidişýärsiň asyr bilen, ýyl bilen.Diňeýüreginde ot bolan adam
Wagt öňünde başyn egmez aşaga....Seniňki dek şeýle täsin garrylyk,Goý hemmä-de nesip etsin gyş
16
86