babamyrat
05.01.2020 10:11
BAKSA GÖZLERIŇ
Nazlije nazaryň galtaşan wagty,
Süňňümi gowşadýar, baksa gözleriň.
Ömre wada berip tükenmez bagty,
Gülzara ogşadýar, baksa gözleriň.
Kalpda yşkyň ody başlaýar köräp,
Dünýä şeýle jady gördümi, döräp?!
Burk urýar bägüller, başlaryn yrap,
Sen taýa yşk edýär, baksa gözleriň.
Şeýle syrly, beýle enaýy bakýar,
Päk duýgular kalbyň törüne çökýär,
Göwün bolsa, dagyň başyna çykýar,
–Asmanda joş edýär, baksa gözleriň.
Beýle gudrat gaýtalanmaz, döremez,
Kim aýdypdyr: «Baksa, daşlar eremez»?!
Göwün galkar, aýak welin, ýöremez
Ýaşymy ýaş edýär baksa gözleriň.
awtory :babamyrat
14
588
babamyrat
03.01.2020 10:25
Gyzgyn söýgi, mähir küýseýär ýürek,
Ýekelikde ömür haýp, biderek,
Ýyldyzlara uçrap, ýitirdim Aýym.
Gözlerime garap, okasyn duýgym,
Ýüregniň töründe gül açsyn söýgim,
Mährewsiz, wepasyz dünýäden doýgun,
Naharym doňupdyr, sowapdyr çaýym.
Dünýä maňa taýym bilen gyzykly,
Ýokarym uzakdyr, daşym çyzykly,
Ýeller ýaly, ýar ýolunda tezikdim
Hem ýar ylgawuna boldum men gaýym.
Gül ýüzünde hergiz görmäýin ünji,
Ýekeje ýylgyrşy dünýäniň genji,
Belki, şirin janym bersem söýünji,
Täzeden jan geler –görsem humaýym...
Sadaja sen, pes päl, naşyja dörän,
Meň üçin hormatyň belentdir örän,
Ýumşak gylygyňa aşykdyr gören,
Sypaýy gülşüňi, bolşuň haladym.
Durmuş agyr, sen günüňden nalaňok,
Ýalan sözi, gep-gybaty halaňok,
Halallykdan başga zady bileňok,
Göwnüň näzik, päkligini haladym
awtory :babamyrat
15
679