babamyrat
06.11.2019 19:29
Hakyky söýginiň
Şony nika
Dowamy bagt
Gulkisi perzent

Ýürek sözleri
12
97
babamyrat
05.11.2019 19:21
Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra, Olaň güni başyňyza düşmesin! Ýöne welin, eý, erkana aşyklar, Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin. Men akyl bermekçi bolamok size, Men akyl bererden entek juda ýaş. Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr, Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş. Şasenem-Garyba meňzäň diýemok, Olaryň takdyry düşmesin başa! Ýöne azat söýgüde-de synag bar — Äsgermezlik eden çeker endişe. Hemme zat üýtgeýär dünýäň ýüzünde, Aşyklaň kanuny üýtgänok diňe: ...Wepadar bol — maňa ýar boljak bolsaň, Ine, merdanalyk diýerler muňa! Ot ýaly oglanlar öňüňden çykar, Gözleri ataşdyr, sözleri şeker. Üç gezek bükülip dyzyna çöker — Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç! Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde, Ýalan sözem bardyr entek dünýäde. Baýramda, ballarda ýary sal ýada, Başgalaň ýanyndan başga bolup geç! Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn, Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn. Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn — Ýere bakma, ile nazar salyp geç!.. Goý, mukaddes kasam bolup ýaňlansyn, Ýaryň ýaňagyndan alnan ogşuklar. Bir-birine berçinlensin kalbyňyz, Bagtly boluň, bagtly boluň Aşyklar!
11
95
babamyrat
05.11.2019 08:26
Gowy, gowy zatlary
Görseň ýürek ýylynýa,
Görmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Bu dünýäde aglanýa,
Bu dünýäde gülünýä,
Gülmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözi ýaşlyny görsem,
Ýürek-bagrym dilinýä.
Dilinmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Kişä ýagşylyk etseň,
Ýagşy sözler diýilýä.
Diýilmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Biri dünýäden gitse,
Ýene biri dogulýa.
Dogulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözüň bilen görülýär,
Ýürek bilen duýulýa,
Duýulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
8
140
babamyrat
05.11.2019 08:20
Dünýä öter, baryp-geleniň galar.
8
56
babamyrat
04.11.2019 19:23
Dostlarym, duşman biliň,
her kimsede bardyr çilim.–
Ile mahub eýlemäň,
bir lagnaty kärdir çilim,
Sözleýen haly demi
bir apyýy mardyr çilim,
Tartar özün özüne,
owsunçy zeňgardyr çilim,
Nirde bolsa pasykylar,
ortada bardyr çilim.
8
70
babamyrat
03.11.2019 12:09
Bir ýalňyşyny ikinji gezek gaýtalamaýan iň gowy ynsandyr.kör hasasyny bir aldyrar
8
98
babamyrat
03.11.2019 07:00
Gowy ynsan bol! Muny subut etmek uçin wagt ýitirme.
9
73