babamyrat
22.11.2019 19:55
Söýmeseň-de alabahar Şol gözele duşanymda şu gezek:-Sözüm diňle –diýdim.-Sözlegin –diýdi. Diýdim: –Gülüm, beýle örteme uzak.-Gülüňi daşrakdan gözlegin –diýdi.Diýdim: -Sen görküsiň ähli gülleriň.-Sen nämeler diýýäň, goý, oglan –diýdi.Diýdim: -Sagym sagýan akja gollaryň...-Diýjegiňi açygrak diý, oglan –diýdi.-Sen meni söýermiň, perizat –diýdim.Gyz ýaýkap başyny: -Söýmerin –diýdi.Bu ýöne bir söýgi däl, bu bir ot –diýdim,Gyz çytyp gaşyny –Köýmerin –diýdi.Diýdim: -Ýürek joşýar misli bir derýa,Gyz oýnap saçyny: -Ýüzmerin –diýdi.Diýdim: -Bar umydym inçelip barýa,
Gyz dişläp dilini:-Üzmerin –diýdi
14
127
Myhman
28 Noýabr 2019
govy
Myhman
24 Noýabr 2019
yryp bilipdir?
babamyrat
23 Noýabr 2019
bar umydym inçelip barýar
gulshatayewa97
22 Noýabr 2019
bar umydym üzülip barýa*
Myhman
22 Noýabr 2019
Haha yrdy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.