Balyk üçin gurlan tora ýabany ördek düşýär. Awuny iýmäge taýýarlanýan mör möjekler edil yzynda özüni ýuwutmaga çemelenip duran guşdan bihabar. Islendik mekirligiň garşysyna başga bir mekirlik tapylýar. Bolup geçýän her bir waka geljekde bolmaly näbelli ahwalatlary alyp barýar. Şeýle ýagdaýda öz bilimiňe hem payhasyna bil baglap bolarmy?